19.9 C
Aşkabat
14.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek baradaky gündelik wezipelere hem-de döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri bilen duşuşyk geçirdi. Milli Liderimiz ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny uly baýramçylyk — 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen gutlap, taryhy nukdaýnazardan bu şanly wakanyň ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin ähmiýetiniň uludygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çekenleriň deňsiz-taýsyz edermenliginiň, olaryň durmuşynyň halkymyza, ata Watanymyza wepaly gulluk etmegiň beýik nusgasydygyny belläp, geçen uruş baradaky hakydanyň aýawly saklanýandygyny we nesilden-nesle geçirilýändigini nygtady. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada edip, uruş weteranlaryny hem-de uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny aýratyn alada bilen gurşap aldy. Biz urşa giden gaýduwsyz ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny, tylda galanlaryň zähmet edermenligini hem-de maşgala ojagyny goran  zenanlarymyzy ýatdan çykarmaýarys. Olaryň durmuş ýoly häzirki nesiller üçin edermenligiň mekdebine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şol ýyllaryň wakalary baradaky hakydany aýawly saklamagyň biziň borjumyz bolup durýandygyny nygtady. 

Milli Liderimiz Ýeňiş baýramynyň aýratyn sene bolup durýandygyny aýdyp, parahatçylyga, ynsanperwerlik we döredijilik ýörelgelerine eýerýän türkmen halkynyň bu senäni ýaşlarda gaýduwsyzlyk, edermenlik, ynsanperwerlik ýaly duýgulary terbiýelemek üçin uly ähmiýete eýe bolan baýramçylyk hökmünde belleýändigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow    ýygnananlary we ähli türkmen halkyny Ýeňiş baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ildeşlerimiziň ählisine berk jan saglyk we uzak ömür, bagt, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

Soňra Maslahat köşgünde Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň  orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty, Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş instituty, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga hem-de Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

Maksatnamalarda esasy maksatlar we wezipeler, meýilleşdirilýän taslamalaryň sanawy, göz öňünde tutulýan girdejileriň möçberleri, şeýle hem himiýa senagatynda, senagat ulgamynda, ýeňil senagat, maşyngurluşyk, oba hojalyk ulgamlarynda we azyk senagatynda, derman serişdelerini öndürmekde täze önümçilikleri guramagyň maksadalaýyklygy baradaky ykdysady esaslandyrmalar kesgitlenildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hödürlenen maksatnamalaryň ähmiýetini belledi. Göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi milli önümçiligiň hil we baha babatda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, içerki bazaryň bolçulygyny üpjün etmäge we ýurdumyzyň eksport kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda,  döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, wise-premýere garamagyndaky düzümleriň işine berk gözegçiligi  amala aşyrmagy tabşyrdy.  
    
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk – hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça Milli Parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we döwlet durmuşynyň beýleki ugurlaryny ösdürmek meselelerini sazlaşdyrýan täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlenilýär, hereket edýän namalara ýurdumyzy ösdürmegiň täze taryhy tapgyrynyň ýagdaýlaryny nazarda tutup, üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça  degişli işler amala aşyrylýar.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, ýurdumyzyň halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda, häzirki zaman hukuk binýadynyň döredilmegi babatda  milli parlamentiň işiniň wajypdygyny we jogapkärlidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze kanunlaryň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly boýunça has-da öňe ilerlemegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmelidigini  belledi hem-de täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamakda deputatlaryň ministrlikler we pudak edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri    R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň geçirýän işleri barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň geljek hepdede Awstriýa Respublikasyna boljak  resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň okgunly ösýändigi bellenildi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň 2008-nji ýylyň noýabr aýynda Awstriýa bolan resmi sapary bu gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Awstriýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çalyşýandygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy. 

Bilelikdäki Türkmen-awstriýa toparynyň işi söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu toparyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda geçirildi. Ikitaraplaýyn  işewürler maslahatlary, şeýle hem medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni çäreleriň hatarynda türkmen paýtagtynda guralýan Wena baly hem bar. 

Ýokary derejede geçiriljek türkmen-awstriýa gepleşikleriniň netijeleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge, onuň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär. 

Wise-premýer, daşary işler ministri şeýle hem  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň ýakyn wagtda Sloweniýa Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň dostlukly ýurda bu saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka öwrüljekdigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar soňky döwürde täze ösüşe eýe boldy. 

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň iýul aýynda Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary boldy, onuň barşynda taraplaryň türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidigi tassyklanyldy. Nobatdaky ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri, uzakmöhletleýin esasda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekiler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady. Şol strategiýa bolsa oňyn Bitaraplyk we deňhukukly, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri esasynda guralýar. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Awstriýa Respublikasyna we Sloweniýa Respublikasyna boljak saparlaryň wajypdygy barada aýdyp, özara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin açylýan täze mümkinçilikleri  nazara almak bilen, bu saparlaryň türkmen-awstriýa  we türkmen-slowen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki saparlaryň we ýokary derejedäki gepleşikleriň ýola goýlan Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu saparlara taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Wise-premýer 545 müň gektar meýdanda gowaça ekişiniň geçirilendigini habar berdi. Gowaça ekişi geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alyndy.  

Şunuň bilen bir hatarda, güýzlük bugdaýa ideg etmek we galla kabul ediş bölümlerini hem-de tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsüminde ýurdumyz boýunça däne orujy kombaýnlarynyň 1700-sini  işletmek meýilleşdirilýär. Ýygnalan hasyly galla kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak üçin 6 müň 800 awtoulag ulanar. Tehnikalara öz wagtynda hyzmat etmek, şol sanda abatlamak we ýangyç-çalgy serişdelerini eltmek üçin toparlaryň  350-si döredildi. Galla oragynda işlejek mehanizatorlar we beýleki işgärler üçin zerur bolan durmuş şertleri dörediler.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny dolandyrmak ulgamyny has-da kämilleşdirmek, kärendeçileriň we ekerançylaryň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady gurallaryny ornaşdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bularyň oba hojalyk özgertmeleriniň işjeň ilerledilmegine, pudagyň girdejililigini ýokarlandyrmaga, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigini  belledi. 

Hormatly Prezidentimiz galla oragy barada durup geçip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan bu oba hojalyk möwsümini guramaçylykly geçirmek meselelerine ünsi çekdi.    Milli Liderimiz Ýygnalan bugdaý hasylyny ýygnap, ony ýitgisiz daşamagyň we aýawly saklamagyň esasy wezipedigine, gowaça talaba laýyk ideg etmegiň  hem wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa   medeniýet, sungat, ylym-bilim işgärleriniň hem-de ýaşulularyň Magtymguly Pyragynyň Eýran Yslam Respublikasynda ýerleşýän aramgähine zyýaratyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Geçen ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlaryň birnäçesinde geçirilen çäreleriň bütin dünýäde alymlaryň hem-de beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň döredijilik mirasyna sarpa goýýanlaryň uly gyzyklanmasyny döredendigi bellenildi. Beýik şahyryň döredijilik mirasy bolsa umumadamzat ruhy genji-hazynasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň Eýran Yslam Respublikasynda ýerleşýän aramgähine her ýyl zyýarat etmek oňat däbe öwrüldi. Şu ýyl zyýarat etmek üçin jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň wekillerinden, alymlardan, bilim işgärlerinden we habar beriş serişdeleriniň wekillerinden, hormatly ýaşululardan ybarat topar dostlukly ýurda iberiler. 18-nji maýda  wekiliýetimiz Watanymyza gaýdyp gelip, beýik türkmen şahyrynyň hormatyna Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda geçiriljek çärelere gatnaşar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, wise-premýere öňümizdäki halkara çäresini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, zyýaraty amala aşyrmak we beýik türkmen şahyrynyň hormatyna Eýranda guraljak çärelere Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy üçin ähli şertleri üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz däbe öwrülen çäräniň türkmen halkynyň beýik ogullaryna çuňňur sarpasynyň aýdyň  beýanydygyny, bütin dünýäde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, umuman, baý milli taryhy-medeni mirasy giňden wagyz etmäge ýardam edýändigini nygtady.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň  orunbasary B.Hojamuhammedow   ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem nebitgaz senagatynyň eksport kuwwatyny artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny okgunly ösdürmek wezipelerine ünsi çekdi. Şol wezipeleriň çözülmegi bolsa ýurdumyzyň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna, dünýä bazarlarynda  bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. 

Döwlet Baştutanymyz  ýangyç serişdeleriniň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze ýataklary çalt özleşdirmegiň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen birlikde, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmagy, täze nebithimiýa önümçiliklerini gurmagy möhüm wezipeleriň  hatarynda görkezdi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz pudakda innowasion tehnologiýalary giňden ulanmagyň, dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, daşary ýurt maýalaryny çekmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, şol sanda Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ilatynyň ýokary tizlikli Internete elýeterliligini giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, internet ulgamyny has-da ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça ulag-aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” kesgitlenendir.Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegi degişli ugurda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga şert döreder. Munuň özi internet akymynyň tizligini artdyrmaga, optiki-magistral ugurlary, şol sanda Ýewropa we Aziýa ýurtlary bilen ugurlary döwrebaplaşdyrmaga ýardam eder.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 520E ” aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen baglylykda amala aşyrylýan işler hakynda habar berildi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hünärmenler tarapyndan meýilleşdirilen tertibe laýyklykda hemra ulgamlaryny synagdan geçirmek işleri dowam edýär. Maglumatlar we hemranyň ähli enjamlarynyň gözegçilik ölçegleri Dolandyryş merkezinde hasaba alynýar. Taýýarlanan tehniki işgärler hem-de operatorlar hemranyň hereketine we onuň ulgamlarynyň ýagdaýyna gije-gündiz gözegçilik edip, ýurdumyzyň çägindäki ýerüsti stansiýalardan älem orbital enjamynyň  ölçeglerine doly gözegçiligi hem-de dolandyrmagy üpjün edýärler

Hormatly Prezidentimiz telekommunikasiýalar ulgamynda ýokary tehnologik ulgamlarynyň bolmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belläp, bu pudaga täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda internetiň we döwrebap tehnologiýalaryň her bir raýatymyza elýeterli bolmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini, telekommnikasiýalaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtap, wise-premýere geçirilýän işleriň  ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz milli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagynyň halk hojalygynyň telekomminikasiýa bolan  isleglerini üpjün etmäge we bu ulgamda düzümi kämilleşdirmäge ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabatynda Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri hakynda habar berdi. Ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek, onuň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen Lebap welaýatynda iri pudaklaýyn desgalaryň gurluşygy çalt depginler bilen alnyp barylýar. Wise-premýer Köýtendag etrabynyň Garlyk ýatagynda ýerleşýän, kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada aýtdy. Täze gurulýan beýleki desgalaryň birinde—Türkmenabadyň himiýa zawodynda kükürt kislotasyny öndürýän bölümde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň Türkmenistanyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyny we pudaklaýyn önümçilik düzüminiň beýleki desgalaryny gurmagyň ägirt uly taslamalaryny çalt depginlerde amala aşyrmagyň möhümdigini nygtap, göz öňünde tutulan işleriň ählisiniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzyň bilim ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat bermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2015-2016-njy okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylar üçin kompýutleri satyn almak hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi. 

Soňky ýyllarda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň körpe raýatlary baradaky  yzygiderli aladasy netijesinde mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalara şahsy kompýutlerleri sowgat bermek asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň döwrebap bilim almagy, kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmagy, gözýetimlerini giňeltmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen degişli çäreler görülýär. “Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2015-2016-njy okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylar üçin kompýutleri satyn almak hakyndaky” Kararyň taslamasy hem geçirilýän şol işleriň çäklerinde taýýarlanyldy. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bilim edaralarynyň maddy–enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek meseleleriniň Türkmenistanyň döwlet syýasaty üçin ileri tutulýan ugurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz okuwda  täze kompýutlerleriň we multimediýa tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň bilim bermegiň derejesini ýokarlandyrmaga, çagalaryň okuwa bolan höwesini artdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz  täze  nusgadaky kompýuterleri seçip almak boýunça geçirilen işlere kanagatlanma bildirip, degişli Karara gol çekdi we  wise-premýere innowasion tehnologiýalary işjeň peýdalanmak arkaly bilim bermegiň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şeýle hem türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer göz öňünde tutulan işlere laýyklykda, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik ulgamlarynyň, durmuş düzüminiň desgalarynyň  toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygyny habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň owadan we ösen şäherleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işe jogap berýän düzümleriň ählisiniň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak işine berk gözegçiligi amala aşyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şol sanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen,degişli ministrlikler bilen bilelikde awtomobil ýollaryny peýdalanmagyň düzgünlerine degişli birnäçe resminamalary taýýarlamak boýunça işleriň geçirilendigini habar berdi.

Milli Liderimiz ýol gurluşygy babatda durmuşa geçirilýän maksatnamanyň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrylan şaýollaryň awtosürüjiler üçin nusga we türkmen paýtagtynyň ýüzi bolmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz “Awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagynyň düzgünlerini, Awtomobil ýolunyň ýakasyndaky zolaklaryň bellenilmeginiň we ulanylmagynyň düzgünlerini hem-de Ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilmeginiň ýa-da bes edilmeginiň tertibini tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, awtomobilleriň hereketiniň howpsuzlygyny we paýtagtymyzyň ýollaryna zeper ýetirilmeginiň öňüniň alynmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işlere jogapkärçilikli çemeleşmäge degişli birnäçe görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmek maksady bilen, degişli çäreleri görmegi talap etdi. Şonda ýol gurluşyk we abatlaýyş işleriniň hili we olaryň ulanylyş ýagdaýynyň ýokary derejede saklanylyşy göz öňünde tutulmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy sazlaşykly we depginli ösdürmekde möhüm orun tutýan ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze ýollary, köprüleri, ýerasty geçelgeleri gurmak bilen baglanyşykly wezipeler ýerine ýetirilende degişli düzümleriň sazlaşyky işini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Hususan-da, milli Liderimiz geljege niýetlenen ýollaryň ýokary hilini üpjün etmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm talaby bolup durýandygyny aýratyn nygtady.   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy bilen, milli Liderimiziň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça beren görkezmelerinden ugur alnyp geçirilýän işler hakynda hasabat berdi. Şol işleriň çäklerinde ýurdumyzda döwlet we hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýän harytlary daşary ýurtly alyjylaryň arasynda  giňden mahabatlandyrmak maksadynda ýöriteleşdirilen kataloglary çap etmäge taýýar görülýär. 

Türkmen, iňlis we rus dillerindäki kataloglarda harytlaryň görnüşlerini, hil görkezijilerini, tehniki we beýleki häsiýetnamalaryny özünde jemleýän maglumatlar getiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Döwlet haryt–çig mal biržasy  hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan taýýarlanan kataloglaryň ilkinji tapgyryny çykarmak hakynda teklip hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň kataloglaryny çap etmek hakynda teklibi makullap, bu möhüm işi guramak boýunça görkezme berdi. Milli Liderimiz söwda ulgamyny döwre görä, bazar ykdysadyýeti şertlerinde ösdürmek üçin  bazary öwrenmek we mahabat usullarynyň döwrebap görnüşlerini işjeň özleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere dünýä tejribesini öwrenmek we söwda ulgamyna ornaşdyrmak, halkara işewür gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça degişli görkezmeleri berdi. 

Soňra hormatly  Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip,   şu günler ýurdumyzda uly  baýramyň — bütin     adamzadyň taryhynda iň gazaply we hasratly uruşlaryň biri bolan 1941–1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 70 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýändigini nygtady. 

Bu uruşda türkmen halky hem agyr ýitgileri çekdi. Urşuň ýowuz ýyllarynda ene topragyny jany-teni bilen söýýän türkmenistanly gerçekleriň müňlerçesi eziz Watanymyzy goramak ugrundaky urşa meýletin gitdiler. Döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň Watany söýmek, ene topragy gözüň göreji ýaly goramak baradaky mukaddes wesýetlerine wepaly watan gerçekleriniň parahatçylygy, asuda we abadan durmuşy gorap, gahrymanlarça söweşendiklerini aýtdy.  

Merdana gerçeklerimiz gazaply  söweşlerde edermenligiň hem-de         gaýduwsyzlygyň beýik nusgasyny  görkezdiler. Gazaply uruş ýyllarynda müňlerçe türkmen gerçekleri ata Watanyň, mähriban halkymyzyň hatyrasyna  aldym-berdimli söweşlerde wepat boldular. Milli Liderimiz gerçek ýigitlerimiziň şol söweşlerde  görkezen deňsiz-taýsyz mertliginiň we edermenliginiň ölmez-ýitmezdigini nygtady. 

Şol agyr ýyllarda zenanlar, gojalar we çagalar urşuň ýeňiş bilen tamamlanmagy ugrunda, merdana ýigitleriň sag-aman gaýdyp gelmeginiň hatyrasyna tylda janaýaman, gije-gündiz zähmet çekdiler. Türkmenistanly gelin-gyzlar gymmat baha şaý-seplerini Goranmak gaznasyna tabşyryp, Ýeňşiň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdular. Döwlet  Baştutanymyz watandaşlarymyzyň Beýik Ýeňşi gazanmak ugrunda tylda görkezen ägirt uly zähmet edermenliginiň uly hormata mynasypdygyny  aýtdy. 

Watan gerçekleriniň gazaply söweşlerde görkezen gahrymançylygy we tylda     zähmet çeken zenanlarymyzyň zähmet ýoly nesillerimiz üçin özboluşly terbiýe mekdebine öwrüldi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biz 1941–1945-nji ýyllaryň ýowuz urşuna gatnaşyp, ýeňiş gazanan merdana Watan goragçylaryna uly sarpa goýýarys. Erkinlik we parahatçylyk ugrunda     gurban bolan merdana ildeşlerimiziň hatyrasyny belent tutýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.   

Döwlet Baştutanymyz uruşda wepat bolan gahrymanlarymyzyň, şehit bolan ildeşlerimiziň hatyrasyna Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň gurlandygyny belläp, bu ýadygärlikler toplumynda 1941–1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan ildeşlerimiziň hatyrasyna «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleriniň hem döredilendigini nygtady. Bu ýadygärlikler merdana Watan goragçylarynyň batyrlygynyň, edermenliginiň, gaýduwsyzlygynyň özboluşly belent nyşanydyr!

Hormatly  Prezidentimiz bu toplum Watan gerçeklerimize hormat goýmak, olaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek ýaly dessurlaryň berjaý edilýän mukaddes ýerine öwrülendigini aýtdy.  

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň merdana uruş we zähmet weteranlarymyz barada yzygiderli alada edýändigini belledi. Olaryň saglyklaryny     berkitmäge, ýaşaýyş we durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýär. Diýarymyzda täze gurlan we durky täzelenen dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda we beýleki sagaldyş merkezlerinde uruş hem-de  zähmet weteranlaryna köpsanly ýeňillikleri döredilýär. Döwlet  Baştutanymyz  ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň öňünde uly hyzmatlary bitiren uruş we zähmet weteranlarymyzyň sarpasynyň  hemişe belent tutuljakdygyny aýtdy.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we ähli türkmen halkyny ýurdumyzda giňden bellenilýän uly baýram – 1941–1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň şanly 70 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, parahatçylyk we bagtyýar durmuş arzuw etdi. 

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tatamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işinde  uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Boýunça Hökümet Mejlisini Geçirdi

turkmenhabargullugy

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Maşgala Kodeksine Üýtgetmeler Girizmek Hakynda

turkmenhabargullugy

Atavatan Applikasiýasy Täzelendi: Intellektual Sahypamyz Goşuldy