21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
DÜNÝÄ DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Birdirdi

Yslamabat şäheriniň golaýynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde köp sanly adam pidalary bolanlygy sebäpli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň adyna gynanç hatyny iberdi.

Onda şeýle diýilýär. Siziň Alyhezretiňiz Yslamabat şäheriniň golaýynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde köp sanly adam pidalary we şikes ýetmeleri zerarly meniň gynanjymy kabul ediň.

Şu agyr pursatda heläkçiligiň netijelerini ýeňip geçmekde Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden ruhy durnuklylyk we gujur-gaýrat dileýärin. Gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna meniň çuňňur gynanjymy hem-de medet beriji sözlerimi ýetirmegiňizi haýyş edýärin.

kaynak: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

V Aziýa Oýunlaryna Doly Möçberli Taýýarlyk Işleri Alnyp Barylýar

Türkmenistan-BMG: gender syýasaty meseleleri boýunça gatnaşyklary ösdürip

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach