26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
DURMUŞ

TÜRKMENSTAN GARAŞSYZLYGYNYŃ 19 ÝYLLYGYNY ULY DABARA BILEN BELLEÝÄR

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaralar şu gün irden Döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyń, ministrler kabinetiniń agzalarynyń, diplomatiki wekilhanalaryń ýolbaşçylarynyń, talyplaryń we döwlet edaralarynyń işgärleriniń Garaşsyzlyk ýadygärligine gül desselerini goýmagy bilen başlady.

Her ýyl Prezident köşküniń öńündäki Bitaraplyk meýdanynda geçirilýän harby parad bu gezek Arçabil ýolunyń ugrunda guraldy.

Türkmenistanyń Döwlet mukamynyń ýerine ýetirilmeginden we baýdagyń dińe asylmagyndan soń Goranmak ministri Ýaýlymberdi Berdiýewiń harby goşuna görkezme bermeginden soń guryýer, deńiz we harby howa güýçlerine degişli harby toparlaryń parady başlandy.

Dabara gatnaşanlar harby parada el çarpyşmalar bilen syn etdi.

Harby paraddan soń meşhur Ahal-teke atlarynyń ýörişine syn edildi. Atlaryń ýörişinden soń Türkmenistanyń lideri Berdimuhamedowa garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Ministrler kabinetiniń agzalary tarapyndan Ahal-teke aty sowgat berildi.

Soń ministrler we döwlet edaralarynyń işgärleriniń parady geçirildi we ýurduń bäş welaýatyndan gelen tans toparlarynyń çykyşy boldy.

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaralara daşary ýurtlaryń Türkmenistandaky wekilleri, harby ataşeler, türk işewür adamlary we köp sanly daşary ýurtly myhman gatnaşdy.

1991-nji ýylyń 27-nji oktýabrynda garaşsyzlygyna eýe bolan Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 3 gün resmi dynç alyş yglan etdi.

İki günden bäri dowam edýän dabarlaryń çäginde Ruhyýet köşkünde tanymal aýdymçylar konsert berdi, ertir bolsa Aşgabadyń döwlet aýlawynda at çapyşygy bolar.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Trampyň Gelmegi Bilen Günorta Gaz Geçelgesiniň Durmuşa Geçirilişi Çaltlanar

turkmenhabargullugy

GDA Ýurtlarynyň Habarlar Agentlikleri Beýik Ýeňşiň Fotosuratlardaky Taryhyny Görkezdiler

turkmenhabargullugy

Begenç Berkeliýew Milli Žiwopis Mekdebiniň Zehinli Ýaşlarynyň Birirdir