30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ulag Düzümleri Sebitleri Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösdürmegiň Möhüm Şertidir

Ulag Düzümleri Sebitleri Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösdürmegiň Möhüm Şertidir

Sebitleriň ulag düzümini ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejesindäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginden ybarat bolan ulag strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ýörelge oba ýerleriniň hojalyk, söwda-ykdysady we durmuş-ynsanperwerlik gatnaşyklaryna işjeň goşulmagyna, olaryň maýa goým mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna, oba ýerlerinde telekeçiligiň höweslendirilmegine we senagat ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Şunlukda, mlli Liderimiz suw, howa, demir ýol we awtomobil ulaglarynyň baglanyşygyny üpjün edýän iň häzirkizaman aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Sebitiň ähli edaralarynyň sazlyşykly we netijeli işi, şeýle hem durmuş ulgamynyň ýagdaýy döwrabap ulag ulgamyna bagly bolup durýar. Çünki ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan özgertmeleriň düýp manysy halkymyzyň abadan, bagtyýar we rowaç durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Amyderýanyň üstünden Halaç bilen Hojambaz etraplarynyň arasynda gurlan täze ponton köprüniň hormatyna dabaraly baýramçylyk ýörişi geçirildi. Bagtyýar adamlaryň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakanyň hormatyna guran baýramçylyk ýörişine köpsanly adamlar, döredijilik işgärleri, medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.
Derýanyň kenarlarynda iki etrabyň ýaşaýjylarynyň, olaryň garyndaşlarynyň köp sanlysy ýygnaldy. Olar ozal birek-birege uzak ýol arkaly baryp bilýärdiler. Ponton geçelgesi Hojambaz etrabynyň ilaty üçin ägirt uly oňaýlyklary döretdi. Olar indi Amyderýanyň üstünden geçip, Pelwert demir ýol menzilinden otly ýa-da awtomobil bilen welaýat merkezine, ýurldumyzyň paýtagtyna we beýleki sebitlere ýoluny dowam edip bilerler. 74 müňden gowrak ilaty bolan etrabyň adamlary ilki bilen Farap ýa-da Kerkiçi demir ýol menzillerine çenli gidip, onsoň derýadan geçmek üçin ägirt köp wagt sarp edýän bolsalar, indi Amyderýanyň üstünden gurlan ponton köpriniň kömegi bilen garşydaky kenara geçmek üçin bary-ýogy bir sagada golaý wagt sarp edýärler.

Soňky on ýyllygyň dowamynda durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatlaryndan başga-da, Türkmenistan ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän özboluşly inženerçilik-ulag geçelgeleriniň gurluşygy boýunça ägirt uly ösüşlere eýe boldy.

Munuň özi ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ösüşinde aýdyň görünýär. 2017-nji ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda häzirkizaman Türkmenabat-Farap awtomobil we demir ýol köprileriniň açylyşy boldy.

Mundan ozal, ýagny 2009-njy ýyldan 2016-njy ýyla çenli aralykda Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi, Seýdi-Eljik awtomobil köprileriniň, Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprisiniň gurlup ulanmaga berlendigini bellemeli Olaryň uzynlygy degişlilikde 1415, 1400 we 1414 metrlerdir. Atamyrat-Kerkiçi-Ymamnazar ury boýunça umumy uzynlygy 88 kilometr bolan Türkmenistandan Owganystana demir ýol çekildi.

Häzirki döwürde bu ulag geçelgeleriniň ulanmaga berilmegi bilen diňe bir Lebap welaýatynyň durmuş-ykdysady taýdan däl, esýem tutuş ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirdi. Şeýle hem bu desgalaryň Türkmenistanyň goňşy ýurtlary üiçn hem ägirt uly geosyýasy, ykdysady we durmuş taýdan möhüm ähmiýeti bardyr.

Köpri gurmak we ýol çekmek halkymyzda gadymy döwürlerden bäri sogap iş hasaplanýar. Köpri gurmagyň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär. Has gadymy döwürden, ýapdan geçmek üçin adamyň ilkinji daşy goýup, ondan ätläp geçen döwründen köpri gurmak ýörelgesi başlanýar. Soňra adamlar derýanyň üstünden geçmek pikrine gulluk edipdirler. Şundukda, köpri adamlar üçin ähli döwürlerde döredijilige wen paýhasly öwrülişige bolan gyzyklanmalaryň döremegine getiripdir. Häzirkizaman köprileri diňe bir kenarlary däl, eýsem döwürleri we halklary baglanyşdyrýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň çägi dünýä ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr geçelgesine öwrülýär. Yklymyň hut şu bölegi häzirki döwrüň ählumumy geoykdysady ýagdaýynyň möhüm şertini emele getirýär. Biziň sebitimiz “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň adaty geçelgesi bolmak bilen, ol gysga ýol arkaly Aziýany we Ýewropany birleşdirýär. Halkara söwda we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamy boýunça ygtybarly we bökdençsiz gatnawy üpjün edýär.

Türkmenistanyň yklymyň ulag ýollarynyň çatrygynda georafiki taýdan amatly ýerleşmegi ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulga serişdelerini amatla durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýörelgäni öňe sürmek bilen, milli Liderimiz döwrebap köpşahaly ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Denız Serhetçileri Russiýanyň Tankeriniň Ekipažyna Kömege Geldi

syrach

“Köpetdag”, “Nebitçi” Hem-de “Ahal” Toparlary Ýeňiş Gazandylar

Agrar Ýokary Okuw Mekdebiniň Talyplary German Oba Hojalyk Tehnikalarynyň Öndürilişiniň Tehnologiýasy Bilen Tanyşdylar