29.3 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap Welaýatyna Iş Sapary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Amyderýa jülgesiniň senagat düzüminiň täze iri gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu sebitde durmuş-ykdysady taslamalaryň ilerledilişi bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň abadançylygy baradaky alada giň möçberli oňyn özgertmeler syýasatynyň başyny başlaýjy döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Şol özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz ähli ulgamlarda haýran galdyryjy netijeleri gazandy hem-de geljege ynamly garaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitler boýunça iş saparlaryny yzygiderli amala aşyryp, ýerlerde tutuş halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak işini çaltlandyrmak, sahawatly türkmen topragynyň baý serişdelerini rejeli hem-de netijeli ulanmak we munuň üçin ägirt uly kuwwatdan ýerlikli peýdalanmak bilen baglanyşykly özgertmeleriň ilerledilişi bilen tanyşýar.

Iri hem-de täsin kärhanalaryň — kaliý dökünini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň, Garlygyň golaýynda sement zawodynyň,
Amyderýanyň üstünden demir ýol we awtomobil gatnawlary, haryt dolanyşygynyň hem-de eksportyň möçberlerini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýan köprüleriň gurulmagy gönüden-göni şu wezipäni çözmek bilen baglanyşyklydyr.

Hut şu ýerde, nebitiň we gazyň uly ýataklarynyň açylan ýeri bolan Amyderýanyň sag kenarynda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi başlanýar. Müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek pikiri şu gaz geçirijide öz beýanyny tapdy. Gündogar sebitde iri himiýa we dokma senagaty kärhanalary guruldy, oba hojalygy ýokary depginler bilen ösdürilýär.

Türkmenabat şäheri hem düýbünden täze keşbe eýe boldy. Bu ýerde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we medeni özgertmeleriň depgini alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işlerinde öz beýanyny tapýar. Ýaşaýyş toplumlaryny, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet maksatly desgalary gurmak möhüm ugur bolup durýar.

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky saparyň sebitiň durmuşy, welaýatyň ägirt uly gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksadynda amala aşyrylýandygyny belläp, baý tebigy serişdelerden rejeli we netijeli peýdalanmagyň milli ykdysadyýetimizi özgertmegiň strategik wezipeleriniň biridigini nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gündogar sebitde raýatlarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belläp, gurluşyk işleriniň möhletiniň we hiliniň berk berjaý edilmeginiň, şeýle hem täze senagat kärhanalarynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz halkymyz, onuň abadançylygy we rowaçlygy baradaky aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz, bu ýerde amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ählisiniň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Köýtendag etrabyna ugrady. Şol ýerde Garlyk dag-magdan toplumy hem-de sement zawody ýerleşýär.

Biraz salymdan soň, dikuçar «Lebap» sement zawodynyň çägine gondy. Bu zawod 2013-nji ýylda ulanylmaga berildi.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek bilen baglanyşykly maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk serişdeleri senagatyna möhüm orun degişlidir.

Sement önümlerini öndürmek bu pudagyň esasy ugurlarynyň biridir. Uly isleg bildirilýän ýokary hilli sement öndürýän zawodlaryň kuwwatlyklary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary bu önüm bilen üpjün etmek wezipesini çözmäge mümkinçilik berdi. Şol kärhanalarda öndürilýän örän berk we ýokary hilli portland sementi seýsmiki zolakda köp gatly binalaryň we beýleki desgalaryň gurluşygynda ulanylýar.

Mundan başga-da, nebitgaz senagaty üçin niýetlenen tamponaž sementiniň, şeýle hem jaýlaryň binýadyny tutmakda, köprüleriň we beýleki gidrotehniki desgalaryň gurluşygynda ulanylýan sulfata durnukly sementiň çykarylyşy ýola goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz desga gelip, ýörite niýetlenen ýere bardy. Şol ýerde 2020 — 2023-nji ýyllarda gurulmagy meýilleşdirilýän senagat we önümçilik desgalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp, ulanylmaga beriljek dürli maksatly binalaryň çyzgylary beýan edilen planşetler goýuldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew geçirilýän degişli işler barada hasabat berip, «Türkmensement» önümçilik birleşiginiň «Lebap» sement zawodynyň kuwwatyny ýylda
1 million tonna çenli artdyrmak maksady bilen, onuň ikinji nobatdakysyny gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Wise-premýer şeýle hem Lebap welaýatynda täze sement zawodyny gurmak barada halkara bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy.

Milli Liderimiz sebitleri ösdürmek strategiýasynyň döwletiň durnukly ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, bu meseleler sebitleriň tebigy serişdeler kuwwaty hem-de anyk wezipeler bilen jebis baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, täze iş orunlaryny döretmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzyň işewür düzümleriniň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjeňlik görkezýändigini nygtap, olaryň ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen telekeçileri tarapyndan taýýarlanylan taslamalar barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzda senagat pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu pudagyň öňünde sanly ulgamy ornaşdyrmak, täze senagat kärhanalaryny gurmak, işläp gelýänleriniň durkuny täzelemek hem-de içerki sarp edijileri senagat önümleri, hususan-da, sement bilen doly üpjün etmek hem-de onuň eksport edilýän mukdaryny artdyrmak boýunça möhüm wezipeler durýar.

Döwlet Baştutanymyz kabul edilen milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde, eksporty depginli ösdürmekde we giňeltmekde senagat pudagyna uly orun degişlidir diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň, öndürilýän sement önümleriniň hiliniň dünýä ölçeglerine kybap gelmeginiň milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra bu ýerde geçirilen iş maslahatynda degişli ýolbaşçylar ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri çözmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek, içerki bazary halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjün etmek, şeýle hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp we bu künjegiň tebigy baýlyklaryny öwrenmäge ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäniň, olary senagat taýdan özleşdirmegiň wajypdygy baradaky meselä ünsi çekip, Garlykda dag-magdan toplumynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz çig mal serişdeleriniň bolmagynyň ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmekde, şeýle hem kadaly ekologiýa şertlerini döretmekde, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigini belläp, olary özleşdirmek meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmegiň hem-de öňden barlarynyň durkuny täzelemegiň wajypdygyny aýdyp, täze iş orunlaryny döretmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda bu toplumyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň ähmiýetini nygtady hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de häzirki wagtda onuň önümçilik görkezijileri baradaky meselä ünsi çekip, bu senagat kärhanasynyň ýagdaýyna, onuň düşewüntli işlemeýändigine, çykarylýan önümiň mukdarynyň azdygyna we beýleki kemçiliklere düýpli nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz bularyň potratçy tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmäge jogapkärçiliksiz çemeleşilendiginiň netijesidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işine nägilelik bildirip, bu konserniň başlygy N.Nyýazlyýewe soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç yglan etdi.

Kaliý çykarýan we baýlaşdyrýan kombinat «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «Belgorhimprom» açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan guruldy. Bu taslama Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşinde täze sahypany açmaga, Diýarymyzyň ägirt uly çig mal serişdelerini özleşdirmäge we gaýtadan işlemäge ýardam etmelidi.

Ýöne potratçy tarapyndan taslamany durmuşa geçirmek işleri uzaga çekdirildi, toplumyň önümçilik desgalaryny gurmak işleriniň hem-de ulanmaga bermegiň möhletleri birnäçe gezek gaýra goýuldy, şertnamalaýyn borçnamalarda göz öňünde tutulan gurluşyk we beýleki işler pes hilli ýerine ýetirildi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bularyň ählisi potratçy tarapyndan işiň ýaramaz guralandygynyň, onuň bu işe jogapkärçiliksiz çemeleşendiginiň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiz bu toplumda emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça wezipeleri kesgitläp, işleri guramak, ilkinji nobatda bolsa, toplumy sowatly dolandyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz bu kärhananyň göz öňünde tutulan kuwwatlyga çykmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täze pudagy hökmünde geljekde Diýarymyzda tutuş dag-magdan baýlaşdyryjy senagatyny okgunly ösdürmek üçin esas bolmalydygyny nygtady.

Lebap welaýaty gazylyp alynýan serişdelere örän baýdyr, onuň oňat ulag-logistika ulgamy hem-de ägirt uly zähmet serişdeleri, şol sanda ýokary hünärli işgärleri we ýokary bilimli hünärmenleri bar. Milli Liderimiz munuň bu sebiti mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak üçin ähli amatly şertleri üpjün edýändigini belledi. Biz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça bellän meýilnamalarymyzy amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisinden netijeli peýdalanmalydyrys.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gündogar sebitde syýahatçylygy, hususan-da, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek meselesine ünsi çekdi. Içerki we giriş syýahatçylygyny netijeli höweslendirmek üçin biz ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap dynç alyş merkezleriniň tutuş ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we ýurdumyzyň telekeçilik düzümlerine bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz şeýle hem önümçilige innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň jemini jemläp, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň raýatlarymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini ýene-de bir gezek nygtady. Munuň özi bolsa bu maksatnamalary amala aşyrmaga örän oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz özüne garaşýan dikuçara mündi. Dikuçar Türkmenabat şäherine tarap ugur aldy.

Uçuş mahalynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň wezipelerini çözmäge gönükdirilen, her bir sebitiň toprak-howa şertlerini nazara almak arkaly taýýarlanylan taslamalar, ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň gerimi hem-de alnyp barylýan oba hojalyk işleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýata iş saparynyň çäklerinde Lebabyň atçylyk sport toplumyndaky işleriň ýagdaýy, onuň Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlanylyşy hem-de bu ýerde geçirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň daşky çäklerini gözden geçirip, amala aşyrylýan işleriň dünýä ölçeglerine kybap gelmeginiň hem-de baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çägine girip, onuň umumy ýagdaýy bilen içgin tanyşdy. Milli Liderimiz çapuw ýodasyna politrek örtügini düşemegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu işleriň halkara ülňülere laýyk derejede berjaý edilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu künjegiň ekologiýa derejesine ünsi çekip, toplumyň çäginde gül-gülzarlyk we gök zolaklaryň döredilmegine jogapkärli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi toplumyň gözellik derejesini artdyrmak bilen bir hatarda, adamlar üçin amatly gurşawy döreder.

Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli alnyp barylýan taýýarlyk çäreleri bilen tanyşlygynyň dowamynda toplumyň maslahatlar zalyna baryp gördi. Milli Liderimiz bu ýerde dabaraly çäreleri guramak üçin bolşy ýaly, oňa gatnaşýanlar üçin hem amatly şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy. Şunlukda, täzeçil tehnologiýalara, sanly ulgama möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz arassa ganly tohum atlaryň baş sanynyň artdyrylmagy, seýisçilik işleriniň ösdürilmegi, şeýle hem çapyksuwarlaryň kämilleşmegi, at çapyşyklarynyň ýokary derejede guralmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns bermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz hususy atşynaslaryň bedewleriniň baýramçylyk at çapyşyklaryna gatnaşdyrylmagy bilen baglanyşykly mesele barada aýdyp, onuň hereket edýän kanunçylyga we bu ugra degişli bolan düzgün-tertibe laýyk ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem hususy at eýeleriniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna agza bolmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň degişli derejede çözülmegi zerurdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asyrlaryň dowamynda türkmen atlaryna bagyşlanan eserleriň yzygiderli döredilendigini, olaryň şanyna rowaýatlar aýdylandygyny belläp, ahalteke bedewleriniň düşbüligi, olaryň wepadarlygy we halal gatnaşyklara ygrarlylygy baradaky rowaýaty gürrüň berdi. Munuň özi bedewleriň eden idegiňe, hyzmatyňa görä, rowaçlyk, bereket eçilmäge ukyplydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şu nukdaýnazardan pederlerimiz «At — myrat», «At rysgy alnynda» ýaly paýhasly jümleleri döredipdir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli halkara foruma we dabaralara taýýarlyk görlüşiniň barşy bilen tanşyp, atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek hem-de onuň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewe bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesinde we batly depginlerde alnyp barylmagy ugrunda zerur şertleri döretmek barada tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenabadyň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady. TDH

Degişli makalalar

Hususy Kompaniýa Ilkinji Gezek Älem Giňişligine Adam Iberdi

2018-nji Ýylyň 1-nji Ýanwaryndan Aýlyk Zähmet Haklarynyň,Pensiýalaryň we Döwlet Kömek Pullarynyň, Talyp Haklarynyň Möçberleri Ýokarlandyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

turkmenhabargullugy