24.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Rumyniýa ugrady. Aşgabadyň halkara aeroportynda döwlet Baştutanyny Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary we beýleki resmi adamlar ugratdylar.

Bu resmi sapar eýýäm türkmen Lideriniň Rumyniýa ikinji saparydyr. Biziň döwletlerimizi dostluk we netijeli gatnaşyklar birleşdirýär. Öňde boljak ýokary derejedäki gepleşikleriň gün tertibine soňky birnäçe ýylda täze sepgitlere ýeten däp bolup gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň ençemesi giriziler. Türkmenistan we Rumyniýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge hem-de biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge taýýardyklary babatynda bir pikire gulluk edýärler.

Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Buharest şäheriniň iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen “Genri Koande” halkara aeroportynda gondy. Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we işewürlik gurşawy ministri jenap Ion Ariton, Rumyniýanyň Prezidentiniň protokolynyň ýolbaşçysy hanym Delia Dinu hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar. Şu ýerde howa menzilinde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy rumyn ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary mähirli garşyladylar.

Iki gapdalyna hormat garawulynyň esgerleri düzülen haly ýodajyk bilen Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we işewürlik gurşawy ministriniň ugratmagynda resmi delegasiýalar zalyna bardy. Şol ýerde gysgaça söhbetdeşlik boldy.

Aeroportdan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar döwründe özi üçin bellenilen “Willa Lak 2” kabulhanasyna ugrady.

Ertir “Kotroçen” Prezident köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň arasynda duşuşyk bolar hem-de nobatdaky ýokary derejeli türkmen-rumyn gepleşikleri iki ýurduň hökümet delegasiýalarynyň gatnaşmagy bilen giňeldilen düzümde geçiriler. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we ony özara bähbitli hyzmatdaşlyga häzirki döwrüň ýagdaýlaryna, sepgitlerine çykarmak maksady bilen yzygideri hem-de köptaraplaýyn ýagdaýda ösdürmegiň mümkinçilikleri taraplaryň üns merkezinde bolar. Şeýlelikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhmedowyň Rumyniýa şu gezekki resmi sapary türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň-ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde hemmetaraplaýyn berkidilmegine we işjeňleşdirilmegine, konstruktiw gepleşikleriň ösdürilmegine gulluk etmeklige gönükdirilendir. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ozal habar berlişi ýaly, ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň şu gün bu ýerde başlanan ikinji mejlisi türkmen döwletiniň Baştutanynyň Rumyniýa saparyna gabat geldi. Oňa gatnaşmak üçin biziň ýurdumyzdan wekilçilikli topar Buhareste bardy. Taraplaryň arasynda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmakda, hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmekde, tagallalaryň özara bähbitli gatnaşyklara ugrukdyrylmagy üçin pudaklaryň sanawyny has hem giňeltmekde bu toparyň işine uly ähmiýet berilýär.

Gürrüňi dowam etdirmek bilen türkmen Lideriniň resmi saparynyň maksatnamasynyň örän baýdygyny bellemek gerek. Ýokary derejedäki gepleşiklerden başga-da ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi göz öňünde tutulýar, olaryň hatarynda Rumyniýanyň Premýer-ministri, şeýle hem Senatyň Başlygy we ýurduň Parlamentiniň deputatlar Palatasynyň Başlygy bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Saparyň jemleýji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň rumyn işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary bilen Ýewropada meşhur bolan işewür ertirlik nahary görnüşinde geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Rumyniýada bolmagynyň çäklerinde bellenilen medeni maksatnama laýyklykda Ýewropadaky açyk asmanyň astynda ýerleşen etnografiki muzeýleriň iň irileriniň we gadymylarynyň biri bolan Dmitriý Gusti adyndaky oba Milli muzeýine baryp görmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi tötänleýin däldir: türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek babatynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem muzeý işini ösdürmek hem-de şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen mäkäm gatnaşygy ýola goýmakdan we özara bähbitli tejribe alyşmakdan ybaratdyr.

Bir söz bilen aýdylanda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny netijeli işjeňleşdirmek üçin hemme şertler bar. Onuň mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigini biziň döwletlerimiziň konstruktiw syýasy gepleşikleri dowam etdirmek, däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryny berkitmek we taraplaryň bähbitlerine laýyk hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky üýtgewsiz meýilleri hem muny aýdyň tassyklaýar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Milli Liderimiziň Daşary Syýasat Başlangyçlarynyň Ugry Bilen

syrach

Goraghana Goragy

Döwrüň Ählumumy Wehimlerine Garşy Hereket Etmekde Tagallalary Birleşdirip

syrach