21.9 C
Aşkabat
17.05.2024
DURMUŞ

Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet Günleri Açyldy

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy. Oňa gatnaşmak üçin EYR-nyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary boýunça guramasynyň başlygy Abuzar Ebrahimi Torkamanyň ýolbaşçylygynda uly döredijilik wekiliýeti Aşgabada geldi. Bu uly çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan EYR-nyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi bilen bilelikde guraldy. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň başlangyjy bilen Medeniýet günleriniň her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Parahatçylyk, ynsanperwerlik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýaly deňsiz-taýsyz gymmatlygy alamatlandyrýan, Medenitýet günleri döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berýär. Şol gatngaşyklaryň esasynda bolsa, iki dostlukly halkyň taryhy-medeni hem-de ruhy däpleriniň umumylygy bar. 

Häzir bu gatnaşyklary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň hem-de ynsanperwer hereketleriň ençeme ugurlarynda ösüşiň hil taýdan täze derejesi we ýokary depgini tapawutlandyrýar. Muňa 2015-nji ýylda Türkmenistanyň we Eýranyň Liderleriniň özara resmi saparlarynyň barşynda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleriniň uly üstünligi hem-de netijeliligi şaýatlyk edýär. Şol saparlar döwletara aragatnaşyklaryny giňeltmäge, şol sanda ýygjam ylym-bilim gatnaşyklaryny, medeniýet we sungat ulgamynda alyş-çalyşlaryny işjeňleşdirmäge täze itergi berdi. 





Her ýylda düzüminde meşhur şahyrlar, žurnalistler, medeniýet işgärleri bolan ýurdumyzyň uly wekiliýeti beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň hem-de onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasyndaky guburlaryna zyýarat edýärler. 

Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet günler—dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanýan iki halkyň gatnaşyklarynyň taryhyndaky ýene-de bir sahypadyr. Çäräniň dabaraly açylyşy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy. Bu ýere döredijilik ulgamlarynyň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. 

Dostlukly ýurduň wekiliýetine Tähran we Töwriz şäherleriniň, Demirgazyk Horasan welaýatynyň medeniýet edaralarynyň ýolbaşçylary, görnükli sazandalar, suratkeşler, halk senetçiliginiň ussatlary wekilçilik edýär. 


Dabarada çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary boýunça guramasynyň başlygy Abuzar Ebrahimi Torkaman hem-de EYR-nyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadi eýran hem-de türkmen halklarynyň baý medeni mirasyna bolan özara gyzyklanmany bellediler. Eýran tarapynyň wekilleri ynsanperwer ulgamda özara hereketleri ösdürmäge we baýlaşdyrmaga gönükdirilen ylmy maslahatlar, sergiler hem-de Medeniýet günleri ýaly çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklara hem-de däp-dessurlara aýawly garaýandygynyň nyşany hökmünde Türkmenistanda 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini aýratyn bellediler. 

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda EYR-nyň medeniýet ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny halk aýdym-sazlaryny meşhur ýerine ýetirijileriniň çykyşlary düzdi. Şonda nusgawy dessanlaryň hem-de gündogar şahyrlarynyň şygyrlaryna söýgi äheňleriniň ajaýyp ýerine ýetirilişi görkezildi. Halk döredijilik däplerini nesilden-nesle geçirýän artistleriň zehini we ussatlygy tomaşaçylarda uly gyzgyn seslenme döretdi. 


Ertir Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda dostlukly ýurduň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi açylar. Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary meşhur eýran žiwopisçileriniň, fotosuratçylarynyň, kalligraflaryň, miniatýuraçylaryň, grawirleýjileriň, halyçylaryň, agaç we daş ýonujylaryň işleri bilen tanşarlar. Däp boýunça giňişleýin sergide pars şygryýetiniň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini görkezýän ajaýyp şekiller, täsin heýkeltaraşlyk işleri, agaçdan, toýundan ýasalan şekiller, owadan ýazuwyň hem-de ýazgynyň çeper bezeliş sungatynyň nusgalary, demiri zikgeleme hem-de reňkler boýunça ýazgylar, gobelenler, milli egin-eşikler, her dürli sowgatlyk önümler görkeziler. 

Çäräniň maksatnamasy eýran režissýorlarynyň täze filmleriniň görkezilişini-de özünde jemleýär. Şol filmler “Watan” kinokonsert merkezinde görkeziler. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde EYR-nyň folklor toparlary ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary bilen aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny begendirer. Türkmen döwlet gurjak teatrynda ýaş zehinleriň duşuşyklary bolsa çagalar döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konsertine utgaşyp gider. 

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri 4-nji fewralda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde jemlener. Şol ýerde çäräniň ýapylyş dabarasy hem-de iki dostlukly ýurduň artistleriniň bilelikdäki konserti bolar.

Degişli makalalar

Paýtagtymyzy Ösdürmegiň 15-nji Tapgyryna Badalga Berildi

syrach

Sosial Ulgamlarymyza Goşulyň!

syrach

Energetika Pudagynyň Kuwwaty Eksporta Ugardylyşyny Artdyrmaga Mümkinçilik Berýär