18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk Binasyna Gül Goýmak Dabarasyna Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk Binasyna Gül Goýmak Dabarasyna Gatnaşdy

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli senenamanyň esasy seneleriniň biri bolan Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 21 ýyllygyny giňden belleýär. Şöhratly sene mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandy. Türkmen paýtagty dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Däp boýunça ir ertirden eziz Watanymyzyň, tutuş türkmen halkymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we hoşniýetliligiň maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň nyşany bolup durýan belent ýadygärligiň ýanyna aşgabatlylar hem-de daşary ýurtly myhmanlar gelip başladylar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Mejlisiň Başlygy hem-de deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzda işleýän ilçihanalaryň hem-de diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar bar.

Bu ýere ýygnananlar häzirki eýýamda Türkmenistanyň okgunly ösüşini şertlendiren hem-de ata Watanymyza halkara derejesinde belent abraý getiren täzeçillik, öňdengörüjilikli syýasaty bilen tanalýan hem-de döredijilikli parahatçylykly başlangyçlaryň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimizi uly joşgun bilen garşylaýarlar.

Hemişelik Bitaraplyk derejesine hem-de halkymyza gadymdan bäri mahsus bolan ruhy gymmatlyklara we ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýaly däplere esaslanan bu strategiýa mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmenistanlylaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň ygtybarly kepiline öwrüldi. Giň oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen hem-de bütin adamzadyň bähbitlerine kybap gelýän ýörelge Türkmenistanyň daşary syýasat işleriniň üstünligini öňünden kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelýär. Bu ýerde türkmen halkymyzyň edermen ata-babalarynyň şöhratly däpleriniň mynasyp eýeleri bolan Milli goşunymyzyň merdana esgerleriniň Hormat garawuly nyzama düzülipdir.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda Bitaraplyk binasynyň etegine gül çemenini goýýar.

Döwlet Baştutanymyzyň yzýany bilen Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dabara gatnaşýan beýleki adamlar gül goýýarlar.

Adam akymy beýik ýadygärligiň töweregindäki giňişligi gurşap alýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” diýen ýörite kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berilýän ýokary bahanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol strategiýa türkmen halkynyň sarpa goýup eýerýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgelerine esaslanandyr. Häzir ýurdumyz Bitaraplygyň mysaly we anyk işi bilen adamzadyň ylalaşyk gazanmak we hyzmatdaşlyk etmek ugrunda täsin ýörelgäni tapmaga bolan ymtylmasyna uly goşant goşýandygyna buýsanmaga haklydyr.

Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň özbaşdaklygynyň pugtalandyrylmagynyň hem-de depginli durmuş-ykdysady ösüşiniň kepiline öwrülip, ýurdumyza halkara gatnaşyklarynda Garaşsyz döwlet hökmünde milli bähbitlerini durmuşa geçirmegiň netijeli ýoluny tapmaga mümkinçilik berdi. Türkmen Bitaraplygynyň nusgasy häzirki wagtda sebit durnuklylygyny üpjün etmegiň hem-de netijelilik we özara hormat goýmak esasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm ýagdaýy bolup hyzmat edýär. Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun tutýan Türkmenistanyň alyp barýan ähli işleri Bitaraplygyň düýp mazmunynda jemlenen, ilkinji nobatda, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk hem-de parahatçylyk döredijilik ýagdaýlaryna işjeň ýardam bermek baradaky ýörelgelerine pugta eýerýändiginiň nusgasy bolup durýar.

Soňky ýyllarda Bitaraplyk derejesi dünýäniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda giň özara gatnaşyklary ýola goýmakda, köptaraply daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde ähmiýetli orna eýe bolýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň üstüniň hil taýdan täze mazmun bilen ýetirilmegi parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmak ýörelgelerini üpjün etdi. Bular bolsa Bitaraplygyň binýatlyk ugurlary bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň belent ynsanperwer maksatlary bolan döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly, adalatly, deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmak, ösüşiň özboluşly nusgasyna özara hormat goýmak Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary alyp baranda eýerýän baş ýörelgeleridir.

Ýurdumyz öz ösüş ýoluny saýlap alyp, BMG tarapyndan berlen derejäni durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanýar hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam edýän milli, sebit hem-de yklym ähmiýetli iri taslamalary maksadalaýyk amala aşyrýar. Döwletimiz Bitaraplyk derejesine daýanyp, ýaşaýşyň ýokary hil derejesi bolan ýurtlaryň hataryna çalt goşulmak üçin özüniň geosyýasy, ykdysady, serişde we adam mümkinçiligini peýdalanyp, döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.

Geçen ýyllaryň içinde döwletimiziň Bitarap, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem-de, dünýä jemgyýetçiliginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine hem-de döwletara gatnaşyklarynyň esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna sazlaşykly çemeleşmeleriň ýagdaýlaryna özüniň ygrarlydygyny görkezdi. Häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerini çözmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän netijeli başlangyçlary deňhukukly halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýurdumyzyň jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär.

Aýry-aýry döwletler bilen bolşy ýaly, halkara guramalary bilen hem köpugurly hyzmatdaşlygyň çäkleriniň işjeň giňeldilmegi netijesinde, ýurdumyzyň daşary syýasaty Milletler Bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi munuň subutnamasy boldy.

Döwletimiz daşary syýasatynyň esasy ugry bolan Bitaraplyk derejesini yzygiderli berjaý edip, ählumumy işlere barha işjeň goşulyp, parahatçylygyň we agzybirligiň, adamzadyň belent maksatlarynyň berkarar bolmagynyň bähbidine halkara gatnaşyklaryna uly goşant goşýar.

Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Degişli makalalar

Bir Düýşüň 18 Ýyldan Soňky Ýorgudy

turkmenhabargullugy

Türkmen Howa Ýollary Gatnawlaryň Uçuş Rejesiniň Tertibi

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri