26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Selbi Myradowa Rus Dili Boýunça II Bütinrussiýa Olimpiýadasynda Ýeňiş Gazandy

Selbi Myradowa Rus Dili Boýunça II Bütinrussiýa Olimpiýadasynda Ýeňiş Gazandy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ikinji ýyl talyby Selbi Myradowa rus dili boýunça II Bütinrussiýa olimpiýadasynda ýeňiş gazandy.
Halkara gatnaşyklary boýunça geljekki hünärmen iň ýokary netije üçin berilýän 1-nji derejeli diploma mynasyp boldy.

Internet-bäsleşigi Russiýanyň „Olimpiadalar dünýäsi“ portaly gurnady. Iternet arkaly gurnalan nobatdaky bilim estafetasy şu ýylyň 6-njy noýabrynda başlandy, ol 28-nji dekabrda tamamlanar.

Selbi Myradowany okuwyň birinji ýarynyň aralyk netijelerine bagyşlanan institut boýunça ýygnakda halkara bäsleşikde gazanan ýeňşi bilen gutladylar. Bu ýokary mekdebiň mugallymlarynyň aýtmagyna görä, talyplar halkara internet olimpiýadalara ýygy-ýygydan gatnaşyp, dünýäniň beýleki döwletlerinden deň-duşlary bilen mynasyp bäsleşýärler.

Degişli makalalar

Tomaşaçylaryň 45 Müňüsine Niýetlenen Stadion Olimpiýa Şäherçesiniň Esasy Binalaryyň Biridir

turkmenhabargullugy

Daşoguzda gurluşyga beslenýän döwür.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gagauziýanyň baştutanyny kabul etdi

syrach