20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

Ozal habar berlişi ýaly, Koreýanyň esasy ýokary okuw mekdebiniň alymlar geňeşiniň karary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Songýungwan uniwersitetiniň Hormatly doktory» diýen alymlyk derejesine mynasyp boldy. Bu waka türkmenistanlylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi. Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinden hormatly Prezidentimiziň adyna köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelýär. Olarda döwlet Baştutanymyza alymlyk derejesiniň berilmeginiň türkmen hem-de koreý halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan ägirt uly goşandynyň, ylym we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde bitiren uly hyzmatlarynyň aýdyň subutnamasydygy bellenilýär. Gutlaglary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

«Songýungwan uniwersitetiniň Hormatly doktory» diýen alymlyk derejesiniň berilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzy 
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow,  M.Ýazmuhammedowa mähirli we tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan milli Liderimizi şanly waka bilen A.Nurberdiýewa gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň  Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary ýolladylar. 

«Songýungwan uniwersitetiniň Hormatly doktory» diýen alymlyk derejesiniň berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi  Türkmenistanda  saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň  Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary A.Täşliýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary M.Abilow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler tüýs ýürekden gutladylar.

Degişli makalalar

(TENDER) Türkmengaz Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär

turkmenhabargullugy

Galkan-2013 atly söweşjeň atyşykly görkezme taktiki meýdan okuw türgenleşigi geçirildi.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Uruş Weteranlary Bilen Duşuşdy

syrach