15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Olimpiýa Şäherçesi Ilkinji Ýaryşlary Kabul Etdi

 Geljek ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriljek Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde ilkinji ýaryşlar geçirildi. Şu gün üsti ýapyk welotrekiň sport meýdançasynda trek maksatnamasyna laýyklykda welosiped ýaryşy boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri we baýrak eýeleri kesgitlenildi.

Aziada-2017-niň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň ýardam bermeginde Sport baradaky döwlet komiteti, Welosport federasiýasy we Milli tehniki merkezi tarapyndan guralan ýaryşlara Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň toparlary, jemi 50-ä ýakyn türgen gatnaşdy. Olar ýaş aýratynlyklary boýunça üçe—16 ýaşa çenli ýetginjekler, 1998-1999-njy ýylda doglan ýaşlar we erkekler düzümi diýen toparlara bölündiler. Medallar ugrunda welosiped ýaryşlarynyň trek görnüşleriniňi ikisi – “Git” duran ýeriňden /şahsy ýaryş/ hem-de yzyna düşme görnüşdäki aýratynlykdaky ýaryş boýunça bäsleşildi.

Birinji görnüşde iň oňat sport taýýarlygyny aşgabatlylar görkezdiler. Olar ýaş aýratynlyklarynyň hemme toparynda hormat münberiniň ählisini eýelediler. Iň ýaşlaryň toparynda S.Gylyjow, K.Rejepow we S.Saparow tapawutlandylar. Ýaşlaryň arasynda medallary K.Ataýew, B.Seýitnazarow we  O.Gaýipow, erkekleriň düzüminde bolsa A.Hojagulyýew, R.Amangeldiýew hem-de Y.Öwezmyradow paýlaşdylar.  

Trek weloýaryşlarynyň ikinji görnüşinde birinjilik ugrundaky bäsleşige Lebap we Mary welaýatlarynyň toparlarynyň wekilleri goşuldylar. 2000-nji ýylda doglan we ondan ýaşyrak ýetginjekleriň toparynda Türkmenabatdan bolan türgenler U.Huseýnow hem-de G.Jepbarow degişlilikde altyn we kümüş baýragy eýelediler. Maryly welosipedçi A.Hojagulyýewe bolsa erkekler toparyna gatnaşyjylaryň arasynda taý tapylmady. Yzyna düşme görnüşdäki aýratynlykdaky ýaryşda  aşgabatlylar ýeke-täk altyn medaly  18 ýaşa çenli bolan ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda gazandylar. Oňa K.Ataýew mynasyp boldy. 

Häzirki ýaryşlary geçirmekde talyp-meýletinçiler işjeň kömek berdiler. Olar geljek ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda işlärler. Sport teswirnamalaryny doldurmak, welosiped ýaryşynyň türgenlerine edýän  aýlawlarynyň hem-de pellehana çenli galan aýlawyň möçberini habar berýän ulgama hyzmat etmek meýletin kömekçileriň borçlaryna girdi.    

Mälim bolşy ýaly, welosport boýunça trek ýaryşlary Aziada-2017-niň   maksatnamasyna girýär. Şeýle ýaryşlar, şol sanda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda guralan ýaryşlar biziň ýygyndymyza Türkmenistanyň baş sport forumyna netijeli taýýarlyk görmek üçin zerurdyr. Şunuň bilen baglylyklda, şu ýylyň güýzünde bu ýerde ençeme ýurtlaryň güýçli türgenleriniň gatnaşmagynda synag ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. 

13-14-nji martda bolsa Aşgabatda giň ulag ýollarynda ýaryşmak boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Ýaryşlaryň birinji gününde oňa gatnaşyjylar Içeri işler ministrliginiň awtosport merkezine ýygnanarlar, ikinji güni bolsa Çandybil we Arçabil şaýollarynyň ugry boýunça ýaryşarlar.   

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Welosport fedarasiýasynyň ýolbaşçylary Russiýanyň Welosiped sportunyň federasiýasynyň wekilleri bilen  Aşgabatda tälimçileriň hem-de eminleriň okuw maslahatyny guramak barada gepleşikleri alyp barýarlar. Şeýle okuw maslahatlaryň birini ýakyn geljekde geçirmek meýilleşdirilýär.   

Öňde boljak Aşgabat-2017 Oýunlaryna taýýarlyk görmek maksady bilen,   geçen ýylyň gýüzünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy boýunça Türkmenistanyň welosiped sportunyň Milli tehniki merkezi döredildi. Bu merkez Welosiped sportunyň federasiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň welosiped sportunyň Milli tehniki merkeziniň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşy gurady. Ýurdumyzyň iň güýçli türgenleri paýtagtymyzyň ulag ýolarynda hem-de IIM-niň awtosport merkezinde birnäçe günüň dowamynda ýaryşdylar. 

Şol döwürde Milli tehniki merkez meşhur “Duratec” çeh kompaniýasy bilen häzirki zaman sport welosipedlerini hem-de egin-eşiklerini satyn almak hakynda ylalaşyk baglaşdy. Şeýle hem welosipedçileriň halkara birleşigi bilen türkmen welosipedçi türgenlerini taýýarlamak üçin ýokary derejeli tälimçi bilen şertnama baglaşmak barada gepleşikler alnyp barylýar. 

Degişli makalalar

Türkmen Kikboksçylarynyň Üstünligi

Turkmen Uşuçylary Dünýä Çempionatyna Taýýarlyk Görýärler

syrach

Karate ussatlarynyň alty medaly.

syrach