26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda gol çekilen halkara resminamalarynyň birnäçesi tassyklanyldy.

*** 

“Awtomobil ulagy hakyndaky”  we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakyndaky”  Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda hem-de daşalýan ýükleri abat saklap, olaryň wagtynda eltilmegi üçin ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Reminama laýyklykda, ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünleri tassyklanyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakyndaky” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji kararyna laýyklykda Aşgabat şäherinde 2016-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.

Şeýle hem resminama bilen bu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky”  Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowa “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna”  Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň Döwrebaplaşdyrylmagy: Özgertmeleriň Täze Tapgyry

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Awgustyň Ikinji Ýarymy-Täze Okuw Ýylyna Işjeň Taýýarlyk DöwridirAwgustyň Ikinji Ýarymy-Täze Okuw Ýylyna Işjeň Taýýarlyk Döwridir

turkmenhabargullugy