15.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine «Boeing 777-200F» kysymly ýük howa gämisini satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Airсraft Finanсe Germany GmbH.» kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 1 000 000 tonna sement öndürýän Bäherden sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Beýik-Bina» hususy kärhanasy bilen şertnamany daşarky eltiji elektrik, gaz, suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we sement zawodyny 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 000 000 tonna sement öndürýän Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany daşarky eltiji elektrik, gaz, suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny, demir ýollary gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we sement zawodyny 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň demirgazygyndaky kölüň kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny dynç almak üçin iň amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň demirgazygyndaky köl «Altyn köl» diýlip atlandyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin 2020-nji ýylyň 23-24-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Degişli makalalar

Aşgabatda Araly Halas Etmegiň Halkara Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Komiteti Öz Işine Başlady

turkmenhabargullugy

Туркменистан продолжает вывозить своих граждан из-за рубежа в связи с пандемией коронавируса

Taryhy Medeni Miras Watanymyzyň Milli Baýlygy