16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy.

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň çägindäki Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda bolup, döwlet Baştutanymyz özüniň raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek üçin, ilkinjileriň hatarynda ses bermek çäresine gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, saýlaw möwsümi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetini we döwletini demokratiýalaşdyrmak ýagdaýyny yzygiderli ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň nobatdaky tapgyry bolup durýar.

Saýlawlaryň giň bäsdeşligi we aýdyňlygy oňa halk ynamyna mynasyp bolan birnäçe dalaşgäriň gatnaşmagyny kepillendirýär. Saýlaw işleriniň açyklygy we aýdyňlygy oňa milli synçylaryň gatnaşmagyny şertlendirýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýä tejribesinde giňden ulanylýan demokratik ýörelgeler ak ýürekli, zähmetsöýer, ýokary guramaçylyk ukyby, durmuş we raýatlyk işjeňligi bolan, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary ýerine ýetirmek ugrunda ähli tejribesini we bilimini gaýgyrmaýan mynasyp adamlaryň saýlanmagyny üpjün edýär.

Şu gün ýurdumyzda geçirilen saýlawlar Watanymyzyň demokratik özgertmeleriň we halk häkimiýetliliginiň dabaralanmasynyň ýoly bilen ynamly gadam urýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ХV Ýokary Baştutanyny Gutlady

turkmenhabargullugy

Milli Olimpiýa Komitetleriniň Wekilleri Aşgabat Şäherinde Saparda

Diller Dünýäsi