18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistan Owganystana Goldaw Bermäge Toplumlaýyn Çemeleşýär

Şu gün türkmen-owgan dostluk gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna nobatdaky şanly sahypa ýazyldy — Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan 500 orunlyk metjidiň we bu ýerden geçýän demir ýoluň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekillerinden düzülen topar bu ýerde guralan dabara gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň konsullygyna Mazari-Şerif şäherinde Owganystanyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO” gurluşyk kompaniýasy bilen metjidiň gurluşygy boýunça şertnamany baglaşmak tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz resminama gol çekmek bilen Türkmenistanyň mundan beýläk-de goňşy ýurda hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigini aýtdy.

Dostlukly ýurda yzygiderli esasda ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda 2018-2020-nji ýyllar üçin medeni-ynsanperwer kömegini bermek boýunça Maksatnama taýýarlandy. Ol birnäçe çäreleri, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, söwda merkeziniň, çaga dogrulýan öýüň açylmagyny, ynsanperwer kömegini ugradylmagyny öz içine alýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna bu ýurtda eýýäm Saglyk öýi we mekdep guruldy.

2020-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýän metjidiň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan şu günki waka ýokarda agzalan Maksatnamanyň durmuşa geçirmekde uly ähmiýetli çäreleriň biri boldy.

Metjidiň we goňşy ýurtda çekiljek demir ýoluň gurluşygynda täze tehnologiýalar, binagärligiň oňyn çözgütleri, şol sanda desganyň bezeg işinde özboluşly serişdeler ulanylar. Metjidiň binasynyň toplumynda sadakalary we beýleki dessur çärelerini geçirmäge niýetlenen bina, awtoduralga göz öňünde tutulandyr. Desganyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar.

Farýab welaýatynyň, Daşary işler ministrligiň ýolbaşçylary, dini işgärler, jemgyýetçilik wekilleri hem-de köpsanly ýaşaýjylar Türkmenistandan gelen myhmanlary mähirli garşyladylar, olaryň hatarynda Mejlisiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular bar.

Parahatçylyksöýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan ýurdumyz Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine önjeýli goşant goşýar. Türkmenistan dostlukly döwlete döredijilikli durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmaga ägirt uly goldaw berýär. Elektrik energiýanyň we suwuklandyrylan gazyň ýeňillikli baha bilen ugradylmagy, öz serişdeleriň hasabyna durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurulmagy, owgan ýaşlaryna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim berilmegi we goňşy ýurduň ilatyna ynsanperwer ýükleriň yzygiderli ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, sebitiň parahatçylyk dörediji ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan daşary syýasat ugrunyň esasyny düzýän parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ygrarlydygyny nobatdaky gezek ykrar etdi. Çykyş edenler Owganystanyň hökümetiniň we halkynyň adyndan doganlyk kömegi, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna berýän yzygiderli goldawy üçin döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, goňşy döwletdäki ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagyny esasy ugur edinýän Türkmenistan Owganystanyň ykdysadyýetiniň we durmuş düzüminiň dikeldilmegine gönükdirilen anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Şeýle hem Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny öňe sürýär.

Şu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistan we Owganystan Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde ýygjam gatnaşyk etmek bilen, terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga we halkara bileleşigine howp salýan häzirki zamanyň beýleki wehimlerine garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalara goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Oňa gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň we tutuş sebitiň abadançylygyna gönükdirilen bu energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Ulag aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem ähmiýetli bolup durýar. Bu ugurda bolsa ägirt uly mümkinçilikler bar. Bitarap Türkmenistan hoşniýetli gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, parahatçylygy we durnuklylygy saklamak üçin amatly şertleri üpjün edýär we sebitiň ýurtlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhüm şertini emele getirýär. Munuň özi birnäçe ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen berkidilýär. Bu işlerde Türkmenistanyň milli bähbidi goňşy döwletleriň, tutuş Aziýa sebitiniň sazlaşykly ösüş talaplary bilen utgaşýar.

Şunlukda, gürrüň Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy barada barýar. Kerki — Ymamnazar — Akina täze demir ýol ulgamy 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.

Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça we sebitleýin hem-de ählumumy ulgama goşulmaga gönükdirilen iri möçberli taslamanyň ägirt uly durmuş-ykdysady bähbidiniň boljakdygy gürrüňsizdir. Geljekde bu ulag geçelgesi Hytaýyň demir ýol ulgamyna, onuň üsti bilen bolsa Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň çalt depginlerde ösýän döwletlerine çykar. Şeýlelikde, bu polat ýol sebitara we halkara möçberdäki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülen we ol taslama gatnaşyjy ýurtlaryň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyny işjeňleşdirer.

Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmäge, özygtyýarly ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen bu ýol möhüm halkara geçelgä öwrüler. Onuň esasy maksady sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekden ybarat bolup, millionlarça adamlaryň bähbidine, ählumumy parahatçylyga we abadançylyga gulluk eder.

Şu gün metjidiň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soň, dabara gatnaşyjylar Akina demir ýol bekedini ösdürmek maksady bilen uzynlygy 10 kilometr bolan goşmaça demir ýol şahasynyň düýbüni tutulýan ýerine geldiler. Şu gün Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Ymamnazar demir ýol bekedinden gurluşyk serişdeleri ýüklenen demir ýol düzümi goňşy ýurda tarap ýola düşdi. Demir ýol wagonlaryna metjidiň gurluşygynda we täze demir ýoluň çekilmeginde zerur materiallaryň dürli görnüşleri bar. Iki goňşy ýurduň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini äşgär edýän bu waka mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Ikitaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, bu polat ýoly hem soňky ýyllarda bu ugurda baý tejribe toplan türkmen gurluşykçylary çekerler, olar häzirki wagtda bu demir ýoluň guruljak ýerini tekizlemek işlerine girişdiler.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň hünärmenleriniň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystanyň Turgundy bekedine çenli uzynlygy 13 kilometre deň bolan demir ýoluň durkuny täzeländiklerini bellemek gerek. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde bekediň goýberijilik mümkinçiligi artdy, onuň Owganystanyň haryt dolanyşygynda ähmiýeti ýokarlandy, Owganystanda öndürilýän önümleri halkara bazarlaryna çykarmaga, şeýle hem bu ýurda amatly ýol bilen, şol sanda Hazaryň üsti bilen daşary ýurtlardan harytlaryň getirilmegine mümkinçilik döredi. Bu ulag geçelgesi Owganystany Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty bilen birleşdirip, deňziň üsti bilen Azerbaýjana, Gruziýa, Türkiýä we Ýewropa döwletlerine çykmaga mümkinçilik açdy.

Dabara gatnaşan ildeşlerimiz demir ýolçularyň bu şahany bellenilen möhletde çekmek üçin ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryny nygtadylar. Goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde, daşary söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde täze mümkinçilikleri açjak bu desga ulag düzüminiň ösüşini şertlendirer.

Soňra geçirilen maslahata gatnaşan iki ýurduň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bu wakanyň Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek meselelerine möhüm üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny nygtadylar. Sebitiň ýurtlaryny diňe bir geografiki taýdan ýakynlyk, çuň taryhy kökleriň, medeniýetiň we däpleriň umumylygy däl, eýsem, özara ykdysady bähbit, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalar baglanyşdyrýar.

Bu ýere ýygnananlar Owganystanda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça amala aşyrýan energetika we ulag-aragatnaşyk, durmuş ulgamlaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly umyt bildirilýändigini nygtadylar we onuň tutuş sebitiň ösüşine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegine yzygiderli kömek-goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar we owgan halkynyň türkmen halky bilen gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini aýtdylar.

Şeýlelikde, şu günki wakalar Türkmenistanyň geljekde hem doganlyk Owganystanyň abadançylygynyň we ösüşiniň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we sebitde ösüşiň bähbidine şeýle uly ähmiýetli we zerur başlangyçlara işjeň gatnaşmaga üýtgewsiz taýýardygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.

Degişli makalalar

Araly Halas Etmegiň Döwletara Toparyň Mejlisi

syrach

Keçe Taýýarlamak Boýunça Geçirilen Bäsleşigiň Jemleýji Tapgyry Geçirildi

syrach

Hazarýaka Döwletleriniň Prezidentleri Astanada, DIM-leriniň Ýolbaşçylary Aşgabatda Ýygnanyşarlar