23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Gecirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Gecirdi

Durdugylyç Orazow Daşoguz welaýatynyň saýlawçylaryny saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy

Daşoguz welaýatynyň döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär – Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdugylyç Orazow bilen ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň saýlawçylarynyň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň başynda dalaşgäriň ynanylan wekiline söz berildi. Ol özüni oňat guramaçy we ökde hünärmen hökmünde tanadan, bilim ulgamynda we oba hojalyk pudagynda uly iş tejribesi bolan ak ýürekli adam hökmünde häsiýetlendirilýän D.Orazowyň zähmet ýoly bilen ýygnananlary tanyşdyrdy.

Soňra çykyş eden D.Orazow agrar partiýanyň wekillerine özüni ýokary döwlet wezipesine hödürlänleri üçin uly hoşallyk bildirdi hem-de ýygnananlara özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi.

Hususan-da, ol häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine ýurdumyzyň ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin uly işleri durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda milli ykdysadyýeti ösdürmek, azyk howpsuzlygyny, durnuklylygy we ýurtda abadançylygy pugtalandyrmak, demokratik hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek görkezildi. Parahatçylyk, durnuklylyk we agzybirlik dostlukly gatnaşyklaryň hemişe sarpasyny tutan halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgeleri bolup durýar. Meniň maksadym bu gatnaşyklary ösdürmäge we kämilleşdirmäge öz goşandymy goşmakdan ybarat diýip, dalaşgär aýtdy.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmäge hem-de bu işde Agrar partiýanyň eýeleýän ornuna uly üns berildi. Şeýle wezipeleriň hatarynda ýerlerdäki ilatyň ýaşaýşynyň ýokary derejesini üpjün etmek üçin zerur düzümleri döretmek, oba hojalyk önümçiligini ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça senagat, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini hasaba almak bilen oba hojalyk ekinleriniň täze ýokary hasylly tohumlaryny ornaşdyrmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan işleriň netijelliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem hususy ulgamy, şol sanda kiçi we orta kärhanalary ösdürmek görkezildi.

Soňra D.Orazow saýlawçylaryň durmuş ýeňillikleri, welaýatyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmegiň geljegi, suwdan peýdalanmak, şeýle hem bilim ulgamy we welaýatda sport hereketlerine degişli sowallaryna jogap berdi.

Dalaşgär türkmen atçylyk sportuny mundan beýläk hem ösdürmek hem-de onuň halkara derejesindäki eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, behişdi bedewlerimiziň abraýyny ýokary götermek hem-de türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolup durýan ahalteke atlarynyň tohumynyň arassalygyny saklamak üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Duşuşyga gatnaşanlara özüni üns berip diňländikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär olary milli demokratiýanyň ýörelgelerine eýerip, saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge, saýlawçylaryň ýokary gatnaşygyny üpjün edip, dalaşgärleriň iň mynasybyny saýlamaga çagyrdy.

 

Süleýmannepes Nurnepesow Lebap welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Lebap welaýatynyň merkezinde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy.

S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen duşuşyga ýerli häkimiýet düzümleriň ýolbaşçylary, zähmetkeş toparlaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Ilki bilen ynanylan wekile söz berildi. Ol ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ýokary döwlet wezipesine dalaşgäri iş başarjaň ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň düzümlerinde dürli wezipelerde işlän döwürlerinde toplan iş tejribesi bellenildi. S.Nurnepesow 2012-nji ýylyň fewralynda bu önümçilik birleşiginiň baş direktory bellenildi.

S.Nurnepesow eger-de ol Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlansa, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadanlygynyň bähbidine saýlawyň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň ähli bölümlerini amala aşyrmak üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny belledi.

Şunlukda, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýurdumyzyň önümleriniň öndürilişini, ýurduň baý serişde mümkinçiliklerini we tebigy baýlyklaryny, şol sanda täze uly senagat kärhanalaryny gurmagyň hasabyna artdyrmak boýunça çäreleriň giň toplumyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Lebapda, Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda kükürt kislotasyny öndürmek boýunça önümçilik kuwwaty bir ýylda 500 müň tonna önüme barabar bolan täze senagat düzüminiň gurluşygy dowam etdiriler.

Dalaşgär bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş üpjünçiligi pudaklaryny ösdürmäge mundan beýläk hem uly üns beriljekdigine ynandyrdy.

Bellenilişi ýaly, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk esasynda amala aşyrylýan häzirki daşary syýasy ugra laýyklykda, dünýäniň dürli döwletleri bilen, ilkinji nobatda bolsa goňşy döwletler bilen özara bähbitli dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam etdiriler.

S.Nurnepesow öz saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň käbir gyzyklanma bildirilýän bölümleri barada ýygananlaryň sowallaryna anyk jogaplar berdi hem-de olary ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan ýaşamagy, Türkmenistanyň halkara derejesinde abraýynyň ösmegi üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

 

Maryda saýlawçylaryň Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi

Bu ýerde saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär – Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy.

M.Kemine adyndaky döwlet drama teatryna ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýatyň kärhanalarynyň we guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Duşuşygyň barşynda dalaşgäriň ynanylan wekiline söz berildi. Ol ýygnananlary S.Jelilowyň zähmet ýoly we şahsy başarnyklary bilen tanyşdyrdy. Dalaşgäri iş bajarjaň, pähimli ýolbaşçy, halk arasynda uly abraýdan peýdalanýan ak ýürekli adam hökmünde häsiýetlendirip, dalaşgäriň wekili Mary welaýatynyň saýlawçylaryny bu dalaşgäre ses bermäge çagyrdy.

Soňra ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi çykyş etdi. S.Jelilow özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyny beýan edip, onuň esasy ugurlarynyň mundan beýläk hem Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakdan, ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklaryny, hususan-da, ýangyç-energetika toplumyny, dokma, oba hojalyk, senagat we ulag düzümlerini iň täze tehnologiýalarynyň esasynda güýçli ösdürmegiň hasabyna ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, şeýle hem şahsy telekeçilige goldaw bermekden ybaratdygyny belledi.

Agrar pudakdaky özgertmeler barada aýtmak bilen, ol oba hojalyk pudagyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin göz öňünde tutulýan çäreleri jikme-jik beýan etdi. Obasenagat toplumynyň tehniki taýdan doly enjamlaşdyrylmagy oba zähmetkeşlerine goldaw bermäge ýardam eder. Dalaşgäriň pikirine görä, etraplaryň ilaty üçin goşmaça iş orunlaryny döretmek maksady bilen, obalarda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän taýyn harytlary goýbermek boýunça önümçiligi, şahsy gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek zerur bolup durýar. Şeýle hem döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň we maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygy dowam etdiriler. Bu bolsa azyk bolçulygyny üpjün eder diýip, S.Jelilow ynandyrdy.

Dalaşgäriň aýtmagyna görä, halkara gatnaşyklarynda ol parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, döwletmize ýokary halkara abraýyny getiren Bitaraplyk syýasatyny alyp barmagy göz öňünde tutýar.

Duşuşygyň dowamynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet, syýahatçylyk, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi we ösüp barýan ýaş nesliň terbiýesi hakynda saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi.

Uly gyzyklanma bilen diňlänleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär saýlawçylary öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin önjeýli zähmet çekjekdigine we özüniň ähli gujur-gaýratyny hem-de ukyp-başarnygyny, mähriban halkymyzyň hyzmatyna gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Türkmen Zyýaratçylary Magtymguly Pyragynyň we Onuň Atasy Döwletmämmet Azadynyň Aramgähinde Aýat-Doga Okadylar

Goňşy Özbegistanyň Çagalary Awaza Dynç Almaga Geldiler

turkmenhabargullugy