21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Onuň Alyhezreti Maha Wajiralongkorn Bodindradebaýawarangkuna Tailandyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Tailandyň Patyşasyna berk jan saglyk, bagt, Tailandyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edip, Onuň Alyhezreti Maha Wajiralongkorn Bodindradebaýawarangkuna uly hormat goýýandygyny hem-de iki ýurduň we halklaryň arasyndaky ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Degişli makalalar

Aşgabatly Okuwçylar Hytaý we Ýapon Dillerini Gowy Bilýändiklerini Görkezdiler

Türkmenistan – Gazagystan; Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalanýar.

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat Wekillerine Ýüzlenmesi

syrach