01.12.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä ýurduň Kair şäherinde Kopt ybadathanasynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Baştutany şu agyr pursatda, gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Degişli makalalar

BMG-niň we Türkmenistanyň Döwlet Edaralarynyň Wekilleri Ähmiýetli Meseleleriň Ençemesini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary Işler Ministrlikleriniň Arasyndaky Syýasy Geňeşmeler

turkmenhabargullugy

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygyna Bagyşlanan Dabara

turkmenhabargullugy