26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de paýtagtymyzyň sil suwlaryndan goraglylygyny has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we desgalar toplumyny 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» jemagat paýdarlar jemgyýeti bilen:

«Mi-17-1W» kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçaryny, onuň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş serişdelerini we zerur enjamlaryny satyn almak;

«ANSAT» kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçaryny, onuň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş serişdelerini we zerur enjamlaryny satyn almak, şeýle hem hünärmenleri okatmak barada we dikuçary Türkmenistana getirmek şertinde şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Eýran Yslam Respublikasynda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, bu ýurduň ilatyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberiljek saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň hem-de azyk önümleriniň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Degişli ministrliklere hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberiljek saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we azyk önümlerini taýýarlamakda, ibermekde hem-de guramaçylykly gowşurmakda Daşary işler ministrligine ýardam bermek tabşyryldy. TDH

Degişli makalalar

2020-nji Ýylyň 21-26-njy Aprel Aralygynda Tomaşaçylara Görkeziljek Kinofilmleriň we Konsertleriň Tertibi

turkmenhabargullugy

Kaka etrabynyň Serdar Pagta Egirýän Fabriginiň Täze Bölümi Ýylda 1300 Tonna Towlanan Ýüplük Öndürer

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy