14.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň üstaşyr gatnawlar boýunça mümkinçilikleri sebitdäki ýurtlaryň bähbidine gönükdirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministliginde 2012-nji ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda “Hazar deňzi sebitinde hem-de Merkezi Aziýada ulag we üstaşyr gatnawlary ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri “ atly halkara maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görmek boýunça ikinji iş duşuşygy boldy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministligi we Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) bilen bilelikde guraldy.

Duşuşyga daşary döwletleriň biziň ýurdumyzdaky ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, bu duşuşygy geçirmek baradaky teklip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde çykyş edende sebit we yklym derejesinde ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde ulag kommunikasiýalarynyň möhüm ähmiýetlidigini belläp, Bitarap Türkmenistanyň sebitdäki döwletleriň arasynda bökdençsiz üstaşyr-ulag gatnawlarynyň ýola goýulmagyna öz goşandyny goşmagy maksat edinýändigini nygtady.

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň çäklerinde Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny amatly guramak boýunça uly möçberli taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Türkmenistan sebitdäki döwletler hem-de BMG-niň we EHHG-niň degişli düzümleri bilen birlikde Ýewraziýa yklymyndaky ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ygtybarly köprüsine öwrüljek “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ýaly geljegine uly umyt baglanýan ulag geçelgelerini-de işjeň ösdürýär.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar geçiriljek maslahatyň sebitde we dünýäde halklaryň bähbitleri üçin möhüm meseleleriň oňaýly çözgütlerini işläp taýýarlamakda ýerlikli we wajyp ähmiýete eýe boljakdygyny nygtadylar. Şeýle hem Aşgabatdaky maslahatyň Türkmenistanyň Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr-ulag gatnawlary bilen bagly mümkinçilikleri ösdürmek boýunça BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky netijeli başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmakda ilkinji ädime öwrüljekdigi bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar bu maslahata degişli jähetleriň birnäçesi barada pikir alşyp, onuň gün tertibini, şeýle hem guramaçylyk we teswirleme bilen bagly meseleleriň ençemesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

IL ARSLAN

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wezipä Bellemek Hakynda Birnäçe Resminama Gol Çekdi

Aleksandr Lukaşenko Türkmenistana bardy

syrach