22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryjysy H.Muhammedow hasabat bilen çykyş etdi. Ol özüniň gözegçilik edýän dolandyryş ulgamy boýunça işleriň barşy, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” Köşk toplumynyň dabaraly açylyşyna görülýän taýarlyk, we täze, kaşaň «Nusaý» myhmanhanasynyň işe girizilmegi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, öňde boljak bu belent binalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýdyp, ol ählihalk dabaralarynda täze Galkynyş eýýamynda, biziň giň möçberli, il-ýurt bähbitli özgertmelerimiziň belent ruhy öz beýanyny tapmalydyr, ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm wakasyna öwrülmelidir we paýtagtymyzyň merkezinde emele gelen täze köşk toplumynyň ajaýyp binalarynyň açylmagy Türkmenistanyň şanly senenamasyna täze sahypany ýazmalydyr diýip belledi. Täze gurlan belent binalaryň işe girizilmegi mynasybetli guralýan ählihalk dabaralary ýurdumyzda Konstitusiýamyzyň kabul edilen güni bolan Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giňden bellenilýän baýramçylygyň möhüm pursatlaryna öwrülmelidir we onda türkmen döwletiniň berkararlygy hem-de mizemezligi öz beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berilýär. Ol çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Rumyniýa saparynyň üstünlikli netijeleri bilen gutlap, bu ýurduň parlamentiniň köşgünde senatyň hem-de deputatlar palatasynyň başlyklary bilen bolan duşuşyklarda Türkmenistanyň sebitde we bütin dünýäde parahatçylykly ösüşdäki ornuna ýokary baha berilýändiginiň subutnamasyna öwrülendigini belledi. Milli parlamentimiziň ýolbaşçysy ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça, şeýle hem milli Liderimiziň kesgitlän döwletiň içerki we daşarky syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän ilkinji nobatdaky meseleleriň jähedinde milli parlamentiň alyp barýan işleri barada hem habar berdi.

Şeýle hem Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimize Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýady halkyň asylly däpleriniň we häzirki döwrüň talaplary bilen sazlaşygy emele getirýändigini belläp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini hasaba almak bilen, birnäçe kanun çykaryjy nazaryýet ugurlarynda täzeçillik usullaryny we ýurtda durmuş ykdysady özgertmeleriniň ýaýbaňlandyrylmagyna deputatlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli ahlak ýörelgelerine, döwrebap kanunçylyga hem-de halkara hukuk kadalaryna daýanýan türkmen döwletliliginiň ruhy binýady hem-de onuň oňyn esaslaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýa Binasy ýurdumyzyň asylly dessurlarynyň aýdyň nyşanyna öwrüler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu belent hem-de kaşaň bina Garaşsyzlygyň gazananlarynyň ygtybarly goraglylygyny, raýatlarymyzyň durmuşynyň derejeliligini we bagtyýar ýaşaýşyny, ýurdumyzyň Baş Kanunynda il-ýurt sazlaşygyny emele getirýän milli hem-de umumyadamzat gymmatlyklarynyň bitewiligini alamatlandyrýar, hut şonuň üçinem bu belent binanyň açylyş dabarasy özünde çuňňur ruhy hem-de watansöýüjilik garaýyşlaryny, çuň milli mazmuny jemlemelidir we ol örän dabaraly ýagdaýda, türkmeniň uludan tutýan toýuna mynasyp guralmalydyr diýip belledi. Şeýle hem milletiň Lideri degişli ýolbaşçylara Konstitusiýa Binasynyň öňündäki meýdançada geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň guralyşy bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rumyniýa bolan resmi saparynyň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmegiň çäklerinde DIM-iň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milletiň Lideriniň bu Ýewropa ýurduna nobatdaky sapary türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky oňyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ýolunda täze tapgyry alamatlandyrdy. Buharestde geçirilen gepleşikleriň barşynda Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada eýeleýän möhüm orny we onuň sebitde, şeýle hem bütin dünýäde parahzatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine goşýan saldamly goşandy nygtaldy. Saparyň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hem Rumyniýanyň türkmen döwleti bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we Buharestde geçirilen gepleşiklere ýokary baha berip, olar diňe bir türkmen-rumyn gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde hem möhüm orna eýedir diýip nygtady. Şol syýasatda bolsa Ýewropa ugry ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Buharestde gazanylan möhüm ikitaraplaýyn ylalaşyklar ýokary derejedäki duşuşygyň netijeli bolandygyna şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanmak bilen belledi. Şol ylalaşyklar bolsa däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge itergi berip, netijeli gatnaşyklary, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder. Häzir biziň ýewropaly hyzmatdaşlarymyz ägirt uly ykdysady we serişdeler, şol sanda energetiki mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyz şol mümkinçilikleri bütin adamzadyň hyzmatyna goýmaga taýýardyr. Şunda döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň ählumumy durnukly ösüşiň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy üçin hemişe açykdygyny nygtady. Milletiň Lideri bu meseläni dowam etdirip, türkmen-rumyn ylalaşyklarynyň we Buharestde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň iş ýüzünde çalt durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini aýratyn belledi we bu babatda R.Meredowa anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly mesele barada durup geçip, biziň ýurdumyzda maý aýynyň ikinji ýarymynda ABŞ-niň kompaniýalarynyň sergisiniň we türkmen-amerikan, şeýle hem türkmen-german işewür maslahatlarynyň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu möhüm çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk görkezmeleri berip, degişli meseleleriň ählisine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Japarow öz gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň 2012-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Oba hojalyk toplumy tarapyndan gurulýan has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny maliýeleşdirmek üçin ýeňillikli karz serişdelerini bermek babatda alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň maliýe bilen baglanyşykly örän düýpli mesele bolup durýandygyny hem-de onuň ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklamaga, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň il-ýurt bähbidine gönükdirilen giň möçberli wezipelerini we taslamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge hem-de türkmen halkynyň abadançylygyny gyşarnyksyz ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Döwlet býujeti işlenip düzülende, ähli pudaklaryň ýagdaýynyň maliýe-ykdysady taýdan içgin seljerilmelidigini belläp, bu resminamany taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Oba hojalyk toplumy tarapyndan gurulýan has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny maliýeleşdirmek üçin ýeňillikli karz serişdelerini bermek meselesi bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz maliýe serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna gözegçiligi üpjün etmegiň, şeýle hem gurluşyk işleriniň hili we möhletleri babatdaky talaplaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi.

Soňra hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D. Orazowa söz berildi. Ol gurluşyk, energetika we senagat pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda türkmen paýtagtyny özgertmek boýunça alnyp barylýan şäher gurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda Aşgabadyň günbatar böleginde döreýän we paýtagtymyzyň täze zamanada ajaýyp ýerleriniň birine öwrülýän “Köşi” döwrebap ýaşaýyş toplumynda ulanmaga girizilen desgalar, gurulýan we taslamalary düzülýän binalar barada habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, gurluşyk senagatynyň, senagatyň we energetikanyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmeginiň, bu pudaklarda iň täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmalydygynyň möhümdigini belledi. Türkmenistanlylaryň gowy ýaşamagy, işlemegi we dynç almagy üçin hemme şertleriň döredilmegi, amatly şäher gurşawynyň emele getirilmegi, munuň üçin zerur desgalaryň gurulmagy il-ýurt bähbitli özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar we şeýle bolmagynda-da galýar. “Köşi” ýaşaýyş toplumyndaky ýaly gurlan desgalar, olarda üpjün edilen göwnejaý şertler, beýleki zerur talaplar we ülňüler jemlenip, häzirki galkynyşly zamanamyzyň belent ruhuna hem-de bu ugurdaky bütindünýä talaplaryna doly laýyk gelýär. Şeýle hem döwlet Baştutany häzirki alnyp barylýan we geljekde göz öňünde tutulýan, ýurdumyzy gurşap alan ulag düzümini ösdürmeklige gönükdirilen taslamalary dünýäniň öňde baryjy tejribelerini hasaba almak bilen, bellenilen möhletinde göz öňünde tutulyşy ýaly, durmuşa ornaşdyrmaklyga aýratyn üns bermekligi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni bolan Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy hakynda hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, baýramçylyk dabaralarynyň hatarynda nusgawy şahyryň Watany Gerkezde däp bolan dabaralar, şeýle hem edebi agşamlar, teatrlaşdyrylan çykyşlar we paýtagtymyzda, şol sanda “Ylham” seýilgähinde geçiriljek konsertler, Magtymgulynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada edebi çeper çykyşlar we beýleki baýramçylyk çäreleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Magtymgulynyň döredijilik mirasyna halkyň söýgüsiniň we hormatynyň aýdyň nyşany bolan baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge guramaçylykly çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şowhunly we dabaraly çäreleriň diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden geçirilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutany halkymyzyň buýsanjyny belende göterjek, Watana bolan söýgüsini aýdyň orta çykarjak dabaralaryň ruhunda beýik milli medeniýetiň we onuň dünýä medeniýetiniň belent derejesi bilen sazlaşmalydygyny, türkmeniň owadan kalbyna laýyk, uludan tutulýan toýuna mynasyp geçirilmelidigini belledi.

Şol taryhy günde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň belent binasy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň belent binalary hem açylýar we türkmen halkynyň taryhynda mynasyp orun tutjak, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda häzirki bagtyýar nesle ýadygär galjak, merdana milletimiziň mukaddeslikleriniň birine öwrüljek bu belent binalaryň açylyş dabaralary şatlyk-şowhuna beslenip, türkmeniň uludan tutýan toýuna öwrülip, Watanymyzyň täze zamanada galkynýandygynyň, okgunly öňe barýandygynyň aýdyň alamaty bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän nebitgaz toplumynyň pudaklarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer II Halkara gaz kongresine we oňa gabatlanylyp geçiriljek sergä taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady we nebitgaz pudagynda şeýle çäreleriň geçirililmeginiň bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmäge ýardam etmelidigini belledi. Energetika strategiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda nebit we gaz çykarmak ulgamynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny täze tehnikalar bilen üpjün etmäge we olary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz şu ulgamlarda öňdebaryjy tejribä we iň täze tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen ysnyşykly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Akmämmedow ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, galla oragyna görülýän taýýarlyk we gowaçalara ideg edilişi hakynda hasabat berdi

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň hemmesiniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekip, galla oragyny ýokary derejede we gysga möhletde geçirmek üçin zerur bolan çäreleriň ählisiniň ýerine ýetirilmelidigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän işleriň ilerlemegi, kärendeçileriň işiniň höweslendirilmegi hem-de olar üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi ugrunda döwletiň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy. Oba hojalyk önümleriniň artdyrylmagy, gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilmegi ugrundaky işlere degişli ýolbaşçylaryň oýlanyşykly çemeleşmekderiniň zerurdygyny aýdyp, ýurtda azyk bolçulygynyň döredilmegi pudagyň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir diýip, milletiň Lideri belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mezilow döwletiň durmuş syýasatynyň we ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň 12-14-nji maýynda geçirilen “Sport we syýahatçylyk beýik Galkynyş eýýamynda” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň jemleri barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär we bu wezipeleriň hem-de görkezilen ulgamlaryň öňünde goýlan il-ýurt bähbitli meseleleriň üstünlikli çözülmegi Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam berer diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany bu ugurlar boýunça geljekde amala aşyrylmaly işlere degişli ähli meseleleriň berk gözegçilikde saklanmagyny talap etdi hem-de anyk tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň täze Galkynyş eýýamynda sport we syýahatçylyk ulgamynda gazanýan üstünliklerini we ýeten derejelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge gönükdirilen halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň meselelerine degip geçmek bilen, medeni hyzmatdaşlygy we sport hem-de syýahatçylyk ulgamyndaky döwletara gatnaşyklaryny, şeýle hem bu pudakda özara tejribe alşylmagyny mundan beýläk-de ösdürmekde forumyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutany täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda kemala gelýän nesli beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmek üçin sportuň, aýratyn-da köpçülikleýin sportuň ähmiýetini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew özüniň gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda amala aşyrylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroportunda tehniki gonuşlary amala aşyrýan daşary ýurt howa gämileri üçin uçar ýangyjyny nyrhyny arzanlatmak barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, olaryň önümçilik-ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmagy bu ulgamyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz howa, demir ýol, awtomobil, deňiz we derýa ulaglary ulgamynda görülýän çäreleriň ählisi ahyrky netijede ýolagçylaryň gatnadylyşynyň we ýük daşalyşynyň möçberleriniň ep-esli artdyrylmagyny üpjün etmelidir diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynyň halkara ulag we üstaşyr geçelgelerinde, şol sanda howa ulagy ulgamynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda Türkmenbaşy şäherindäki aeromenzil toplumynyň ähmiýeti has artýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Täze Galkynyş eýýamynda gurlan we iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroportynda ýurdumyzyň içindäki, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara üstaşyr gatnawlara hyzmat etmek boýunça takyk we ýokary netijeli işleri ýola goýumalydyr diýip, milletiň Lideri belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O. Gurbannazarowa söz berildi. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem 19-20-nji maý aralygynda ABŞ-nyň kompaniýalarynyň sergisini we türkmen-amerikan işewürler maslahatyny geçirmeklige hem-de şu aýda geçirilmegi göz öňünde tutulýan daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen boljak bilelikdäki işewürler maslahatyna taýýarlyk görmegiň barşy barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri dokma pudagynyň hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň hemmesini öz wagtynda berjaý etmegiň wajypdygyny belläp, şu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de degişli görkezmeler berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň hemme döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, doly derejedäki halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde dürli derejedäki sergileriňdir maslahatlaryň möhüm orny barada aýtdy. Milletiň Lideri şundan ugur alyp, ABŞ we beýleki döwletler bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etmeklige gönükdirilen öňde durýan serginiň hem-de işewür maslahatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň bazarlaryndaky bolçulygyň has artdyrylmagyna ünsi çekip, işiň guralyşyny ýokary derejede üpjün etmegi, harytlaryň görnüşiniň halkyň isleglerine laýyklykda barha artdyrylmagyny, nyrhlaryň önümiň özüne düşýän bahasyna laýyk bolmagy üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini wise-premýerden talap etdi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hökümetiň mejlisine gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň netijeleri boýunça degişli kararlar kabul edildi. Olarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentligine Dalaşgär, Türkmenhimiýa Döwlet Konserniniň Garabogazsulfat Önümçilik Birleşiginiň Baş Direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesowyň MAKSATNAMASY

turkmenhabargullugy

Naýbaşy Halylar

Aşgabatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi

syrach