24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Daşkentde ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri üstünlikli geçip, döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypalary ýazdy we iki goňşy ýurduň hem-de halklaryň dostluk we doganlyk däplerine ygrarlydyklarynyň, doly möçberli netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taraplaryň taýýardygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmaga we ony mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de ähli ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Resmi saparyň ikinji, jemleýji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň gadymy şäherleriniň biri bolan Buhara şäherine bardy.

Günüň birinji ýarymynda türkmen Lideriniň uçary Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Buharanyň halklara aeroportunda gondy. Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimow mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşuryldy. Iki ýurduň Liderleri VIP-zalyna bardylar, şol ýerde olaryň gysgajyk söhbetdeşligi boldy.

Soňra Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň awtomobil kerweni aeroportdan Buharanyň Ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.

Bu şäher özüniň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen meşhurdyr. Gadymy türkmen şäherleri Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly, Buhara şäheri hem köp asyrlar mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň birinde ýerleşipdir. Munuň özi gadymdan bäri türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edipdir. Mysal üçin, Merw, Köneürgenç we Buhara dünýäniň çar künjüne uzaýan söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, sözüň doly manysynda, Beýik Ýüpek ýolunyň Merkezi Aziýadaky esasy nokatlary bolupdyr. Şeýlelikde, taryhyň özi dünýä medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan türkmen we özbek halklarynyň ykbalyny berk baglaşdyrypdyr.

Umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan milletiň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak we öwrenmek täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylyk-da, dünýäniň dürli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler, şeýle hem abraýly halkra aguramalary, hususan-da, BMG we onuň esasy düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO bilen netijeli ylmy we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga uly ähmiýet berilýär.

Syýahatçylyk ulgamynda hem özara peýdaly tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin biziň ýurtlarymyzyň öňünde oňat mümkinçilikler açylýar. Çünki Türkmenistanyň we Özbegistanyň täsin taryhy-binagärlik we medeni ýadygärlikleri diňe bir alymlaryň däl, eýsem bütin dünýäniň köp sanly syýahatçylaryň hem ünsüni çekýär.

Iki döwletleriň Baştutanlary ýadygärilk toplumyna syn etmegiň barşynda bu ýerde döredilen birnäçe şekiller, senetkärleriň döreden önümleri, nakgaşlaryň we zehinli ussalaryň ajaýyp eserleri bilen tanyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, gündogaryň şekiller sungaty dünýäniň şekillendiriş sungatynyň taryhynda möhüm orun eýeleýär. Olaryň gözelligi, nepisligi bu işleriň aýratyn tapawudy hasaplanýar. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan bu sungat orta asyr Gündogarynyň beýik edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gündogaryň ajaýyp şahyrlarynyň we akyldarlarynyň ölmez-ýitmez işleriniň köpüsi nakgaşlyk eserleri bilen bezelipdir. Şol şahyrlaryň we akyldarlaryň döredijiligi umumy dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki zaman suratkeşleri bu köp asyrlyk döredijilik däplerini üstünlikli dowam etdirýärler. Şol däpler Orta we Ýakyn Gündogar hem-de Merkezi Aziýa halklarynyň köp nesilleriniň tejribesini özünde jemleýär.

Gadymy şäheriň ýadygärlikler toplumy bilen bolan tanyşlykdan soň Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Buharanyň sazly-drama teatryna tarap ugradylar. Şol pursat teatrda aýratyn dabaraly ýagdaý höküm sürdi. Ýygnananlar iki döwletiň Liderlerini ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Bu ýerde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Ol hakyky aýdym-saz baýramçylygyna öwrülip, biziň doganlyk halklarymyzyň ruhy we medeni-taryhy umumylygyny, olaryň dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny alamatlandyrdy.

Konsert sahnada goňşy ýurtlaryň meşhur tans we halk döredijilik toparlaryny, belli aýdymçylaryny we sazandalaryny birleşdirdi. Olar belent umumadamzat gymmatlyklaryny, türkmen we özbek halklarynyň mizemez dostlugyny we doganlygyny ruhubelentlik bilen wasp edýän ajaýyp aýdymlary hem-de joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler. Gadymy türkmen “Küştdepdi” tansy tomaşaçylarda ägirt uly kanagatlanma döretdi. Zaly dolduryp oturan tomaşaçylar artistleriň her bir çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti uly üstünlige eýe bolup, tomaşaçylaryň ählisine dostlugyň we ruhubelentligiň ýatdan çykmajak baýramçylygyny peşgeş berdi. Iki döwletleriň Baştutanlarynyň adyndan aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirenlere ajaýyp gül desseleri gowşuryldy.

Konsert tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimow Buharanyň sazly-drama teatryndan çykyp, Buhara şäheriniň Halkara aeroportuna tarap ugradylar. Bu ýerde, howa menzilinde, iki ýurduň Liderleri mähirli hoşlaşdylar. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Daşkentde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijelerine doly kanagatlanma bildirip, iki döwletiň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassykladylar hem-de türkmen we özbek halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Türkmen döwletiniň Baştutany uçara münýär we Aşgabada tarap ugur alýar.

Bir sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary türkmen paýtagtynyň Halkara aeroportuna gonýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini Mejlisiň ýobaşçylary, hökümet agzalary we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Olar milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutladylar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisini Geçirdi

turkmenhabargullugy

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi Geljekki Diplomatlary Taýýarlamakda Ýardam Berýär

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

syrach