20.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanyň Futbol Çempionaty-2020: Käbir Tegelek Sanlar

3-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra wagtlaýyn arakesme berlen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň häzirki möwsüminiň gyzygy käbir tegelek sanlar bilen has hem artýar. Şu çaklaňja makalamyzda şol sanlaryň käbirine ünsüňizi çekmek isleýäris.

***

«Ahalyň» 20-nji möwsümi: Ýokary ligada arakesemeler bilen çykyş eden, 2010-njy ýyldan bäri ähli möwsümlere gatnaşyp gelýän «Ahal» şu ýyl 20-nji möwsümine girişdi. 2013-nji ýyldan bäri çempionatda has üstünlikli çykyş edip gelýän topar birnäçe gezek kümüş medala mynasyp boldy.

***

Elman Tagaýewiň 9 möwsümdäki 60 goly: «Ahalyň» tejribeli ýarym goragçysy Elman Tagaýewyň 1-nji tapgyrda «Nebitçiniň» derwezesine 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi onuň Ýokary liganyň soňky 9 möwsümindäki (2012-nji ýyldan bäri) 60-njy pökgüsi boldy.

Elman Tagaýew bu gollary «Aşgabadyň», «Altyn Asyryň» hem-de «Ahalyň» düzüminde geçirdi. Ýarym goragçynyň dürli ýyllarda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň çempionatlarynda hem çykyş edip gelendigini ýatladýarys.

***

«Ahal» 230-njy ýeňşini gazandy: «Ahalyň» 1-nji tapgyrda «Nebitçi» bilen bolan duşuşykda gazanan ýeňşi onuň Ýokary ligadaky 230-njy ýeňşi boldy.

1992-nji ýyldan bäri Ýokary ligada arakesmeler bilen çykyş edip gelýän «Ahalyň» çempionatdaky ilkinji ýylynda 22 duşuşykda ýeňiş gazanyp, bürünç medala mynasyp bolandygyny ýatlamak gerek. Ýöne toparyň ýeňiş rekordy başga bir ýyla degişli. Has takygy, «Ahal» 2014-nji ýylda Guwançmuhammet Öwekowyň ýolbaşçylygynda 32 duşuşygyň 28-sinde ýeňiş gazandy we «Altyn Asyrdan» bary-ýogy 5 utuk yzda çempionaty kümüş medal bilen tamamlady.

***

Karadanowyň 9 möwsümdäki 80-nji goly: Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Mämmedaly Karadanow 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligadaky 80-nji goluny geçirdi. Ol şol möwsümden bäri tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda altynjy orny eýeleýär.

***

Karadanowyň «Nebitçidäki» 50-njy goly: Ýokary liganyň 2-nji tapgyrynda «Nebitçiniň» ýeke-täk pökgüsini geçiren Mämmedaly Karadanow («Nebitçi» ― «Şagadam» ― 1:0) Balkanabadyň toparyndaky ýubileý goluny geçirdi. Bu hüjümçi 2010-njy ýyldan bäri Ýokary ligada diňe «Nebitçiniň» düzüminde geçiren pökgüleriniň sanyny 50-ä tegeledi. Ol şol möwsümden bäri bu toparda iň kän pökgi geçiren futbolçydyr.

***

Annaýewiň 10-njy goly: 2-nji tapgyrdaky «Aşgabat» ― «Köpetdag» duşuşygynda (0:1) ýeke-täk pökgini geçiren Şiri Annaýew Ýokary ligada geçiren pökgüleriniň sanyny 10-a tegeledi.

***

Gurbanow ― 10-njy: 3-nji tapgyryň çägindäki «Köpetdag» ― «Nebitçi» duşuşygynda ýer eýeleriniň ýeňiş pökgüsini geçiren goragçy Ýazgylyç Gurbanow şu möwsümde tapawutlanan 10-njy futbolçy boldy. Ýeri gelende, yzda galan üç tapgyrdan soňra möwsümde 11 futbolçynyň tapawutlanandygyny ýatladýarys.

***

«Energetik» 70-nji gezek ýeňildi: futbol çempionatymyzyň 3-nji tapgyrynda öz meýdanynda «Aşgabatdan» asgyn gelen «Energetik» 2015-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän Ýokary liga taryhynda 70-nji gezek utuldy.

***

Çempionat dowam edýär. Hatda, ol ýaňy başlady. Şonuň üçin hem möwsümde ýene-de ýubileý sanlaryň birnäçesine şaýat bolup bileris.

Ýokarda berlen maglumatlaryň ählisiniň awtoryň şahsy hasaplamalaryna daýanýandygyny aýtmak isleýäris.

Agageldi ITALMAZOW,

sport synçysy.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Gurluşyk we Elektroenergetika Ulgamy

turkmenhabargullugy

Milli Olimpiýa Komitetleriniň Wekilleri V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlygyň Ýokary Derejesini Bellediler Wideo

BILDIRIŞ Hormatly Raýatlar!

turkmenhabargullugy