18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

3 Müň Tonna Golaý Tohumlyk Çigit Taýýarlanyldy

Çärjew etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda 2019-njy ýylyň pagta hasylyndan tohumlyk çigidiň 2817 tonna golaý möçberdäkisi taýýarlanyldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Gowaça ekişinde tohumlyk çigitleri ekmäge taýýarlamakda ulanylýan «P-4» dermanlyk serişdeleriň gerek bolan möçberdäkisi bilen daýhan birleşikleri doly üpjün edildi.
Kärhananyň hünärmenleri ekişiň öz möhletinde geçirilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Gowaça ekişi bilen meşgul bolýan zähmet adamlarynyň amatly iş we dynç alyş şertleri hem üpjün edilýär.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabat Şäherindäki Teatrlarda 2020-nji Ýylyň 29-31-nji Maýy Aralygynda…

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna Üýtgetmeler we Goşmaçalar Girizmek Hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň Taslamasy

Muzeýler Üçin Täze Tehnologiýalar: Sankt-Peterburgdan Gelip Gowşan Sowgat Näme Aňladýar

turkmenhabargullugy