15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti VII Bütindünýä Suw Forumynyň Açylyş dabarasyna Gatnaşdy

Koreýa Respublikasynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýurda döwlet saparynyň maksatnamasynyň öňüsyrasynda Tegu şäherinde geçirilýän VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, milli Liderimiz Koreýa Respublikasyna düýn, 11-nji aprelde ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar ugratdylar. 

Prezidentiň uçary uzak wagtlyk, 8 sagada golaý uçuşdan soň Tegu şäheriniň howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanyndan başlanýan haly düşekleriň ugrunda hormat garawuly düzüldi. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny kabul edýän tarapyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Milli lybasly gyzlar Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurdylar.

Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň «Interburgo Tegu» myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.

Mälim bolşy ýaly Türkmenistan parahatçylygy söýüjilige, oňyn Bitaraplyga we netijeli halkara hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgelere esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli ýöretmek arkaly, häzirki döwürdäki möhüm ähmiýetli meseleleriň oýlanyşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça işjeň garaýyşlara eýerýär. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň  VII  Bütindünýä suw forumyna gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu forumyň gün tertibine Ýer ýüzünde yzygiderli ösüş bilen baglylykda suwdan rejeli peýdalanmagyň meseleleri girizildi. Üç ýyldan bir gezek geçirilýän şu forum Bütindünýä Suw Geňeşi  (WWC) tarapyndan guralýar. Bu gurama 1996-njy ýylda döredildi we oňa dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan 300-den gowrak guramalar girýär. WWC-niň ştab-kwartirasy Fransiýanyň Marsel şäherinde ýerleşýär.

Bütindünýä suw forumy suwa degişli möhüm meseleleri köptaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça özboluşly çäre bolmak bilen, şu wajyp ulgamdaky innowasion başlangyçlary we nou-haulary öňe sürýär. Tegu şäherinde «Suw biziň geljegimiz üçin» diýen şygar astynda geçirilýän ählumumy duşuşyga döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary,  köpsanly ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, hünärmenler ýygnandylar. Ýeri gelende aýtsak, däp boýunça Bütindünýä suw forumlaryna  hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, raýat jemgyýetiniň  we ýaşlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Tegu şäherinde guralýan forumyň gün tertibine wajyp ugurlaryň dördüsine (esasy ugurlara, syýasy çärelere, sebit derejesindäki ýagdaýa, ylma we tehnologiýalara) degişli meseleler girizildi. Şeýle hem bu forumyň maksatnamasy raýat forumy, suw boýunça sergini we beýleki çäreleri özünde jemleýär.

Bu ählumumy waka gatnaşmak üçin türkmen Lideriniň çagyrylmagy suw serişdelerini aýawly saklamak we oýlanyşykly ulanmak bilen bagly meseleleri, ekologiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmek we howanyň üýtgemegi boýunça ugurdaş meseleleri çözmek ugrunda gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ýoly goýulmagy ugrundaky umumy tagallalara önjeýli goşant goşýan Türkmenistanyň halkara derejesinde uly at-abraýa eýe bolup durýandygyny aýdyň görkezýän subutnamadyr. Soňky ýyllarda ýurdumyz şu ugurda anyk başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi, olar türkmen Lideri tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, «Rio+20» Bütindünýä sammitiniň, beýleki möhüm ähmiýetli forumlaryň, şol sanda BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça geçen aýda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde   geçirilen III Bütindünýä maslahatynyň münberlerinde eden çykyşlarynda beýan edildi. 

Şol teklipleriň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagy bularyň möhüm ähmiýetlidigini we çözülmegini talap edýändigini tassyklaýar. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti yzygiderli ösüşe degişli maksatlara ýetmekde ählumumy, sebit we milli derejedäki usullaryň utgaşdyrylmagynyň we bir-biriniň üstüniň ýetirilmeginiň wajypdygyny hem-de şunda suwa we ekologiýa degişli ýagdaýlaryň ilkinji nobatda durýan ölçegleriň biri hasaplanýandygyny belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlaryň Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezilýändigini aýratyn bellemek gerek, şol syýasat häzirki döwürdäki «ýaşyl» hem-de suwy tygşytlaýjy tehnologiýalaryň, ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň  iş ýüzünde ornaşdyrylmagyny we tebigatyň goralmagyna gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagyny ugur edinýär. Şunda suwdan rejeli we netijeli peýdalanmakda ep-esli tejribe toplan türkmen halkynyň asyrlarboýy suwa aýawly çemeleşýändigini aýtman geçmek bolmaz. Häzirki döwürde bu paýhasly däp-dessurlar her ýylda apreliň başynda Türkmenistanda giňden bellenilýän özboluşly «Suw damjasy — altyn dänesi» baýramçylygynda öz beýanyny tapýar. Şu ýylda bu baýramçylygyň öňüsyrasynda Aşgabatda Suw hojalygy boýunça döwletara utgaşdyryjy toparyň nobatdaky 66-njy mejlisi geçirildi, bu mejlis suw we ekologiýa bilen bagly meselelere bagyşlandy, oňa Orta Aziýadaky ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen birlikde, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Garagumuň jümmüşinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky suwarymly meýdanlardan zeý suwlaryny toplamak üçin «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli taslama suwdan rejeli peýdalanmak boýunça möhüm ähmiýetli meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir. Onuň birinji nobatdakysy 2009-njy ýylda ulanmaga berildi. Bu emeli suw howdanynyň, hakykatyna garanyňda, çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň gurulmagy ekologiýa, ykdysadyýet hem durmuş, şol sanda oba hojalyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topraklary tapdan düşmekden goramak, lagym suwlary akdyrylan ýerleriň müňlerçe gektaryny gaýtadan dolanyşyga girizmek, esasy we hojalygara zeýkeşleriň geçýän zolagynda şora çydamly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, öri meýdanlaryny suwlulandyrmak, balyk hojalygyny ösdürmek, suw serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek  bilen bagly wajyp ähmiýetli meseleleriň üstünlikli çözülmegine mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda ekologiýa abadançylygynyň, diýmek, Türkmenistanda, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde adamlaryň ýaşaýşynyň hiliniň gowulandyrylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen bu uly suw desgasynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy çalt depgin bilen alnyp barylýar.

Koreýa Respublikasynda milli Liderimiziň saparyna we ýurdumyza uly gyzyklanma bildirilýändigini bellemeli. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyna ýokary derejedäki myhmansöýerlik görkezildi. Bu ýerdäki köp sanly şygarlar munuň şeýledigine güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň kabulhanasy ýerleşýän myhmanhananyň giň eýwanynda  oturdylan monitorda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanan ösüşleri, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ýeten derejesi barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Daşary ýurtlar okyjylarynda, şol sanda Koreýada uly meşhurlykdan peýdalanýan «Atavatan Türkmenistan» žurnalynyň täze sany türkmen-koreý gatnaşyklaryna bagyşlanypdyr. Bu neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, onuň sebit we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm şert bolan işjeň daşary syýasaty baradaky makalalar ýerleşdirilipdir.     

Türkmenistanyň Prezidenti şu gün Tegu şäherinde bolmagynyň  maksatnamasyna laýyklykda «Daegu EXCO» sergiler we maslahatlar merkezine bardy. Bu ýerde, uly mejlisler zalynda VII  Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda ýygnananlaryň öňünde Forumyň guramaçylary we kabul edýän ýurduň wekilleri  çykyş etdiler. 

Ählumumy duşuşyga gatnaşyjylara Forumyň gün tertibine bagyşlanan wideorolik görkezildi. 

Soňra Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlary başlandy. Ilki bilen belent mertebeli myhmanlardan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi, munuň özi ýurdumyzyň we onuň Lideriniň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil we oňyn çemeleşmeleriniň ykrar edilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.   

Milli Liderimiz Forumyň belent münberinden çykyş edip, ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň ählumumy rowaçlyk we ösüş  ugrundaky tagallalarynyň birigmegine gönükdirilen anyk tekliplerini beýan etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýygnananlaryň ählisini VII  Bütindünýä suw forumynyň açylmagy bilen gutlap, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine, Bütindünýä Suw Geňeşine halkara derejesindäki  bu möhüm ähmiýetli  çärä gatnaşmaga çakylyk we onuň göwnejaý guralandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhüm we ählumumy häsiýetlidigini belläp, häzirki wagtda suwa degişli meselelere uzakmöhletleýin geljek üçin niýetlenen bütindünýä meýilnamalary, ekologiýa we   azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategiki maksatlaryny, toplumlaýyn durnukly energetiki ulgamy döretmek bilen bagly meselelerden üzňelikde garalyp bilinmejekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň suw boýunça BMG-niň «Rio+20» maslahatynda we beýleki halkara forumlarynda durnukly ösüş boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine berk ygrarlydygyny tassyklady.  

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda guralan ýokary derejedäki interaktiw gatnaşyklaryň geçirilmegini peýdaly hasaplaýar. Onuň jemleri BMG-niň şu meseleleri boýunça uzakmöhletleýin Ýöriteleşdirilen maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat eder. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz halkara derejesindäki «suw diplomatiýasy» ýörelgeleriniň işjeň hereket etmek üçin şertleriň döredilmeginiň zerurdygy baradaky başlangyçlary birnäçe gezek öňe sürdi.

Köpugurly gatnaşyklaryň täze syýasy-diplomatik görnüşiniň döredilmeginde suw serişdeleriniň çeşmelerini döretmek we dikeltmek we olary düşünjeli we tygşytly peýdalanmak bilen baglanyşykly ähli meseleleriň çözgüdine gönükdirilen ulgamlaýyn gepleşikleriň mümkinçiliklerini görýäris. Munuň özi «suw diplomatiýasyny» alamatlandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dünýäniň döwletleriniň, halkara guramalarynyň şeýle bilelikdäki işi Birleşen Milletler Guramasynyň suw boýunça resminamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli iş üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynam bildirdi.  Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Suw strategiýanyň şeýle resminama bolup biljekdigini aýdyp, Bütindünýä suw forumyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň bu başlangyjyna jikme-jik garamagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň barşynda suwa bolan elýeterliligi möhüm tapgyr hökmünde görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz BMG-niň suwa bolan elýeterliligi adamyň düýpli hukugy hökmünde ykrar edilmegi hakyndaky başlangyjyny goldamak bilen, şeýle çemeleşmäniň binýadynda suw serişdelerini peýdalanmaga, olary netijeli dolandyrmaga örän jogapkärçilikli çemeleşmäge bolan ählumumy hukugyň bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz, biziň düşünişimizçe, suwuň elýeterliligine bolan hukugyň berjaý edilmegi dünýäniň ähli döwletleri üçin berk borç bolup durýar diýip nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýada suw meselesi örän wajyp, birnäçe ýagdaýlarda bolsa sebitleýin ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Onuň umumy ýagdaýa düýpli täsir etmek bilen, durmuş-ykdysady ösüşiň berjaý edilmegini, çynlakaý ekologiýa meseleleriniň çözgüdini şertlendirýär. Şunuň ýaly ýagdaýlarda sebitleýin ylalaşyk döwletleriň netijeli gatnaşyklary üçin ýeke-täk kabul ederlikli çözgüt bolup durýar. Türkmenistan şeýle çemeleşmä yzygiderli ygrarly bolmak bilen, Merkezi Aziýada umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda suw we suw-energetika meselelerine garalmagyny we olaryň oňyn çözülmegini öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda sebitiň ähli döwletleriniň gyzyklanmalarynyň hasaba alynmagynyň we oňa halkara guramalarynyň gatnaşmagy wajypdygyny nygtady. 

Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, ählumumy möçberde suw meselelerini çözmegiň çylşyrymlaşýandygyny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda we onuň işjeň gatnaşmagynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça BMG-niň Sebit merkeziniň döredilmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz Suw meselesiniň bu merkeziň işiniň aýratyn bir ugry bolup biljekdigini aýdyp, şeýle düzümiň döredilmeginiň Merkezi Aziýa sebitindäki ýagdaýyň anyk zerurlyklary arkaly ýüze çykýandygyna ynam  bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin durnukly ösüş boýunça  Döwletara toparynyň başlyklygyny kabul edýändigini aýdyp, sebitde suw meseleleri boýunça döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de onuň halkara guramalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezilmegine işjeň goldaw bermäge türkmen tarapynyň taýýardygyny mälim etdi. 

Milli Liderimiz çykyşyny jemlemek bilen, Türkmenistanyň şu günki duşuşygyň gün tertibine girizilen ähli meseleleri we wezipeleri goldaýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýygjam aragatnaşygy ýola goýmaga we tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklap, foruma gatnaşyjylara üstünlik we netijeli işlemegi arzuw etdi.

Milli Liderimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. 

VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, oňa gatnaşýan belent mertebeli myhmanlar bilelikde surata düşdüler.  

17-nji aprele çenli dowam etjek forumyň gün tertibine gaýdyp gelmek bilen, Stambulda hem-de Marselde geçirilen V we VI Bütindünýä suw forumlarynyň netijelerine hem-de beýleki ykrar edilen halkara ugurlaryna esaslanmak bilen, forumyň guramaçylyk komitetiniň agzalary bu duşuşygyň «Çözgütleriň forumy» bolandygyny aýtdylar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenen suw meseleleri dünýä bileleşiginiň umumy biynjalyklygynyň şerti bolup durýar. Çünki  suw dünýädäki ýaşaýşyň esasy binýatlarynyň biridir. Hut suw arkaly biziň dünýämiz özüniň ummanlary, deňizleri, derýalary, kölleri we dürli görnüşli ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi bilen ýaşaýar. 

Suw serişdeleri döwletleriň, sebitleriň we tutuş dünýäniň howpsuzlygyna, ykdysady we durmuş ulgamynyň ösüşine täsir edýär. Häzirki şertlerde  suwuň ulanylyşynyň yzygiderli artmagy suw ýetmezçiligini döredýär. Onuň çözgüdi bolsa ýokary derejedäki jogapkärli we uzakmöhletleýin çemeleşmeleriň utgaşdyrylmagyny talap edýär. Suw bilen baglanyşykly meseleler köp babatda energetika ulgamy bilen utgaşýar. VII Bütindünýä suw forumynyň maksatnamasy suw we energetika meselesini birleşdirýär.  Şunda, forumyň gün tertibine suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, onuň ýokary hilini üpjün etmek hem-de hemmeler üçin elýeterliligini ýola goýmak, suw we energetika çökgünliligini, tebigy heläkçiligiň derejesini peseldýän hem-de ykdysady durnuklylygy, ählumumy üýtgemelere durnuklylygyň ýokarlanmagyny, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýän meseleler girizildi. 

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda öňe süren teklipleriniň, şol sanda BMG-niň Suw strategiýasyny taýýarlamak hakyndaky başlangyjynyň möhümdigini aýdyň görkezýär. Suw meselesiniň örän çynlakaýdygyny nazara almak bilen, ýurdumyz onuň milli derejede oňyn çözülmegi boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Şunda Türkmenistan goja Ýeriň geljeginiň bähbidine sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. 

Şeýle hem Türkmenistanyň VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşýan wekiliýetiniň agzalary 13-nji aprelde geçiriljek ministrler maslahatyna gatnaşar.

Forumyň açylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Daegu EХСO» sergiler we maslahatlar merkezinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Monakonyň Emiri Alber II we Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri Abdelila Benkiran bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. 

Soňra milli Liderimiz «Daegu EХСO» zalynyň çäginde suw meselesi bilen baglanyşykly gurnalan sergä baryp gördi. Bu ýerde dünýäniň dürli künjeklerinde suwy tygşytlaýjy we suwdan peýdalanmak tehnologiýalary  hem-de ýöriteleşdirilen önümleriň önümçiliginde işleýän, şol sanda suw üpjünçilik ulgamy, arassalaýyş we ulanylan suwlary peýdalanmak, deňiz suwuny süýjetmek boýunça işleýän kompaniýalar özleriniň täze işläp taýýarlamalaryny, nou-haulary hem-de önümlerini görkezdiler.

Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň hatarynda Koreýanyň dünýä belli «LG International Сorp» we «Hyundai Engineering Сo. Ltd» kompaniýalary bar. Olar Türkmenistanyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşlarydyr. Olaryň gurnan sergisiniň esasan ýurdumyza bagyşlanandygyny bellemeli. 

Bu ýerde «LG» we «Hyundai» kompaniýalarynyň ýurdumyzda amala aşyrýan düzümleýin taslamalarynyň amala aşyrylyşy barada maglumat berýän diwarlyklar, wideoýazgy görkezilýär. Olaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käniniň senagat  taýdan özleşdirilişi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylyşy, Gyýanlyda polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça döwrebap gazhimiýa toplumynyň,   Aşgabatda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanyndaky täze okuw merkeziniň gurluşyklary görkezilýär.

Kompaniýalaryň diwarlyklarynyň türkmen haly gölleriniň şekilleri bilen bezelmegi olaryň özüne çekijiligini has-da artdyrýar. Bu ýerdäki monitorlarda «LG International Сorp» we «Hyundai Engineering Сo. Ltd» kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işlerine, soňky ýyllarda täze ösüş depginine eýe bolan türkmen-koreý gatnaşyklaryna bagyşlanan wideofilmler görkezilýär. Şunuň bilen bir hatarda, suw arassalaýjy desgalaryň, suw arassalamak ulgamynyň öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça koreýaly hyzmatdaşlaryň iň täze işläp taýýarlamalary hödürlenilýär. 

Sergä gatnaşýan «LG» we «Hyundai» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli  garşyladylar hem-de koreý kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we geljegi uly türkmen bazarynda öz işlerini giňeltmäge, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň kompaniýalarynyň we serginiň bölümleri bilen tanşyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň öňde baryjy işläp taýýarlamalary, bu ýerde görkezilýän enjamlaryň tehniki we ulanyş aýratynlyklary, suwdan rejeli peýdalanmak we  suw tygşytlaýjy tehnologiýalar  ulgamynda täze ylmy gazanylanlar we olaryň  artykmaçlyklary bilen gyzyklandy. 

Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Tegu şäherindäki «Ýangneonsi» adaty lukmançylyk muzeýine baryp gördüler. Gadymy döwürlerden bäri bu şäher Koreýanyň adaty lukmançylygynyň, şol sanda dermanlyk otlar bilen bejermek ugrunyň merkezi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň dermanlyk otlardan peýdalanmak babatda köpasyrlyk tejribesi bar we olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli dillerinde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda öz beýanyny tapdy. Bu kitaplaryň iki jildi koreý diline terjime edildi we häzirki döwürde bu düýpli eserleriň soňky jiltleri hem koreý diline terjimä taýýarlanylýar. 

Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygy barada aýtmak bilen, Hormatly Prezidentimiziň şu gün säher bilen adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda watandaşlarymyza hemişe şahsy görelde görkezip, bu endigini daşary ýurtlara saparlarynda hem unutmaýandygyny bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda sport ulgamynyň ösdürilmegi, oňa ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi babatda yzygiderli alada edilýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda sport desgalarynyň gurluşygy yzygiderli alnyp barylýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi döwrebap derejede ösdürilýär. Bu işler bolsa oňyn netijesini berýär. 

Döwlet Baştutanymyz säher bilen myhmanhananyň ýakynynda ýerleşýän  köpugurly sport toplumyna bardy we ýolugra künjegiň gözelligine syn etdi. Şu pursatda stadionyň «Tegu Mançon» welodromynda bu ýurduň  «Tegu kwanýok» welosipedçiler toparynyň türgenleri türgenleşik geçýärdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedçileriň tälimçisi Kim Hýon Il bilen söhbetdeş boldy. 

Tälimçi Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň barşynda ol Türkmenistan barada köp zatlary bilýändigini we sport hereketiniň yzygiderli ösdürilýändigini ruhubelentlik bilen gürrüň berdi. 

Tälimçi  2013-nji ýylda  Koreýada  Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň geçirilendigini, onuň nobatdaky ýaryşlarynyň bolsa  Türkmenistanda geçiriljekdigini uly guwanç bilen nygtady. Tälimçi 2017-nji ýylda ak mermerli Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna şu günlerden taýýarlyk işlerine girişendiklerini hem-de Türkmenistanda geçiriljek halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek ugrunda hemmetaraplaýyn tagallalary edýändiklerini barada hormatly Prezidentimize gürrüň berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary üstünlikler sportunyň hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ugrunda ähli çäreleriň görülýändigini aýdyp, Aşgabatda sebitde iri, köpugurly Olimpiýa şäherjiginiň gurulýandygyny, onda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçirmek, halkara derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ähli şertleriň döredilýändigini, sport toplumynyň döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edilýändigini belledi. Milli Liderimiz koreý tälimçisini we onuň tälim berýän türgenlerini sport toplumynda türgenleşik geçmek üçin türkmen paýtagtyna çagyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz welosipedçiler we olaryň tälimçisi bilen söhbetdeş bolup, Olimpiýa şäherjiginde ähli desgalaryň iň täze sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek, şeýle hem türgenleşikler üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aşgabatda koreý türgenleriniň türgenleşik geçmek üçin ähli şertler dörediler, olaryň biziň ýurdumyzda bolmagy özara peýdaly tejribeleri alyşmaga ýardam eder. 

Türgenler çakylygy uly höwes bilen kabul edip, bu teklibiň özleri üçin uly hormatdygyny we munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiz türgenleriň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.  Milli Liderimiz türgenlere  sport äleminde uly üstünlikleri arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. 

Şu günki wakalara gaýdyp gelmek bilen, hususan-da, «Daegu EXSO» sergisi barada aýdylanda wideo şekillerde we «LG International Corp.» we «Hýundai Engineering Co. Ltd» kompaniýalarynyň sergi bölümlerinde görkezilýän beýleki materiallarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmäge we ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary giňeltmäge goşýan goşandy aýratyn bellenilýär. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belent halkara abraýy, milli Liderimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasaty hem-de öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasy türkmen bazaryna dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gelmegini şertlendirdi we daşary ýurt işewürler toparlarynyň maýa goýum işjeňligini artdyrdy. Serginiň Türkmenistana bagyşlanylan bölümi giň göwrümliligi we baýlygy bilen tapawutlanyp, sergä gatnaşyjylaryň we oňa gelip görýänleriň ünsüni çekdi, olar biziň ýurdumyz bilen içgin gyzyklanýarlar.      

Döwlet Baştutanymyz sergi bilen tanyşlygyny tamamlandan soň Tegu şäheriniň howa menziline bardy we ol ýerden Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seula ugrady. 

Bir sagada golaý wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Seul şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanynda haly düşelen ýodanyň iki tarapynda hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi we 21 gezek top atyldy.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar.

Milli Liderimiz howa menzilinden Koreýanyň paýtagtynyň merkezinde ýerleşýän «Lotte» myhmanhanasyndaky kabulhanasyna ugrady.

Şeýle hem şu gün Seul şäheriniň «Prezident» myhmanhanasynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. 

Ertir hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň barşynda Seul şäherinde ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri geçiriler. Ol  soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan hem-de  hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin esaslaryna eýerýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary sazlaşykly ösdürmek üçin ygtybarly binýady emele getirer.

Degişli makalalar

Abu-Dabi Ösüş Gaznasy Türkmenistanda Gazhimiýa Toplumynyň Gurluşygynyň Taslamasyny Maliýeleşdirmäge Gatnaşar

Saud Arabystanynyň taryhynda ilkinji gezek aýallar Şura Mejlisine agza boldy.

syrach

Prezidentimiz söweşjeň baýdaklary gowşurdy.

syrach