04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Uruş Weteranlary Bilen Duşuşdy

Şu gün paýtagtymyzdaky “Maslahat köşgünde” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlary hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary bilen dabaraly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Beýik Ýeňiş indi 70 ýyl bäri ýaş nesiller bilen frontçy, söweşiji we tylyň zähmetkeşleri bolan nesilleriň arasyndaky bölünmez halka bolup hyzmat edýär. Näçe ýyl geçse-de, çuňňur hoşallyga doly näçe söz aýdylsa-da, biz weteranlaryň öňünde baky bergidardyrys. Hawa, wagt olaryň hataryny barha azaldýar, ýöne, olaryň biziň jemgyýetimizde uly üns we yssy mähir bilen gurşalyp alnandygy has möhümdir, olaryň durmuş tejribesi hem-de urşuň alawy gurşalyp alnan ýatlamalary has gymmatlydyr. Şunuň ýaly hormata we alada tylyň yhlasly zähmetkeşleri, uruşda wepat bolan esgerleriň ýan ýoldaşlary-da we şol ýyllaryň agyr synagyny başdan geçirenleriň ählisi mynasypdyr. 

Şoňa görä-de Ýeňiş Güni resmi baýramçylyk bolmagyndan başga-da, biziň her birimiziň ruhy dünýämize, şahsyýetiň — raýatyň we ynsanyň gözbaşy jemlenýän dünýä degişli baýramçylykdyr. Şol sebäpli ol türkmenistanlylaryň — öz köklerini bilýän, öz ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini, olaryň goran parahatçylygyny saklaýan mynasyp nesillerini terbiýelemek üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Bularyň hemmesi örän ýürekden, mähirli we şol bir wagtda-da tolgundyryjy, şatlykly ýagdaýda geçen dabaranyň aýratyn sazlaşygyny şertlendirdi.

Döwlet Baştutanymyz uruş weteranlary, aksakgal ýaşulular we kümüş saç eneler bilen mähirli görşüp, perzentlik aladasy bilen olaryň hal-ahwaly we saglygy bilen gyzyklanýar.  

Biziň ählimiz uly ýaşly nesillere olaryň mynasyp durmuşy üçin hemme şertleri döretmäge ymtylýan, olaryň durmuşdaky ornuna, şol sanda jemgyýeti ruhy taýdan terbiýelemek işine, ýaşlarda belent watançylyk duýgularynyň, edermenligiň kemala getirilmegi, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň pugtalanmagy ugrundaky işlerine aýratyn ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyzyň uly ünsli garaýandygyny bilýäris. 

Türkmenistanda uruş weteranlary köp asyrlardan bäri öz gahrymanlaryna—mähriban topragyň gaýduwsyz goragçylaryna hormat goýýan türkmenleriň gadymy däpleriniň talap edişi ýaly, döwletiň aýratyn ünsi we aladasy bilen gurşalyp alnandyr. Urşuň we zähmetiň weteranlary Watana ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezip, ýurdumyzda geçirilýän beýik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşantlaryny goşýarlar. Her ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda urşuň weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýan ýoldaşlaryna pul sowgatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Bir stoluň başyna ýygnananlara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz hemmeleri 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen gutlady. Şol ýyllar adamzadyň taryhyna iň ýowuz synaglaryň we külpetleriň döwri hökmünde girdi. Bu uruş iň elhenç we bütin dünýä taryhynda iň gandöküşikli uruşlaryň biri bolup, millionlarça adam ömrüniň tanapyny kesdi. 

Şu duşuşyga gatnaşyjylar hem urşuň synaglardan doly ýowuz ýollaryny abraý bilen geçdiler, ajaýyp Watanymyzy gorap, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň dabaralanmagy üçin gahrymanlarça söweşdiler. Hormatly Prezidentimiz Watany hem-de halky goramak işinde görkezen gahrymançylyklary, häzirki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň bähbidine bitiren hyzmatlary üçin uruş weteranlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Biziň watandaşlarymyz diňe frontda däl, eýsem, tylda hem deňsiz-taýsyz edermenligiň belent nusgasyny görkezdiler. Agyr ýyllaryň ýowuz synaglarynda aýallar, garrylar we çagalar gol gowşurman, gije-gündiz zähmet çekdiler, tylda Ýeňşe goşant goşup, watançylygyň we ynsanperwerligiň nusgasyny görkezdiler. 

Şol döwürden bäri köp ýyllar geçse-de,  Watan ugrundaky söweşlerde türkmen gerçekleriniň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy hiç wagt unudylmaýar. Olaryň yzynda galan zenanlarymyz we enelerimiz bolsa,       öý-ojagyny aman saklap, wepalylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Şoňa görä-de, gaýduwsyzlyk bilen söweşen weteranlarymyz, tutanýerli zähmet çeken enelerimiz häzirki nesillerimiz üçin Watany söýmegiň  we ynsanperwerligiň beýik mekdebine öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi .

Çaý başynda geçen duşuşygyň barşynda uruş weteranlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldaw, özleri üçin döredilýän hemme zerur şertler, türkmen jemgyýetinde hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynýandyklary üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Biz jemgyýetçilik-köpçülikleýin çärelerine, wagyz ediş we düşündiriş, watançylyk işlerine buýsanç bilen gatnaşýarys hem-de Watana özümiziň parahat gulluk etmegimizi dowam ederis diýip, weteranlar aýtdylar we milli Liderimize ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. 

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli arzuwlary üçin weteranlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, olary jemgyýetiň ruhy gymmatlyklaryny, onuň ahlak ýörelgelerini gorap saklamaga mundan beýläk-de goşant goşmaga çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda uruşlarda wepat bolan hem-de 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hatyrasyna «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy guruldy. Hormatly Prezidentimiz onda  1941–1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan Watan gerçekleriniň hatyrasyna «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleriň  döredilendigini belledi. 

Bu Ýadygärlikler toplumy pederlerimiziň edermenligine, Watan ogullarynyň gaýduwsyzlygyna halkymyzyň belent sarpa goýýandygyň,  öten-geçenlerimiziň ruhuny hatyralamak ýaly asylly däplerimiziň häzirki döwürde hem dowam edýändiginiň aýdyň mysalydyr diýip nygtady. 

Halk gahrymanlary baky diridir! Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň  eziz Watanymyzy goran Milli gahrymanlaryny hiç wagt unutmaýandygyny, ýurt erkanalygy, ynsan azatlygy üçin janlaryny gurban eden gahrymanlaryň hakydamyzda baky ýaşaýandygyny aýtdy.

Biz pähim-paýhaslary jemgyýetiň ahlak diregi bolup hyzmat edýän hormatly aksakgallarymyzyň durmuş tejribesine uly sarpa bilen garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de olaryň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakdaky asylly işe goşýan uly goşantlaryny belledi.

Hormatly Prezidentimiziň uruş weteranlary bilen häzirki duşuşygy hem muňa şaýatlyk etdi. Döwlet Baştutanymyz olara ýurduň durmuşyna işjeň gatnaşýandyklary üçin uly hoşallyk bildirdi hem-de olara jemgyýetçilik guramalary bilen has-da ýygjam gatnaşyk edip, durmuş meselelerini, döwlet ösüşiniň wajyp wezipelerini çözmekde ruhy-wagyz ediş goldawyny bermäge çagyrdy.  Biz uruş weteranlarynyň guramasynyň işine hem Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň işine bolşy ýaly uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Häzir biziň özygtyýarly Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk   abadançylyk rowaçlanýar. Milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. Biziň syýasy we ykdysady üstünliklerimiziň esasynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygar durýar. Durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de halkyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.     

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň weteranlar bilen söhbetdeşlik mahaly, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 20 ýyllygy ýaly şu ýyldaky şanly sene barada hem gürrüň edildi. Şu mynasybetli 2015-nji ýyl     «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda   köpsanly   ähmiýetli çäreler geçirilýär.

Biz Bitarap döwlet hökmünde hemişe parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş edýäris. Halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görýäris. Garaşsyz Watanymyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäde parahatçylygy goramaga uly goşant goşýar. Dünýä parahat bolsa, saçaklarymyz bereketli bolar. Halkymyz abadan we bagtyýar durmuşda ýaşar. Berkarar  Watanymyz gülläp öser.

Hormatly Prezidentimiz bilen weteranlaryň şu günki duşuşygy olara iň ýokary döwlet derejesinde neneňsi uly üns berilýändigine nobatdaky gezek şaýatlyk etdi. 

Hawa, biziň ýaşlarymyza görelde almaga nusga bar—Watanyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran gaýduwsyz ata-babalarymyz baradaky şöhrat halkyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Beýik Watançylyk urşunyň ähli frontlarynda biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlyk, harby borja wepalylygyny, Watana ygrarlylygyny görkezdiler. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýew hem bar. Onuň ömür ýoly bu gün türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň hem-de borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Hormatly ýaşulular, eneler, siz halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, däp – dessurlarymyzy wagyz-nesihat etmekde hem köp işleri bitirýärsiňiz diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we olara alyp barýan işleri üçin   tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we hormatly weteranlary, mähriban eneleri  1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlady we olara berk jan saglyk, uzak ömür,  asuda, abadan we bagtyýar durmuş  arzuw etdi.

 Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy. 

Öz gezeginde weteranlar we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary uly ýaşly nesiller, urşa gatnaşanlar baradaky aladasy we wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna berýän yzygiderli ünsi üçin türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny bildirdiler.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” Atçylyk Sport Toplumyna Baryp Gördi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleriniň «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda gazanan üstünlikleri

turkmenhabargullugy