21.2 C
Aşkabat
01.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da kämilleşdirmek, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döretmek, ilatymyzyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň öndüriji güýçlerini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy, şeýle hem şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meiýlnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleri durmuşa geçirmek, suw üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak hem-de bu pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.   Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligine suw göterijileri, elektrik hereketlendirijileri, transformatorlary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Eýran Yslam Respublikasynyň “Irak Tejaret Arian co.”  Kompanýiasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ereşow Batyr Narkulyýewiçe käýinç yglan edildi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Polşanyň Arasynda Konsullyk Meseleleri Boýunça Ikitaraplaýyn Geňeşmeleri Geçirildi

turkmenhabargullugy

BİLDİRİŞ

syrach

Sokağa Çıkma Kısıtlamasında İl Göç İdaresi Müdürlükleri Çalışır mı?

turkmenhabargullugy