04.05.2024
SAGLYK

Ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň işine berlen mynasyp baha

Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistany gyzzyrmadan saplanan ýurt diýip ykrar etmegine bagyşlanylan dabaraly maslahat boldy.

Maslahata hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, BMG-niň esasy agentlikleriniň ýerli edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň we ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň wekilleri, lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan gyzzyrmadan saplanan ýurt diýlip ykrar edilmegi —munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn «Saglyk» maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän yhlasly işiň we elbetde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge hem-de dünýä standartlarynyň ýokary derejesine çykarmak boýunça mundan beýläk-de tagallalary güýçlendirmäge milletiň Lideriniň goşýan goşandynyň netijesidir diýip bellediler. Çykyş edenleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Departamentiniň sebitara geňeşçisi Alekseý Tihomirow, BMG ÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Lenni Montiýel, BMG-niň Çagalar gaznasynyň /ÝUNISEF/ Türkmenistandaky Wekilhanasynyň baştutany Sampe Lalungpa, BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň wekilhanasynyň utgaşdyryjysy Erjan Saka, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany Brita Helleland we başgalar bar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmegi, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, gyzzyrma garşy netijeli çäreler, berk ýagdaýdaky sanitariýa-keselleriň ýaýramagyna garşy gözegçilik netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistanda gyzzyrma bilen kesellemegiň bir halaty hem bellige alynmady.

Gyzzyrmany ýok etmek hakyndaky Sertifikatyň dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleriniň ykrar edilmegine şaýatlyk edýän ýene-de bir resminamadygyny belläp geçmek gerek. 2000-nji ýylda Türkmenistanyň drakunkulezi ýok etmek hakyndaky halkara sertifikatyny alandygyny ýatlap geçmeli. 2002-nji ýylda Ýewropa sebitiniň ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana çäkleri poliomiýelitden saplanandygynyň derejesi berildi. Türkmenistan GDA we Merkezi Aziýa döwletlerinden birinji bolup we dünýäde dördünji bolup umumylykda kabul edilen halkara standartlaryna laýyklykda duzy köp ugurly ýodlaşdyrmagy üpjün etdi we adamzadyň iň derwaýys meseleleriniň biri bolan ýod ýetmezçiligi üstünlikli çözülýän ýurt hökmünde ykrar edildi, bu barada 2004-nji ýylda sertifikat aldy. Demir ýetmezçiligindäki keselleriň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanda azyk önümlerini, hususan-da, uny demir bilen baýlaşdyrmak barada giň möçberli taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar. Geljekde gyzamygyň we gyzyljanyň eliminasiýasyny gazanmak üçin zerur çäreler hem geçirilýär.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

referans:www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

BSGG: Saglygy goraýşyň ählumumy diplomatiýasynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda.

syrach

Türkmenabatda Köpugurly Welaýat Hassahanasynyň Işgärleri Üçin Ýaşaýyş Jaý Toplumly Lukmançylyk Şäherjigi Gurulýar

turkmenhabargullugy

Ýurdumyzda Sanitar-Epidemiologik Durnuklylygyň Goragynda