15.01.2026
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Polat Bilbil Ogluny Gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň halk artisti Polat Bilbil ogluna doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Milli Liderimiz öz gutlagynda Polat Bilbil oglunyň köp ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly goşant goşandygyny belledi. «Şoňa görä-de, Türkmenistanda Size görnükli kompozitor we ajaýyp aýdymçy hökmünde uly hormat goýulýar, Siziň döredijiligiňiz türkmen halkynyň ýüreginde aýratyn orun eýeleýär» diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Polat Bilbil ogluna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işlerinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

BMG: adamzadyň ösüşiniň hatyrasyna hyzmatdaşlygy giňeldip.

syrach

Hazarýaka Döwletleriň Ygtyýarly Wekilleriniň Duşuşygy

turkmenhabargullugy

Boas Aziýa Forumynyň Onlaýn-Duşuşygynda Pandemiýa Şertlerinde Ýüze Çykan Wehimleri Ýeňip Geçmek Boýunça Türkmenistanyň Eýeleýän Orny Beýan Edildi