29.3 C
Aşkabat
20.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň Şweýsar toparyna girýän ýurtlar bilen ykdysady-hojalyk gatnaşyklary babatda netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň Şweýsar toparynyň ýerine ýetiriji direktorlarynyň şol Topara girýän ýurtlardan dolandyryjylaryň 2011-nji ýyldaky nobatdaky aralyk duşuşygyny Türkmenistanda geçirmek baradaky teklibini goldap, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda 2011-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň Şweýsar toparyna girýän ýurtlardan dolandyryjylaryň 2011-nji ýyldaky nobatdaky aralyk duşuşygyny “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek bellenildi. Türkmenistanyň Merkezi bankyna, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine, Balkan welaýatynyň häkimligine hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitete Duşuşygy talaba laýyk guramak hem-de ýokary derejede geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda dünýä derejesinde döwrebap gurlan saglygy goraýyş desgalarynyň nobatdaky toplumyny işe girizmek we olary netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türrkmenistanyň Preidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi we Şikesleri bejeriş halkara merkezi döredildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Sary Karanow adyndaky Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi, Aşgabat şäher Trawmatologiýa we gaýragoýulmasyz hirurgiýa hassahanasy hem-de Maýyplaryň saglygyny dikeldiş merkezi bellenen tetripde ýapyldy. Göz kesellerini bejeriş halkara merkezini we Şikesleri bejeriş halkara merkezini Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyna bermek bellenildi. Şeýle hem resminama laýyklykda Göz kesellerini berejiş halkara merkezi Sary Karanow adyndaky Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň, Şikesleri bejeriş halkara merkezi bolsa, Aşgabat şäher Trawmatologiýa we gaýragoýulmasyz hirurgiýa hassahanasynyň hem-de Maýyplaryň saglygyny dikeldiş merkeziniň hukuk oruntutarlary diýlip kesigtlenildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri Garlykda Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumy Açdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk Gününe Bagyşlanylan Foruma Gatnaşyjylary Gutlady

Pagta ýygymy möwsüminiň ilkinji öňdebaryjylary.

syrach