21.7 C
Aşkabat
06.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Pagtaçylaryň Zähmet Üstünligi Baradaky Hoş Habary Kabul Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan, şeýle hem Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden pagta ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada hoş habarlary kabul etdi.


Wise-premýer R.Bazarowyň hasabat berşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň öňýanynda pagtaçy kärendeçilerimiziň yhlasly zähmeti netijesinde “ak altynyň” bol hasylynyň 1 million 50 müň tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyryldy.


Soňra döwlet Baştutanymyza pagta ýygnamak möwsüminde bellenilen görkezijiler hakynda welaýatlaryň häkimleri hasabat berdiler. Şanly waka mynasybetli paýtagtymyza gelen her welaýatyň çagalary öz ildeşleriniň gazanan üstünligine buýsanjyň alamaty hökmünde zähmet üstünligini alamatlandyrýan ak pagtaly horjunlary alyp geldiler. 


Welaýatlardan gelen çagalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän goşgulary ruhubelentlik bilen okadylar. 


Hormatly Prezidentimiz minnetdarlyk bildirip, döwletimiziň geljekde hem oba hojalyk önüm öndürijileri hakynda, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň maddy–enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de daýhanlaryň önjeýli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ajaýyp şertleri döretmek barada alada etjekdigini aýtdy. 


Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň ajaýyp däplerini dowam edýän�”ösüp gelýän ýaşlara gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak bilen, olaryň haýyşy boýunça şanly waka mynasybetli çagalar bilen surata düşdi. 


Welaýatlaryň häkimleri döwlet Baştutanymyzy eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňýanynda türkmen daýhanlarynyň gazanan uly zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Olar öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, pagta hasylynyň soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin ýokary depginlerde zähmet çekmegi dowam edýärler.


Bu ýere ýygnananlar–Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy,  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi bilen gutlap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni halkymyzyň şanly wakalaryna we zähmet üstünliklerine beslenýändigini bellediler.


Milli Liderimiziň obasenagat toplumyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi, hemmetaraplaýyn döwlet goldawy daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ajaýyp şertleri döretdi. Daýhanlara dökünleriň, ýokary hilli tohumlaryň arzan bahalardan berilmegi, olaryň döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilmegi we beýleki çäreler oba hojalyk pudagynyň netijeliligini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri döretdi. Adamlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak, welaýatlarda täze amatly jaýlary, üpjün edilen mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş we medeni merkezlerini, sport desgalaryny, döwrebap şäherçeleri gurmak boýunça uly işler geçirilýär. 


Türkmenistanyň Prezidentine oba hojalyk pudygyny ösdürmek we onuň zähmetsöýer daýhanlary barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi, şeýle hem milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işlerinde egsilmez gujur-gaýrat we täze üstünlikler arzuw edildi.


Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ösüşiň ýolunda bedew bady bilen öňe tarap gadam urýan ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy diýip belledi. Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň oba hojalygy hem yzygiderli ösdürilýär. Döwletimiz daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak üçin ähli şertleri döredýär. 


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary uly zähmet üstünligi bilen ýene bir gezek gutlap, öz egindeşlerine «Türkmenistan» atly kitabynyň ilkinji nusgalaryny gowşurdy.


Döwlet Baştutanymyz nobatdaky edebi eserini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlady. Täze neşirde mähriban halkymyzyň  bitiren asyrlara barabar işleri beýan etildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  dabara gatnaşyjylara  ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna çykarylan ýadygärlik şaýy pullaryny gowşurdy. 


“Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň we döredijilikli zähmet çekmeginiň bähbidine edilýän ähli işler “Döwlet adam üçindir!” diýip yglan eden baş ýörelgämizi üstünlikli amala aşyrmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow babadaýhanlary, oba hojalygynyň ähli zähmetkeşlerini şu günki ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de ata Watanymyzyň bähbidine täze zähmet üstünliklerini arzuw edip, 


“Edermen pagtaçylar, çäjiňize bereket!


Bereketli topragymyzyň bolçulygy mundan beýläk-de artsyn!” diýip ýüzlendi. 

Degişli makalalar

Poçta Aragatnaşygy Hyzmatlarynyň Çägi Giňelýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Göçme

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Birdirdi

syrach