15.9 C
Aşkabat
19.05.2024
SAGLYK

Halkyň saglygy-ýurduň baýlygydyr.

“Halkyň saglygy-ýurduň baýlygy” diýen çuň manyly halk pähimi häzirki wagtda Türkmenistanda sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Eýýäm gurlan we häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan dünýä derejesindäki köp sanly sport desgalary, XXI asyryň iri taslamasy bolan Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň ýokary depginleri muňa şaýatlyk edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp eýýäm ikinji ýyl Türkmenistanda geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň uly ähmiýeti bardyr. Bu hakyky ählihalk çäresi milletimizi sagdyn durmuş ýörelgesiniň taglymlaryna birleşdirip we berk jebisleşdirip Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik hem-de ösüş ýoluna ygrarlydygynyň aýdyň nyşanyna öwrülýär. 
 Şu gün “Aşgabat” köpugurly stadionynda IV milli ýaryşlaryň dabaraly ýapylyşy boldy, onuň jemleýji bäsleşikleri Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligine gabat geldi. 
Mälim bolşy ýaly, türgenleriň arasynda hem, işjeň dynç almagy halaýanlaryň arasynda hem her ýyl milli ýaryşlary geçirmegiň başlangyjy milletimiziň saglygyny pugtalandyrmagy, durnukly, beden taýdan taplanan we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň hataryna çykaran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. 

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen her ýyl “Türkmenistan–ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly şygar bilen umumybilim berýän, başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň toparlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça umumymilli ýaryşlaryň geçirilmegi köpçülikleýin sporty ösdürmäge täze itergi berdi we köp sanly zähmetkeşler toparlarynda hem-de sport guramalarynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň müňlerçesi tarapyndan goldanyldy. Ähli ýerde ýaryşlaryň guramaçylykly we ýokary göteriliş ýagdaýynda geçendigini belläp geçmeli. 

“Aşgabat” köp ugurly sport toplumy köp sanly tomaşaçylary hem-de türgenleri baýramçylyga mahsus ýagdaýda garşylaýarlar. Baýramçylyga gatnaşyjylaryň ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary pasyrdaýar, dürli reňkli şarlar bar. Hemme ýerde şadyýanlyk we ruhubelentlik ýagdaýy dabaralanýar. 

Milli ýaryşlaryň ýapylyş dabarasynyň başlanandygyny habar berýän fanfarlar ýaňlanýar. Dabaraly sazyň astynda gyzlar sahnanyň ýaşyl meýdançasynda “SPORT SAGLYK” diýen ýazgyny emele getirýärler. Futbol meýdançasyna bolsa jemleýji tapgyrda ýeňiji bolan toparlaryň 18-si çykýar. Olara beýleki toparlar bilen ýiti bäsleşikde iň oňat üstünlikleri gazanmak we hormat münberine çykmak başartdy. 
Alypbaryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bütin ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan, 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanylan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi bilen gutlaýar hem-de nobatda-nobat mili nyşanlar bilen bezelen meýdanyň gyrasyndaky ylgaw ýodalarynda oturdylan hormat sekisine çagyrýar. 
Asylly däbe görä, milli ýaryşlaryň ýeňijileri alty ugur boýunça kesgitlendi. Ministlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri sportuň 9 görnüşinde-kiçi futbol, basketbol, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, milli göreş, tennis hem-de küşt boýunça bäsleşdiler. 
Umumybilim berýän mekdepleriň, hususan-da, orta hünärment we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň arasynda ýaryşlaryň maksatnamasy has giň boldy. Orta hünärment okuw mekdepleriniň okuwçylary we mekdep okuwçylary degişlilikde sportuň 11 we 13 görnüşinde, şol sanda, düzzüm, şaşka, gandbol we badminton boýunça we beýleki görnüşler boýunça bäsleşdiler. Talyplar bolsa sportuň 20 görnüşinde– göreş, boks, futbol, agyr atletika, ok atmak we tigir sürmek boýunça birinjilik ugrunda güýç synanyşdylar. 

Umumy toparlaýyn bäsleşikde orta mekdepleriň arasynda Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary birinjiligi gazandy.Geçen ýylyň ýeňijisi bolan Lebap welaýatynyň topary ikinji orun bilen oňmaly boldy. Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylary baýrakly üçünji orny eýeledi. 

Geçen ýylda bolşy ýaly, orta hünärment okuw mekdepleriniň toparlarynyň arasynda baýraklar şu tertipde kesgitlendi: birinji orna Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Aşgabatdaky orta hünärment mekdebi, ikinji orna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň başlangyç hünärment mekdebi hem-de üçünji orna Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabatdaky orta hünärment mekdebi mynasyp boldy. 

Ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň arasynda umumy bäsleşikde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary ynamly ýeňiş gazandylar. Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolanlyryş institutynyň wekilleri ikinji hem-de üçünji orunlary eýeledi. 

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýygyndy toparlarynyň arasynda bassyr dördünji ýyl IIM-iň wekilleri çempion boldular, olar kümüş medara mynasyp bolan Milli howpsuzlyk ministrliginiň we bürünç medala eýe bolan Goranmak ministrliginiň toparlaryndan üstün çykdylar. 

Ministlikleriniň we pudak edaralarynyň toparlarynyň ýaryşynda ýene-de Bilim ministliginiň ýygyndy topary baş baýraga mynasyp boldy. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň hem-de Senagat ministrliginiň toparlary soňraky orunlary eýeledi. 
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda umumy toparlaýyn bäsleşikde bassyr dördünji ýyl paýtagtymyzyň türgenleri birinji orny hiç kime bermediler. Degişlilikde Lebap we Mary welaýatlarynyň türgenleri ikinji hem-de üçünji orunlary eýelediler. 

Şowhunly el çarpyşmalar astynda ähli ýeňijilere dabaraly ýagdaýda medallar, kuboklar, diplomlar, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmatly baýraklar gowşuryldy. 

Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň bu ýerde ýaş estrada aýdymçylarynyň, döredijilik tans toparlarynyň we ýurdumyzyň sport mekdeplerinde terbiýelenýänleriň gatnaşmagynda aýdym-sazly we sport baýramçylyk çykyşlary boldy. 

Baýramçylyk sagdyn nesli ösdürip ýetişdirmäge hem-de mähriban Watanymyzyň abraýyny belende göterýän berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy. 

Mundan başga hem şu gün “Aşgabat” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda kabaddi boýunça şäheriň kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Sportuň bu görnüşiniň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýanyň sport oýunlarynyň düzümine girýändigini hem-de bu ýaryşyň we Aşgabat ýaryşyň şu ýylyň tomsunda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçiriljek IV Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň biri bolandygyny bellemek gerek. 

Ýaryşyň barşy hakynda gürrüň bermezden öňürti, öz esaslandyrylan pursadyndan bäri müňlerçe ýyl geçen taryhy bolan sportuň şu görnüşi barada birneme durup geçeliň. Kabaddiniň watany Hindistandyr. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmagyň ulgamy Kabaddi usulyna kämil erk edýäniň bir özüniň bäsdeşleriň uly toparyna erkin ýagdaýda garşy durup bilýändiginden ybaratdyr. Muny düşündirmäge synanyşalyň. 

Kabaddi boýunça ýaryşlaryň kadalary şundan ybaratdyr. Her birinde 7 türgen bolan iki topar meýdançanyň özüne degişli bolan bölegini eýeleýär. Eminiň buýrugy boýunça gatnaşyjylaryň biri bölüji ugry kesip geçýär. Onuň wezipesi mümkin boldugyça bäsdeşleriň köpüsine el degrip, öz ornuna gaýdyp gelmekden ybaratdyr. Beýleki toparyň wezipesi bolsa muňa ýol bermezlikden we öz meýdançasyna ýetýänçä oýunçyny saklamakdan ybaratdyr. 
Oýnuň düzgünine urmaga we aýak bilen depmäge hem ygtyýar berilýär. Bu oýun başa-baş tutluşyga çalymdaşdyr. Munuň subutnamalarynyň biri-de sportuň bu görnüşiniň Türkmenistanyň “Hanmudo” söweş sungatynyň federasiýasynyň düzümine girmegidir. Häzirki günde Kabaddi bölümleri welaýatlaryň ählisinde we Aşgabatda açyldy. Gepiň gerdişine görä aýdylsa, ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda sport komitetiniň sportuň milli görnüşleri sport mekdebiniň binýadynda hindi oýny boýunça ýene-de bir bölüm açyldy. Munuň özi biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň meşhurlygynyň artýandygyny güwä geçýär. 

Paýtagtymyzyň kubogy ugrunda ýaryşa gaýdyp gelmek bilen, jemleýji bäsleşikde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň “Wepadar” we Şöhrat Allaýewiň “Aşgabat” toparlarynyň duşuşandygyny belläp geçmeli. Çekeleşikli bäsleşik netijesinde “Aşgabat” toparynyň wekilleri 77:51 hasabynda ýeňiş gazandylar. 
Häzirki ýaryşlaryň ýene-de bir möhüm ýagdaýy özünde jemländigini nygtap geçmeli, olar ýaş türgenleriň geljek üçin özboluşly gözden geçirilişi boldy. 
Ýene-de bir meseläniň üstünde durup geçeliň. Bu ýaryşlaryň jemleri boýunça kabaddi boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary düzüler, şol çempionat paýtagtymyzda 18-20-nji aprel aralygynda geçiriler. 
Şu gün birinji etrapçada ýerleşen täze sport meýdançasynda 45 ýaş we ondan uly bolan sportuň bu görnüşiniň weteranlarynyň arasynda kiçi futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji tapgyrynyň ýaryşlary geçirildi. Türkmenistanyň futbol federasiýasy sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligine bagyşlanylan ýaryşyň hem guramaçylary bolup çykyş etdi. 
Ýaryşa 5 topar—Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň hem-de Aşgabadyň ýygyndy toparlary gatnaşýarlar, olar öz aralarynda aýlawly ulgam arkaly ýeňijini kesgitlärler. 
Üç tapgyrdan soň Ahal welaýatynyň topary öňde barýar, ol üç oýunda üç gezek ýeňiş gazandy. Ahal welaýatynyň topary altyn medal ugrundaky ýaryşda Aşgabadyň ýygyndy toparyny 4:3, Lebabyň ýygyndy toparyny 4:2 we Daşogzuň ýygyndy toparyny 14:3 hasaby bilen utdy. 
Üç oýunda 12 pökgüni tora salan Kemal Allamyradow ökde oýunçy hökmünde tapawutlandy we şu görkeziji bilen çempionatyň ökde oýunçylarynyň hatarynda ynamly öňde barýar. 
Aşgabadyň we Balkan welaýatynyň ýygyndy toparlary öňbaşçydan bir ýeňiş yzda galýarlar. Çempionatyň ýeňijisi bolsa iň soňky tapgyrda kesgitlener, şol tapgyr 5-nji aprelde şol sport binýadynda geçiriler. Deňiz ýakasyndaky welaýatyň futbolçylary Ahalyň futbolçylary bilen duşuşarlar, aşgabatly futbolçylar bolsa Daşoguz welaýatynyň ýygyndy topary bilen oýnarlar. 
Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda geçiriljek hokkeý boýunça ýaryş Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň bäşinji gününiň esasy sport wakasy bolar. Oňa 6 topar–Sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan”, Içeri işler minisrliginiň “Galkan”, Döwlet serhet gullugynyň “Merdana”, Içeri işler ministrliginiň institutynyň “Nesil” we Türkmenistanyň Goranmak minisrliginiň Harby institutynyň “Watançy” toparlary gatnaşar. Ýaryşlar ir bilen we agşam geçiriler. 

 Gylyçlaşmak boýunça şu gün welaýatda birinjilik ugrunda deňiz ýakasyndaky welaýatda geçirilen, ähli şäherlerden we etraplardan iň oňat ussatlaryň 40-a golaýyny Balkanabada ýygnan ýaryş özüne çekiji sport ýaryşlarynyň biri boldy. Ýaryş iki ýaş toparlarynda geçirildi. Şonda gyzlar we ýaş ýigitler gylyçlaşmak boýunça bäsleşdiler. 

Gyzlaryň kiçi ýaş toparynda jemleýji ýaryşda S.Melaşenkodan aňsatlyk bilen üstün çykan A.Bilenko ýeňiş gazandy. Üçünji orna A.Bekibaýewa çykdy. Ýetginjekler toparynda A.Guseýnow hormat sekisiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. G.Basensow ikinji we A.Atamagomedow üçünji orny eýeledi. 

Uly ýaşly türgenleriň ýaryşlarynda gyzlaryň arasynda birinji , ikinji we üçünji orunlary degişlilikde M.Goýunlyýewa, A.Gabrilýan we S.Dawikýan, ýaş ýigitleriň arasynda bolsa M.Hallyýew, S.Ataýew hem-de Ý.Semçenko eýelediler. 

Magtymguly etrabyny aýratyn belläp geçmeli, şol ýerde şu gün mekdep okuwçylary üçin ýaryşlaryň dört görnüşi—milli göreş, ýeňil atletika, waleýbol we küşt boýunça ýaryşlar guraldy. Milli göreş boýunça umumyitoparlaýyn ýaryşda birinji orny eýelän 2-nji mekdebiň okuwçylary iň oňat netijeleri gazandylar. Woleýbol we küşt boýunça ýaryşlarda 1-nji mekdebiň toparynyň wekilleri ýeňiş gazandy, ýeňil atletika boýunça 9-njy umumybilim berýän mekdebiň okuwçylary beýlekilerden ýyndam boldular. 

Türkmenbaşy şäherinde şu gün ýaş ýigitleriň we gyzlaryň arasynda gandbol boýunça şäheriň birinjiligi ugrunda jemleýji ýaryş boldy. Ýaş ýigitleriň arasynda aýgytly oýunda “Şagadam” sport toparyny ynamly ýeňen “Awaza” topary ýeňiş gazandy. “Hazar” topary üçünji orny eýeledi. 

Gyzlar toparynda soňky sekuntlarda “Şagadam” toparyndan bolan ýaşytdaşlaryndan üstün çykyp, ýeňiş gazanan “Balkan” topary öňe saýlandy. “Ýetginjekler” toparyndan “ýetginjekler” üçünji orny eýelediler. 
Şu ýaryşlardan başga Serdar, Hazar, Gumdag, Garabogaz şäherlerinde we ähli etraplarda ýene-de woleýbol, basketbol, sportuň milli görnüşleri, kiçi futbol, intellektual hem-de hereketli oýunlar we başgalar boýunça ýaryşlaryň 20-ä golaýy geçirildi, olara sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň müňlerçesi gatnaşdylar. 

Ertir Balkan welaýatynyň ähli ilatly ýerlerinde sporrt baýramçylygy köp sanly ýaryşlar bilen dowam etdiriler. 

Öňki günlerde bolşy ýaly, Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp ýurdumyzda geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň dördünji güni dürli köpçülikleýin sport, medeni çärelerine baý boldy. Şu gün Daşoguz şäherinde on müň tomaşaçy orunlyk stadion bilen sport toplumy we S.A.Nyýazow adyndaky etraby has köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän merkezleri boldy. Ak mermere örtülen sport toplumynda ir säherden woleýbol, kiçi futbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça welaýatyň zähmetkeşler toparlarynyň arasynda birinjilik ugrunda ýaryşlar dowam etdi. Bu ýerde güniň ikinji ýarymynda erkin göreşiň janköýerleri başa-baş göreşe çykdylar. Şolar bilen bir wagtyň özünde welaýatyň boks mekdepleriniň wekilleri hem welaýatda birinjilik ugrunda bäsleşdiler. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, bu ýaryşlaryň ählisinde– toparlaýyn bäsleşiklerde hem, şahsy bäsleşiklerde hem Daşoguz şäheriniň, Görogly, S.A.Nyýazow adyndaky we S.Türkmenbaşy adyndaky etraplaryň wekilleri oňat taýýarlykly gelendiklerini görkezýärler. Gepiň gerdişine görä aýdylsa, hut ýer eýeleriniň we welaýatyň dolandyryş merkezinden bolan türgenleriň arasynda tigir sürmek boýunça S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň birinjiligi ugrundaky ýaryşda esasy göreş ýaýbaňlandy. Bulardan başga hem şol ýaryş welaýatda sportuň bu görnüşiniň barha artýan meşhurlygyny aýdyň görkezdi. 

Ählihalk çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazygynda geçirilýän ähli çäreleriň esasy aýratynlygynyň olaryň köpçülikleýin häsiýete eýe bolandygyny belläp geçmeli. Olara dürli ýaş toparlarynyň wekilleri, şol sanda her gün ertirki maşklar we hereketli oýunlar bilen höwesli meşgullanýan çagalar baglarynda terbiýelenýänler gatnaşýarlar Demigazyk welaýatyň ähli şäherlerini we etraplaryny gurşap alan giň möçberli çäreleriň çägi hem giňdir. Daşoguzlylar Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligine işjeň gatnaşmak bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge şahsy goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň gündogar welaýatynda giň möçberli sport sagaldyş çäreleri dowam edýär, şol çäreler köpçülikleýin, oňat guramaçylykly we ýokary netijeli häsiýetde geçirilýär. Amala aşyrylan maksatnamalaryň netijeleriniň görkezişi ýaly, hepdeligiň geçen günlerinde diňe bir ýaşlaryň arasynda däl, eýsem, uly ýaşly ilatyň arasynda hem sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini ýöretmäge ägirt uly isleg ýüze çykdy. 

Bu öz-özünden düşnüklidir. Sport, bilen meşgullanmak adamyny taplaýar, ruhubelentligini ýokarlandyrýar, zyýanly endiklerden boýun gaçyrmaga ýardam edýär, saglygy gowulandyrýar, işe ukyplylygy ýokarlandyrýar Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Soňky ýyllarda ýerlerde gurlan häzirki zaman zerur zatlar bilen üpjün edilen sport desgalary türkmenistanlylaryň ygtyýaryndadyr. Şu günler Lebap welaýatynda ýerleşen şeýle desgalar aýratyn köp adamlydyr. Şonda eýýäm sport-sagaldyş häsiýetli çäreleriň ýüzlerçesi geçirildi. 
Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň geçen dört gününde sport desgalarynda welaýatyň göçme kubogy ugrundaky woleýbol we futbol ýaryşlary, saglygy goraýyş we bilim edalarynyň işgärleriniň, şeýle hem talyp ýaşlaryň we umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda sportuň köp görnüşleri boýunça welaýat derejesindäki iri ýaryşlar tamamlandy. Şu gün gündogar welaýatyň dolandyryş merkezinde ýerleşen merkezi sport toplumynda woleýbol we kiçi futbol boýunça Lebap welaýatynyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň gyzykly ýaryşy geçirildi. Sportuň onlarça görnüşi boýunça uly möçberli sport ýaryşlary Amyderýa jülgesiniň ähli şäherlerinde, etraplarynda we şäherçelerinde häzirki wagtda geçirilýär. Her günki geçirilýän önümçilik maşklary ähli zähmetkeşler toparlary üçin geçirilýän çäreleriň aýrylmaz bölegi boldy. 
Ertir, 5-nji aprelde Türkmenabat şäheriniň on müň tomaşaçy üçin niýetlenilen merkezi stadionynda ýurdumyzyň çempiony “Balkan” topary bilen Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolan Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň toparynyň arasynda Türkmenistanyň baş kubogy ugrunda futbol ýaryşy bolar.”Sagdyn maşgala-kuwwatly döwlet” diýen şygar boýunça geçiriljek welaýat ýaryşy hem örän özüne çekiji bolar, ol Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebinde geçiriler. 

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň Murgap jülgesinde onuň ýaşaýjylary tarapyndan irki maşklary etmek we tämiz arassa howada ylgamak bilen başlanan dördünji güni köpsanly sport–köpçülikleýin çäreleri geçirmäge beslendi. 

Mysal üçin “Güneş” etrapçasyndaky täze sport toplumynda şäherlerden we etraplardan mekdep okuwçylarynyň arasynda welaýatda birinjilik ugrunda özüne çekiji ýaryşlar geçirildi. Munuň özi welaýat sport komitetiniň welaýat baş bilim müdirligi bilen bilelikde guralan ýaryşlaryň nobatdaky tapgyry boldy. Ýaryşyň jemleýji tapgyry bolsa jemleri jemlemek we baýraklara mynasyp bolanlary hormatlamak bilen hepdeligiň soňky gününde geçiriler. 

Bu ýerde ýerli harby garnizonyň harby bölümleriniň birnäçesiniň harby gullukçylarynyň arasynda sportuň onlarça görnüşi boýunça ýaryşlar hem geçirildi. Olara Watanymyzyň möhletli gullukdaky goragçylary we harby bölümleriň serkerdeler düzümi gatnaşdy. 
Mary şäheriniň günorta eteginde el bilen döredilen Garagum derýasynda Marynyň we Ýolöteniň suw sportuny söýüjileriniň baýdarkalarda we kanoede görkezme çykyşlary boldy. Oba we şäher ýaşaýjylarynyň müňlerçesi onuň şaýatlary boldular. Mälim bolşy ýaly, welaýatda ýüzüji türgenler we baýdarkaçylar üçin oňat maddy enjamlaýyn binýat bar. Hususan-da, olar Mary şäherinde sportuň suw görnüşleriniň mekdepleri bolan üsti ýapyk we gyzdyrylýan açyk ýüzüş howuzlarydyr we Ýolöten suw howdanynda degişli düzümleri bolan sport stansiýasydyr. 
Mary şäher medeni we dynç alyş seýilgähiniň meýdançalarynda – milli göreş, ýaglyga towusmak, tanap çekmek, stoluň üstünde oýnalýan oýunlar boýunça köpçülikleýin ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlaryň ýeňijilerine baýraklar we sowgatlar gowşuryldy. 
Diýmek häzirki gün Mary welaýatynda asylly däpleri galdyran we ertire ajaýyp sport höwesini kesgitlän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň ýene-de bir şanly tapgyry boldy.

Degişli makalalar

Hökümet Edaralarynyň we Raýatlyk Jemgyýetleriniň Wekilleri

ÜNS BERIŇ!

turkmenhabargullugy

Gitjek Şypahanaňyzy Saýladyňyzmy?