26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Pagta Arassalaýjy Kärhanalary 2016-njy Ýylyň Hasylyny Gaýtadan Işläp Gutardylar

Türkmenistanyň Pagta Arassalaýjy Kärhanalary 2016-njy Ýylyň Hasylyny Gaýtadan Işläp Gutardylar

Şu günler olar enjamlary täze hasyly kabul etmage taýýarlaýarlar. Atyzlarda bol hasyl almak üçin gowaçalara yhlasly ideg edilýär, pagtany gaýtadan işleýän pudagyň kärhanalarynda bolsa gözegçilik işleri geçirilýär, gerek bolanda ätiýaçlyk şaýlary çalşylýar.

Pudakda ýetişdirilen hasyly doly gaýtadan işlemek üçin zawodlar, daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen ýüplük we taýýar önümleri almak üçin nah egriji hem-de dokma toplumlary ýeterlik derejede bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda hereket edýän kärhanalar doly döwrebapalaşdyryldy we täzeden enjamlaşdyryldy, täze kuwwatlyklar guruldy. Ýolöten şäherinde döredilenine ýüz ýyldan köpräk wagt geçen baýry kärhana bar, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllary Ahal welaýatynyň Baharly, Tejen we Ak bugdaý, Mary welaýatynyň Tagtabazar etraplarynda döwrebap kärhanalar bina edildi.

Soňky ýyllarda Ahal welaýatynyň Altyn asyr, Mary welaýatynyň Sakarçäge, Lebap welaýatynyň Garbekewül we Beýik Türkmenbaşy adyndaky, Daşoguz welaýatynyň Görogly we Köneürgenç etraplarynda pagta arassalaýjy zawodlar guruldy. Olar iň täze tilsimatlar we enjamlar bilen enjamlaşdyryldy, zawodlaryň hersi ýylda 40 müň tonna taýýar önüm, 10 müň tonnadan gowrak tohum çykarmaga ukyplydyr. Ähli ýerde tohumlar mör-möjeklere we kesellere garşy himiki usulda işlenilýär.
Nurjan GAPUROW

Degişli makalalar

Türkmen-Rus Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmenistan Fotosuratlary 53

Yslam Karimow Soňky Ýoluna Ugradyldy

syrach