20 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna Gynanç Bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al-Sauda onuň dogany Şazada Mişaal ben Abdelaziz Al-Saudyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Goý, Gudraty güýçli Allatagala maşgalaňyzyň ähli agzalaryna ruhy durnuklylyk we mertlik bersin” diýip, gynanç hatynda aýdylýar.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Saud Arabystanynyň Patyşasynyň maşgalasynyň agzalaryna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hassan Ruhana Gülüstan welaýatyndaky “Zemestan-Ýurt” kömür şahtasynda bolup geçen partlama netijesinde adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewe ýurduň Oş oblastynda bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren süýşgün zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

 

Degişli makalalar

Köýtendag-Syrlar Mesgeni

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkiýe Respublikasynda Bilim Alýan Türkmen Talyplara Bildiriş

turkmenhabargullugy