24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Döwlet Sapary Bilen Ugraýar

11-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet sapary bilen ugraýar. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylary bilen ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer, şeýle hem VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşar.

Türkmen Lideriniň dünýä möçberindäki foruma çagyrylmagy suwy netijeli peýdalanmak meseleleri boýunça sebit we halkara gatnaşyklaryny ýola goýmaga ägirt uly goşant goşýan Türkmenistanyň abraýynyň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şol meseleler boýunça ýurdumyz soňky ýyllarda giň goldawa eýe bolan möhüm teklipler bilen çykyş etdi. Bu forum Koreýanyň Tegu şäherinde dünýäniň ençeme döwletleriniň we hökümetleriniň baştutanlaryny, şeýle hem iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny ýygnar. 

Şol başlangyçlaryň awtory — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji aprelde açylýan, «Suw biziň geljegimiz» diýen şygar astynda geçirilýän Bütindünýä forumyna gatnaşmagy suwy aýawly saklamak boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirýän Türkmenistanyň baş tejribesine aýratyn üns berilmeginiň nyşany bolup durýar. Döwlet syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde agyz suwy zawodlary, iri suw arassalaýjy hem-de suwaryş desgalary guruldy hem-de gurulýar, döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ulanylýar, ylmyň hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesiniň gazananlary ornaşdyrylýar, tebigy we emeli suw howdanlarynyň ekologiýa taýdan arassalygyny goramak boýunça  uly işler alnyp barylýar. Garagum çölüniň merkezinde şor-zeý suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy asyryň ägirt uly taslamalarynyň biri diýlip ykrar edildi. Ol diňe ýurdumyzyň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin oňyn netije berer. 

Häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňaýly, özara kabul ederlikli çözgüdini gözläp tapmak Türkmenistanyň ençeme ýurtlar, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Bu dostlukly döwlet  türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmäge uly goldaw berýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde türkmen-koreý gatnaşyklary meselelerine aýratyn üns bermek bilen, şol gatnaşyklaryň giňelýändigini, şeýle hem dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanmak bilen belledi. 

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn Heniň geçen ýylyň tomsunda ýurdumyza amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-koreý duşuşygy döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň strategiki ugurlaryny we mazmunyny kesgitläp, iki dostlukly ýurduň hem-de halklaryň ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmäge tarap ugra ygrarlydygyny tassyklady. 

Soňky ýyllarda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly esas hökmünde syýasy gepleşikleri geçirmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Şol hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň ägirt uly serişde we ykdysady kuwwatyny nazara almak bilen uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar.

Koreýanyň belli kompaniýalarynyň milli we sebit ähmiýetli möhüm taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagy koreý hyzmatdaşlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge uly  gyzyklanma bildirmeginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Şunuň bilen baglylykda, 19-njy martda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasy we Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasy tarapyndan guralan türkmen-koreý işewürler maslahatynyň üstünlikli geçirilendigini ýatlasak ýerlikli bolar. Bu işewür duşuşyk Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan  giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Muňa söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça  hökümetara türkmen-koreý toparynyň işi köp babatda ýardam edýär. Onuň nobatdaky mejlisi türkmen Lideriniň saparynyň öňýanynda Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda geçiriler.

Döwletara gatnaşyklaryna täze depgin bermäge bolan özara isleg gol çekilmäge taýýarlanýan resminamalarda hem öz beýanyny tapar. Olar hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňeldip, iki dostlukly ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, özara gatnaşyklarynyň nobatdaky ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

Seulda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri köp ýyllyk netijeli gatnaşyklaryň çäklerini ep-esli giňeldip, döwletara, şol sanda  Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman  sebitiniň ýurtlary bilen sazlaşykly ösýän gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda hil taýdan täze tapgyr üçin başlangyç nokada öwrüljekdigi şübhesizdir. 

Degişli makalalar

Atavatan – Türkmenistan Halkara Žurnaly ertir.com Saýtynda

syrach

Döwlet aýlawynda nobatdaky at çapyşyklary geçirildi

syrach

Türkmenistanyň DIM-de Hazar Deňzinde Ylmy-Barlaglary Geçirmek Hakyndaky Ylalaşygyň Taslamasy Ara Alnyp Maslahatlaşylýar