21.2 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Premýer Ministrine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Premýer Ministrine Gynanç Bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensä Italiýada gysga wagtyň içinde bolup geçen, adam pidalaryna we uly weýrançylyklara getiren köpsanly ýer titremeleri zerarly çuňňur gynanç bildirdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz hatynda, bolup geçen heläkçilikler zerarly türkmen halky ýürekden gynanýar we duýgudaşlyk bildirýär diýip, şu kyn pursatda Türkmenistanyň we ähli türkmen halkynyň Italiýa hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny nygtady. Bu biziň ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyza doly laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

“Şu asylly ýörelgelerden ugur alýan Turkmenistan Italiýa Respublikasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy barha giňeltmäge çalyşýar. Bu gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda özara goldamagyň we ýardam bermegiň aýdyň mysaly bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn. Şunuň üçin Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň ähli mümkinçilikleri bar” diýlip, hatda nygtalýar. 

Merdana italýan halkynyň bu ýowuz kynçylyklary ýeňip geçjekdigine we ýurduň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine berk ynam bildirmek bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Degişli makalalar

Türkiýede Aziada-2017-ä we Sagdynlygyň we Ruhybelentligiň Ýylyna Bagyşlanan Çäre Geçirildi

Paýtagtymyzda 240 Orna Niýetlenen Köp Derejeli Awtoduralga Hem Ulanmaga Berildi

Oguz Hanyň Tagmalary Tapyldy