2.9 C
Aşkabat
15.03.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanyň Ýygyndy Toparynyň Hüjümçisi Özbegistanyň Futbol Çempionatynda Çykyş Eder

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Didar Durdyýew Özbegistanyň Superligasynyň wekili “Maşal” toparynyň düzümine goşuldy.

Ýeri gelende bellesek, 26 ýaşly D.Durdyýew geçen möwsümde “Ahal” toparynyň düzüminde derwezelere geçiren 14 topy bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň netijeli oýunçysy bolupdy.

“Maşal” – Mubarek toparynyň futbol topary. 1982-nji ýylda döredilen bu topar Özbegistanyň futbol çempionatynda bürünç hem-de kümüş medallaryny gazanmagy başardy. 2018-nji ýylda ýokary ligany terk eden bu topar geçen möwsüm “Pro-Ligany” ýeňiş bilen tamamlap, ýokary liga dolanmagy başardy.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Aşgabadyň Olimpiýa Şäherjiginde Meşhur “Harlem Globetrotters” Toparynyň Gatnaşmagynda Basketbol Tomaşasy Geçirildi

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

ÝHHG-niň DIAHB-nyň Bilermenleri Türkmenistanyň DIM-nde Duşuşyk Geçirdiler