27.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Hökümet Toparynyň Mejlisinde Ýurduň BSG-da Synçy Derejesini Almagynyň Meselesi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri BSG-sy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň jemleri boýunça ilkinji ädim hökmünde Türkmenistanyň bu guramanyň işine synçy derejesinde gatnaşmagy baradaky netijä gelindi.

Mejlise gatnaşyjylar Hökümet toparynyň 2019-njy ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatyna seredip geçdiler we Türkmenistanyň ykdysady syýasaty we daşary söwda tertibi hakyndaky synyň gutarnykly görnüşi bilen tanyş boldular. DIM

Degişli makalalar

Milli Olimpiýa Komitetleriniň Wekilleri V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlygyň Ýokary Derejesini Bellediler

Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleri badalga aldy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi