15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

“Türkmenpoçta” Harytlaryňyzy Öýe Eltip Berme Hyzmatynyň Açylanlygy Barada Habar Berýär

Eltip berme hyzmatynyň açylmagy

Biz öýe eltip berme hyzmatynyň açylanlygy barada habar berýäris. Indi Siz harytlary göni gapyňyza getirdip bileriňiz.

Sargydyň şol gün getirilmegi-bu sargyt eden wagtyňyzdan iş gününiň dowamynda çalt gowşurylmagydyr. Biziň saýtymyzda siz elmydama eltip berme hyzmatyny saýlamak we hasaplamak bilen, isleg bildiren harydyňyzy gapydan gapa ýetirip bilersiňiz. “Gapydan-gapa” eltip berme bu- öýden ýa-da ofisdan çykmazdan, harydy ugratmagyň we kabul etmegiň görnüşidir. Kurýer ýüki sargyt edijiden “gapydan”kabul edip, adres boýunça kabul edijä “gapa” ýeitirýär.

Gapa eltip berme hyzmatynyň aýratynlyklary

“Gapydan-gapa” eltip berme hyzmaty giň gerimli aýratynlykalara eýedir- sargyt ediji eltip berme hyzmatyna daýanmak bilen, wagtyny tygşytlaýar we harydy ýükleme prosesinden azat bolýar.

Ykdysady bähbit nukdaý nazardan: Sargyt edijä harydy saklamak üçin tranzit skladlara töleg tölemek zerurlygy ýok.
Operatiw nukdaý nazardan- eltip beriji hyzmat optimal shemany özi seçmek bilen, harydy gysga wagtda ýetirer.
Howpsuzluk nukdaý nazardan- göze öňünde tutulmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň, harydyň zaýalanma ähmiýetiniň azalmagy,sebäbi harydyň ýüklenme her bir etaby kompaniýanyň jogapkär adamsynyň garamagynda we jogapkärliginde bolup durýar.

Muny bilmek zerur

Harydy “Gapydan gapa” eltip berme hyzmaty kompaniýadan harydy daşamagyň ähli marşrudyny öwrenmegi talap edýär. Şonuň üçin transpordyň gabat gelmegini doly işläp düzülmelidir. Mysal üçin:

  • Awtomobil transporty öz çaltlygy bilen aýratynlanýar, ýöne uzak aralyk üçin amatly däldir. Şeýle ýagdaýda ony demir ýol bilen utgaşdyrmalydyr.
  • Harydy başga kontinenta ugratmak ýagdaýy ýüze çykan halatynda deňiz ýollaryndan peýdalanmak amatlydyr. Bu ýagdaýda haryt gowşurylmaly ýerine ýakyn bolan port terminalyna gowşurylýar.

Çeşme: www.turkmenpost.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Keselleriň Öňüni Almak Boýunça Wagtlaýyn Hökmany Çäreler Girizildi

turkmenhabargullugy

Milli Liderimiziň Daşary Syýasat Başlangyçlarynyň Ugry Bilen

syrach