15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Monako Döwletiniň Baştutany Bilen Duşuşdy

Koreýa Respublikasynda geçirilýän VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde Monako Emirliginiň baştutany, emir Alber II bilen duşuşdy.

Birek-birek bilen mähirli salamlaşylansoň, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugruny, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdi.

Soňra bolan gürrüňdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 

Häzirki döwürde Türkmenistan ählumumy halkara meselelerini çözmekde wajyp orun eýeleýär. Bu bolsa özara peýdaly we uzakmöhletleýin esasda iki ýurduň arasynda ýola goýulýan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, Monakonyň emiri aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we emir Alber II Koreýa Respublikasynda geçirilýän Bütindünýä suw forumynyň bu ulgamda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdiler. 

Iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, döwdet baştutanlary ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna syýasy-diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işleri – geljekde Türkmenistanyň Monte-Karloda we Monakonyň Aşgabatda diplomatik wekilhanalaryny açmak boýunça degişli işleri tamamlamak barada  tabşyryklary berdiler. 

Duşuşygyň barşynda iki döwletiň Liderleri Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berdiler. Mälim bolşy ýaly, ýakyn wagtlarda ilkinji türkmen emeli hemrasy älem giňişligine çykarylar. Munuň üçin Monako Emirligi Türkmenistana orbital orny hödürledi.  

Taraplar gumanitar gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň hyzmatdaşlyk boýunça tejribelerini we mümkinçiliklerini nazara almak bilen medeni, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerine garaldy. Hususan-da, sirk sungatyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Emirliginiň esaslandyran we Monte-Karloda geçirilen Halkara sirk festiwalynda gazanan üstünligi ýatlanyldy. Bellenilişi ýaly, Monakonyň dynç alyş we şüweleň çärelerini guramakda belent derejelere ýetendigini we dünýä syýahatçylygynyň Türkmenistana bolan gyzyklanmalarynyň artýandygyny bellenilip, bu ugurda, aýratyn-da, Hazaryň türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny işjeň ösdürmegi nazara almak bilen, tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn pikire görä, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly geljeginiň bardygyna oňyn baha bermek bilen, taraplar bu gatnaşyklary döwrüň talabyna we iki halkyň bähbidine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidiklerini tassykladylar.

Döwlet Baştutanymyz Monako Döwletiniň baştutanyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda guraljak dabaralary gatnaşmaga çagyrdy. 

Ýurdumyzda Monakonyň ýolbaşçylarynyň atçylyk sportuna maşgala bolup gyzyklanýandyklary barada bilýänliklerini aýdyp, milli Liderimiz emir Alber II özi islendik amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy we türkmen halkynyň buýsanjy, milli medeni mirasyň möhüm bölegi bolup durýan hem-de tutuş dünýäde şöhrat gazanan ajaýyp ahalteke bedewlerini saklamak we ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmaga mümkinçilikler dörediljekdigini belledi. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler

turkmenhabargullugy

75 ýaşyndaky Şa Beatriks täjini ogluna geýdirdi.

syrach

Tagamy Taýsyz Gawunlar