33.2 C
Aşkabat
12.07.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Bäsleşikleriň hatarynda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda döredijilik bäsleşikleri bar.

Bäsleşikler türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 29-njy aprelinde geçiriler.

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Iň Gowy Eserler Bäsleşýär: Ata Watan Eserleri

Müsüriň we Ysraýylyň Prezidentleri Türkmen Liderine Oraza Aýynyň Gelmegi Mynasybetli Mähirli Gutlaglaryny Iberdiler

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilen Adamlara Pasportlary Gowşurmak Dabarasy Boldy