22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi Geňeşi 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan Oba hojalyk ministrligine, “Türkmengallaönümleri”  döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň hem-de Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk, Serdarabat, Saýat, Garabekewül we Halaç etraplarynyň daýhan birleşiklerinde önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

*** 

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda”  bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny talaba laýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen hemrasy”  ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine – esaslyk maýadaky paýy 99 göterim, Ministrligiň “Türkmentelekom”  döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasyna – esalyk maýadaky paýy 0,5 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi. 

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine “Türkmen hemrasy”  ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi boýunça bilermenleriň nobatdaky halkara duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2015-nji ýylyň 21-23-nji apreli aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde gulluk iş saparynda bolar. 

Degişli makalalar

Ýiti Respirator Wirusly Ýokanç Keselleriň Öňüni Almak Boýunça BSGG-niň Maslahatlary

Prezidentimiz Paýtagtymyzy Ösdürmek Maslahatyny Geçirdi.

syrach

«Türkmenhimiýa» Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär

turkmenhabargullugy