18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň VIII Halkara Maýa Goýum Maslahatyna Gatnaşyjylara

Türkmenistanyň VIII Halkara Maýa Goýum Maslahatyna Gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň VIII Halkara maýa goýum maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen maýa goýum syýasaty alnyp barylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar, şeýle hem kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler daşary ýurtly maýadarlar üçin has-da amatly şertleri döredýär.

Bu bolsa eziz Watanymyz Türkmenistany ösdürmegiň, maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Garaşsyz ösüşiň 25 ýylynyň içinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde amala aşyrylan işler, ýetilen belent sepgitler we üstünlikli durmuşa geçirilýän taslamalar ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistanda ähli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» Türkmenistanyň önümçilik toplumyny döwrebap ýagdaýa getirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady ulgamy döretmek göz öňünde tutulýar. Biz innowasiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegi, bu önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagy maksat edinýäris.

Bu işler takyk inženerçilik we biotehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary, dikeldilýän energiýa çeşmeleri, telekommunikasiýalar babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Eziz watandaşlar!

Häzirki döwürde Türkmenistanda hususy eýeçiligiň, telekeçiligiň ösüşine uly üns berilýär. Bu pudagyň wekilleriniň içerki maýa goýumlaryny höweslendirmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Şoňa görä-de, telekeçileriň daşarky bazarlarda köp görnüşli, ýokary hilli harytlary ýerlemäge we hyzmatlary etmäge uly mümkinçilikleri bar. Ykdysadyýetimiziň hususy pudagynda maýa goýum işleriniň geljeginiň uludygyny aýratyn bellemek isleýärin.

Hormatly halkara maslahatyna gatnaşýan myhmanlar!
Gadyrly dostlar!

Döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatly we ygtybarly bolmagy ýurdumyzda maýa goýum işjeňliginiň artmagyna ýardam berýär, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goragly bolmagyny üpjün edýär. Türkmenistanda mundan beýläk hem daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilen işlere aýratyn üns beriljekdigini, özüne çekiji we özara bähbitli taslamalaryň, aýratyn-da, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň hemişe goldanyljakdygyny bellemek isleýärin. Halkara maslahata gatnaşyjylary bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn.

Sizi Türkmenistanyň VIII Halkara maýa goýum maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Degişli makalalar

Putin 10 ministr bilen Türkiýede saparda boldy.

syrach

Işewürlige Sanly Ulgamy Ornaşdyrmak Meselesine Bagyşlandy

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Döwlet Baýdagynyň Güni Mynasybetli Baýramçylyk Konserti Boldy