26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

«Türkmennebit» Döwlet konserni Demirgazyk

”Türkmennebit” Döwlet konserniniň hünärmenleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen, Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky zolakda ýerleşýän Demirgazyk Goturdepe ýatagyny üstünlikli özleşdirýär. Bu ýerde taslama çuňlugy 4400 metre barabar 147-nji gözleg guýusynyň burawlanmagyny tamamlamak arkaly, uly üstünlik gazanyldy. Şonda işler täze enjamlary we döwrebap tehnologiýalary ulanmak esasynda alnyp baryldy.

”Türkmennebit” Döwlet konserninde TDH-niň habarçysyna habar berilmegine görä, munuň özi Demirgazyk Goturdepäniň Hazar deňziniň ýalpaklygynda ýerleşýän ýerde burawlanan ilkinji guýudyr. Şony özleşdirmegiň netijesinde has çuň ýerden täze, ýokary önümli we nebitli gatlaklar ýüze çykaryldy hem-de “gara altynyň” güýçli akymy alyndy. Konserniň hünärmenleriniň deslapky hasaplamalaryna görä, 147-nji gözleg guýusynyň önüm berijiligi gije-gündiziň dowamynda 800 tonnadan geçýär. Munuň özi geçen ýylda şu ýatakda burawlanan 29-njy guýynyň bir gije-gündiziň dowamyndaky önüm berijiliginden 2,7 esse köpdür.

147-nji guýyda buraw işelrini geçirmek arkaly alnan täze netijeler Demirgazyk Goturdepäniň suw ýalpaklygyndaky böleginiň geljeginiň uludygyny subut edýär. Häzirki wagtda bu ýatagyň suwdaky böleginde gözleg-barlag we täze guýulary burawlaýyş işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýtsak, Demirgazyk Goturdepe ýatagyny senagat taýdan özleşdirmek üçin taýýarlamak bilen bagly işler 2009-njy ýylyň oktýabrynda nebitgaz toplumynyň hünärmenleri bilen geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitçileriniň öňünde goýan wezipelerini berjaý etmegiň çäklerinde alnyp barylýar. Şonda döwlet Baştutany Hazar deňziniň ýalpaklygyna çykylmagyny hem-de şu zolakda nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özbaşdak özleşdirmäge girişilmegini çaltlandyrylan depginde guramak işini nebit pudagynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Eýýäm 2010-njy ýylyň fewralynda ”Türkmennebit” Döwlet konserniniň düzümine geräýn “Goturdepe” nebitgz çykaryjy müdirliginiň hünärmenleri Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň 29-njy guýusynda gaýtadan dikeldiş işlerini geçirmegiň netijesinde täze gatlagy ýüze çykardylar, onuň önüm berijiligi gije-gündiziň dowamynda 300 tonna nebite barabardyr. Munuň özi ulanylýan ýataklardaky şuňa meňzeş ozalky görkezijilerden birnäçe esse ýokarydyr.

Şeýlelikde, türkmen nebitçileri ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmegiň strategiki ugry – kenar ýakasyndaky zolakda täze ýataklary özleşdirmek boýunça iş ýüzünde ynamly ädimleri ädýärler. Ýeri gelende aýtsak, gazanylan ýokary görkezijiler häzirki wagtda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň hünärmenleri tarapyndan döwrebap buraw enjamlarynyň we burawlamagyň täze we ýokary netijeli tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen şertlendirilendir.

Hususan-da, Demirgazyk Goturdepe ýatagynda ulanyş üçin niýetlenen guýular täze tehnologiýa, ýagny ýapgytlygyna – duran ýerinden gapdallygyna burawlamak usuly üstünlikli özleşdirildi. Ýurdumyzyň nebitçileriniň ulanýan bu kämil usuly birnäçe guýulary duran ýerinden dürli ugurlar boýunça gapdallygyna 300-400 metr daşlyga aralaşmak arkaly burawlamaga mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde gatlagyň goşmaça önüm berijiligini we guýynyň bir gije-gündiziň dowamyndaky önüm berijiligini artdyrmak üpjün edilýär. Şu ýatakda burawlamak boýunça ilkinji gezek synag edilip görlen bu ýokary netijeli tehnologiýa ýurdumyzyň beýleki ýataklary özleşdirilen mhaalynda-da giňden ulanylar.

Galyberse-de, daşary ýurtlaryň “Şlýumberže”, “MI SWAKO”, “Wezerfold” ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary netijeli enjamlarynyň we materiallarynyň ulanylmagy “Türkmennebit” Döwlet konserniniň işiniň ilerlemegine degerli ýardam berýär. Türkmen nebitçileri tarapyndan amala aşyrylýan toplumlaýyn işler Türkmenistanda “gara altynyň” goşmaça möçberleriniň çykarylmagyny uüpjün etmek üçin, bu ýatagy senagat taýdan özleşdirmek maksady bilen taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Çykarylýan nebitiň, gazyň we gaz kondensatynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebit pudagynyň öňünde goýan we ileri tutulýan wezipeleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda “Türkmennebit” nebitgaz ýataklarynyň 25-sini işläp taýýarlaýar, uglewodorodlaryň çykarylýan möçberleri barha artýar.

Soňky ýyllarda döwletimiz Türkmenstanyň nebit pudagyna aýratyn üns berýär, onuň ösüşine ep-esli möçberlerdäki serişdeler gönükdirilýär hem-de iri maýa goýumlary çekilýär. Häzirki wagtda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň ähli kärhanalary ABŞ-niň, Germaniýanyň, HHR-iň, Russiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze tehnikasy we enjamlary bilen üpjün edilendir. Hytaýyň, Russiýanyň “Uralmaşynyň” ZJ-70DS kysymly täze desgalary 7 müň metre çenli çuňalukda burawlaýyş geçirmäge ukyplydyr. Döwrebap enjamlar we tehnologiýalar miosenli çökündilerde nebitiň çuňlukdaky täze gatlaklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär, munuň özi uglewodorodlaryň özleşdirmek üçin elýeterli gorlarynyň möçberlerini has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän täze energetika syýasatynda nebitgaz kärhanalarynyň enjamlar bilen täzeden üpjuün edilmegi üçin uly möçberli maýa goýumlaryny gönükdirmek, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar, munuň özi nebitgaz pudagynyň çig mal binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Bu bolsa öz gezeginde, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ata Watanymzy çalt depginde ösdürmek bilen bagly uly möçberli wezipelere laýyklykda türkmen ýataklaryndaky uglewodorodlaryň ägirt uly gorlarynyň üstünilkli özleşdirilmegini üpjün edýär. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Prezidentimiz Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

syrach

Türkmen – Gazak Gatnaşyklary Strategiki Hyzmatdaşlyk Hakyndaky Şertnama Bilen Berkidildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Desgalaryň Düýbüni Tutmak we Açylyş Dabaralaryna Gatnaşdy

syrach