21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Saýlanan Prezidenti Donald Trampy Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Saýlanan Prezidenti Donald Trampy Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Donald Trampyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli oňa gutlag hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dostlukly halkyna bolsa öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň saýlanan Prezidentine örän uly hormat goýýandygy hem-de Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga çalyşýandygy baradaky ynandyrmalaryny beýan etdi.

Degişli makalalar

Aşgabat 2017-niň Tumary Bilen Tanyşdyryş Wideosy

Bagtyýar Çagalaryň Ýurdunyň Dynç Alyş Merkezlerinde Tomus Möwsümi Başlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary