21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär, Daşoguz Welaýatynyň Häkiminiň Oba Hojalyk Boýunça Orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowyň MAKSATNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär, Daşoguz Welaýatynyň Häkiminiň Oba Hojalyk Boýunça Orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowyň MAKSATNAMASY

Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Halkymyz taryh üçin örän gysga döwürde özüniň döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda we medeniýetde ägirt uly ähmiýetli üstünlikleri gazandy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 25 ýylynyň içinde Türkmenistan beýleki döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny berkidip, dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň agzasyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ajaýyp hem nurana geljeginiň hatyrasyna ägirt uly maksatnamalar toplumlaýyn amala aşyrylýar, ykdysadyýeti ösdürmegiň milli nusgasy durmuşa geçirilýär.

Geçen döwrüň içinde ulag we aragatnaşyk, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrdy. 2015-nji ýylda milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň täze tapgyryny açdy.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýady Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen üpjün edildi.

Esasy Kanunyň hukuk kadalary diňe bir şu günki günüň syýasy, ykdysady we durmuş meselelerini gozgamak bilen çäklenmän, eýsem, ýakyn we uzak geljegi ugur edinýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda halkymyzyň milli däp-dessurlary we durmuş tejribesi, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan halatymda, men özüm üçin halkymyzyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini kepillendirýän esasy maksatlary kesgitledim.

Döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, jemgyýetimizde demokratik esaslary ösdürmäge gönükdirilen işleri giň gerimde alyp barmak üçin ähli tagallalary etjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.

Kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň gülläp ösmegini ugur edinýän durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmaga ýardam edýän täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak dowam eder.

Men köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen birleşen döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy we netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekligi dowam ederin.

Bitaraplyk derejesine, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda halkara gatnaşyklarynyň çee we sazlaşykly ulgamynyň döredilmegine esaslanan parahatçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny giňeldip, ylalaşdyryjylyk işlerine işjeň ýardam etmek bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak babatda
zerur işleri durmuşa geçirjekdigimize saýlawçylary ynandyrýaryn.

Eziz Watanymyz bu gün ykdysady taýdan dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň biri bolup durýar. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny innowasion esasda sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Bu babatda, ilki bilen:
– dünýäniň öňdebaryjy tejribesini peýdalanmak bilen, oba hojalygyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak;
– ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş orunlaryny döretmek ýoly bilen, ilatyň iş üpjünçilik meselesini çözmek;
– ilatyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak, nyrhlary elýeterli derejelerde saklamak maksady bilen, zähmet haklaryny ýokarlandyrmak;
– pensiýa üpjünçiligini dünýä derejesine ýetirmek, döwlet kömek pullarynyň we ýeňillikler ulgamynyň ilatyň zähmete ukypsyz bölegi üçin salgytlary azaltmak, durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
– ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary döwletlere ibermek, daşary ýurtlardan getirilýän çig maly gaýtadan işleýän täze kärhanalary açmak syýasatyny ýöretmek,
-ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilaty täze iş orunlary bilen üpjün etmek maksady bilen, oba hojalygynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hem-de ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek.
– oba ýerlerinde senagat kärhanalarynyň, agrosenagat birleşiginiň önümçiliklerini döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek;
– taýýar azyk önümleriniň ähli basgançaklaryny özünde jemleýän döwrebap agrofirmalary we agrokombinatlary gurup, işe girizmek bilen bagly işlere hem giň gerim bereris.

Pagtaçylyk pudagynyň ösmegine hem uly goldaw bereris. Pagtanyň satyn alnyş nyrhlarynyň artdyrylmagyny gazanarys. Şeýlelikde, daýhanlaryň pagta çig malyny ýetişdirmäge bolan höwesiniň artdyrylmagyna gönükdirilen zerur şertleri dörederis.

Oba hojalygy üçin bilimli hünärmenleriň taýýarlanylyşyna uly ähmiýet bereris.

Tejribeli daýhanlaryň ýaşlara hünär öwretmekleriniň ýörite mekdebini, daýhan birleşiklerinde maglumatlar merkezini dörederis.

Ähli tapgyrlarda hünärmen-tehniki mekdepleriň we oba hojalyk ugry boýunça okuw merkezlerini gurarys.

Topragy we tehnikany içgin bilýän hakyky hünärmenleriň gatlagynyň emele gelmegi üçin zerur şertleri dörederis.

Oba hojalyk ulgamynda işlejek kämil hünärmenleri ýetişdirmek üçin ýokary okuw mekdeplerimiziň ýanyndaky okuw-tejribe hojalyklarynyň işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bereris.

Hereket edýän ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň ylmy işlerini we mümkinçiliklerini kämilleşdirmek ýaly anyk çäreleriň amala aşyrylmagynyň geljegi uly bolup durýar.

Daşky gurşawy goramak, adamyň saglygyny goramagyň möhüm bölegi bolan azyk önümleriniň hiline berk gözegçilik etmek, ilatyň durmuş medeniýetini ýokarlandyrmak, bedenterbiýäni we sporty adamlaryň durmuşyna köpçülikleýin ornaşdyrmak barada yzygiderli alada ederis. Bu meselede beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlaryň kemala gelmegine aýratyn ähmiýet bererin.

Azyk bolçulygyny döretmäge, daýhan birleşiklerini artdyrmagyň, olary tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň hem-de oba senagat toplumynyň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen oba senagat syýasatyny alyp barmak meniň esasy wezipelerimiň biri bolar.

Ylym we bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeleri geçirmegi dowam ederis. Bilim ýurduň geljegini, jemgyýetimiziň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup durýar.

Hut şonuň üçin ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we gözýetiminiň giňelmegi üçin şertleri döretmek boýunça işleri dowam ederis.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny hemmetaraplaýyn öwrenip, bu hazynany täze nesli terbiýelemekde giňden ulanmagyň usullaryny işläp düzeris.

Ideologiýa işini kämilleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamyň işini hem dünýä derejesine ýetirmek boýunça işler geçiriler.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenary bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çäreleri kesgitläris.
Türkmenistanyň beýleki gözel künjeklerinde saglygy dikeldiş we dynç alyş maksatly binalaryň ulgamyny döredip, olarda diňe bir ýurdumyzyň raýatlarynyň däl, eýsem ýer ýüzüniň ähli yklymlarynyň ynsanlarynyň dynç almaklary, syýahat etmekleri üçin oňyn şertleri dörederis.

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn doly bilim alyp bilmekleri üçin orta we ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hünär derejesiniň ýokarlanmak boýunça işler geçiriler.

Ilatyň saglygy baradaky aladany üns merkezimizde saklarys we lukmançylyk edaralarynyň täze-täze binalaryny gurup, olary dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün ederis we saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmäge gönükdirilen ulgamlaýyn işleri alyp bararys.

Köpçülikleýin sporty we sport-sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça çäreler milletiň geljegi baradaky alada bilen baglydyr. Bu meselede ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sport mekdepleriniň, sport merkezleriniň, türgenleşik zallarynyň ulgamyny döretmäge uly ähmiýet bereris.

Döwletimiz geljekde hem oba zähmetkeşlerini hemmetaraplaýyn goldar.

Oba hojalygynyň hajatlary üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnikalaryny satyn almagy dowam ederis, her bir etrabyň obalaryny we şäherçelerini ösdürmek we abadanlaşdyrmak üçin maliýe serişdelerini gönükdireris.

Welaýatlarda, şäherlerde, etrap merkezlerinde, obalarda we şäherçelerde ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurulmagyna, ulag düzüminiň, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynyň ösmegine aýratyn üns bereris. Munuň üçin goşmaça şertleri dörederis.

Türkmenistanyň daşary syýasaty ýurtlaryň we halklaryň durnukly we ygtybarly ösmegini, giň we netijeli, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýär. Ol birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar.

Biz geljekde hem ýakyn goňşularymyz we dünýäniň beýleki döwletleri bilen özara bähbitli şertlerde hyzmatdaşlyk ederis.

Türkmenistan döwletimiziň öz ösüşiniň täze tapgyryny başdan geçirýän döwründe eziz Diýarymyzyň we merdana halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň we erkana durmuşynyň hatyrasyna, ýurdumyzy syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, ata Watanymyzyň halkara abraýyny we mertebesini beýgeltmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekmek ýurdumyzyň her bir raýatynyň mukaddes borjy hasaplanylýar.

Ata Watanymyzda asly halallyga ýugrulan, zähmetsöýer we agzybir halkymyz bilen bilelikde, döwletimiziň mundan beýläk hem has-da gülläp ösmegi ugrunda özümiň ähli başarnygymy, tagallalarymy gaýgyrman, yhlasly zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylda size berk jan saglyk, işde üstünlik, şeýle hem abadançylyk arzuw edýärin!

***

Gurbanow Meretdurdy Isgenderowiçiň T E R J I M E H A LY

Gurbanow Meretdurdy Isgenderowiç 1976-njy ýylyň 11-nji awgustynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde doguldy.

1983-1993-nji ýyllarda Köneürgenç şäheriniň 1-nji orta mekdebinde okady. 1994-1998-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, şol uniwersiteti alym agronom hünäri boýunça tamamlady.

1999-2000-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Köneürgenç pagta arassalaýjy kärhanasynyň “Akgala” daýhan birleşigine berkidilen agronomy bolup işledi.

2000-2004-nji ýyllar aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Köneürgenç pagta arassalaýjy kärhanasynyň baş agronomy, pagta çigidi boýunça haryt hünärmeni, 20-nji pagta kabul ediş harmanhanasynyň pagta sortlaýjysy wezipelerinde işledi.

2004-2009-njy ýyllarda Köneürgenç etrap häkiminiň kömekçisi bolup işledi. 2009-2012-njy ýyllarda Daşoguz welaýat häkimliginiň Oba hojalyk toplumy bölüminiň baş hünärmeni, häkimiň kömekçisi, welaýat häkimliginiň iş dolandyryjysy, 2012-2015-nji ýyllarda Gubadag etrabynyň häkimi wezipelerinde işledi.

2015-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, dört çagasy bar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Liwan Respublikasynyň Prezidentini Gutlady

turkmenhabargullugy

Grek-Rim Boýunça XI Spartakiadanyň Ýeňijileri Belli Boldy

Kaliý Kombinaty Ýurdumyzyň Senagatlaşdyrylmagynda Möhüm Ädim Bolar