21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SAGLYK

Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi

Döwlet Baştutanymyzyň ýörite Permany bilen dynç güni diýlip yglan edilen bu güni Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Saglyk ýolunyň başlanýan ýerindäki giň meýdança has-da köp adamly boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen ýaşlar, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, halk köpçüligi hem-de köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Türkmen gyşynyň mylaýym güneşi bu pasylyň özboluşly görküne beslenen dag eteklerine, degrelerine ajaýyp gözellik çaýdy.

Her bir pursatda sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň wagyz edilmeginiň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyz şu gün bu ýerde ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 15 ýyllygynyň hormatyna geçirýän «Arkadagly azat ýurtda bagtyýardyr sagdyn nesil» atly medeni-köpçülik, sport çäresine gatnaşdy hem-de Saglyk ýoluny geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş aladasynyň milletiň ruhy galkynyşyna, ösüp gelýůän ýaş nesliň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilendigini bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Milli Liderimiziň berkarar edýän täze eýýamynda bedenterbiýe we sport ýaş ýigitler we gyzlar üçin durmuşyň kadasyna öwrüldi we olarda ruhubelentligi kemala getirmäge, okuwda, işde saýlap alan hünäri boýunça kämillik derejesine ýetmäge ýardam berýär. Şu günki geçirilen çärä ýaşlaryň köpçülikleýin gatnaşmagy hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda giňden goldaw tapýandygynyň alamatydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow berkarar edýän täze Galkynyş eýýamynda amala aşyrýan beýik işlerini, bagtyýar ýaşaýşa gönükdirilen ägirt uly tutumlaryny, il-ýurt bähbitli mukaddes aladalaryny mähriban milletine bagş edýär, özüniň asylly tagallalary bilen halkymyzy gün kimin çoýýar, mährini mähriban milletine paýlaýar. Milli Liderimiziň Saglyk ýoluny geçen pursaty Günem öz nuruny bolluk bilen eçildi, edil ýazyň howasy ýaly boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Saglyk ýoluna barmagy we ony geçmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygy baradaky aladany mydama ileri tutýandygyna şaýatlyk edýär. Köpetdagyň gerişleri boýunça çekilen, täsin tebigy gözellikler bilen gurşalan bu pyýada ýol aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň uly höwes bilen dynç alýan ýeri bolup durýar. Adamlar bu ýerde dag gerşine çykyp, türkmen tebigatynyň täsinliklerini, gözel görnüşini synlamak, wagtlaryny hoş geçirip, dynç almak üçin gelýärler.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň berkarar edýän täze eýýamynda başy başlanan özgertmeler syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen, sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzyň raýatlarynyň ruhy hem beden saglygynyň, döredijilikli zähmetiniň täze belentliklere ýetmekdäki aýdyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmak bilen, milli Liderimiziň «Sagdyn bedende sagdyn ruh» diýen ýörelgäni Watanymyzyň ruhy tuguna öwürmegi ýaş neslimiz üçin hakyky mekdep bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz özüniň şahsy göreldesi bilen her bir işde, köpçülikleýin sport çärelerine gatnaşmakda ýurdumyzyň ýaş nesillerine nusga bolarlyk ýörelgäni durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz saglyk ýoly boýunça ýöriş edip, birnäçe kilometre uzap gidýän aralygy ruhubelentlik bilen geçdi, özem ýüzugra ýoluň käbir ýerlerini ylgap geçdi. Ýeri gelende aýtsak, ýolugra milli Liderimiz saglyk ýolunyň ýagdaýy we onuň daş-töweriginiň täsin tebigaty hem-de abadanlaşdyrylyşy bilen içgin gyzyklandy. Bu ýerde döwlet Baştutany paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna, Saglyk ýolunyň ýagdaýyna jogap berýän degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sporty mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ýadawsyz alada edilmelidigine, Saglyk ýolunyň hemişe nusgalyk derejede saklanmalydygyna, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, ýoluň ugrunda ekilen baglara ideg edilişine ünsi çekip, bu işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny, arassaçylyk kadalarynyň yzygiderli berjaý edilmelidigini talap etdi.

Ajaýyp dag gerişiniň ugry boýunça çekilen Saglyk ýoluna çykaňda onuň etegi bilen ýaýylyp gidýän görnüşleri synlamak bolýar. Jana şypaly dag howasy, tebigatyň täsin we gözel görnüşleri göwnüňi göterýär, ruhuňa kuwwat berýär. Saglyk ýolunyň ugrunda we daş-töwereginde oturdylan arçalar bu ýerleriniň tämiz howasynyň ýakymyny artdyrýar, dag etek ýaýlalaryna gözellik çaýýar. Bu ýerde sergin türkmen gyşynyň salkyn howasynyň ýaraşykly ýazy ýatladýan alamatlary bilen sazlaşygyny duýmak bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Arkadagly azat ýurtda bagtyýardyr sagdyn nesil» atly medeni köpçülik we sport çäresine gatnaşmagy hem-de Saglyk ýolundan geçmegi döwlet Baştutanynyň dünýä ýüzünde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde aýdyň görelde bolýan milli Lider hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimizi Saglyk ýolunyň düşülýän ýerindäki giň meýdançada ýaşulular hem-de ýaşlar uly şowhun bilen mähirli garşyladylar. Bu ýer baýramçylyk lybasyna beslenip, uludan tutulan toýy ýatladýar. Meýdançada döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, aýdym-sazyň owazy belent ýaňlanýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýaşulular we körpe nesil bilen mähirli salamlaşdy we olar hormatli Prezidentimize ýurdumyzda sporta uly üns berip, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň artykmaçlyklaryny birsyhly görkezip, ýaşlara görelde bolýandygy üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Milli Liderimiz bu ýerde ýaşulular hem-de körpeler bilen ýadygärlik surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunda ýöriş edenlere bu beden hem ruhy sagdynlygyň çäresine gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk, egsilmez ruhubelentlik we üstünlik arzuw etdi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan Saglygy Goraýyş Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygynyň Täze Ugurlarynyň Başyny Başlaýar

syrach

Göz Keselleri Ylmy-Kliniki Merkezinde Ilkinji Operasiýalar Şowly Geçdi

DIM-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi

turkmenhabargullugy