29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Söweşjeň Baýdaklary Gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Söweşjeň Baýdaklary Gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen döredilen täze harby bölümlere söweşjeň baýdaklary gowşurdy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň söweşjeň baýdaklaryny döretmek hakynda Permana hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekildi. Bu barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda habar berildi.

Şol gün hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem-de Harby institutynda söweşjeň baýdaklaryň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bu ýere Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda söweşjeň baýdaklary alan harby bölümleriň serkerdeleri we şahsy düzümi, şeýle hem Goranmak ministrliginiň serkerdeleri, esgerleri, harby talyplar we harby mekdepleriň okuwçylary ýygnandylar.

Bu wakanyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 25 ýyllygynyň hem-de Watan goragçylarynyň gününiň öňýanynda bolup geçmegi oňa özboluşly many berdi. Bu baýramçylyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2008-nji ýylda döredildi we her ýyl 27-nji ýanwarda bellenilip geçilýär.

Degişli makalalar

Bosgunlaryň Ýygyndy Topary «Aşgabat 2017» Oýunlaryna Gatnaşarlar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ýaragsyzlanmak we Howpsuzlyk Meseleleri Boýunça Syýasaty

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Şahsy Durmuş Barada Maglumat we Ony Goramak Hakynda