19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Orta Mekdepleriniň Uçurymlaryna, Mugallymlaryna we Ähli Bilim Işgärlerine

Türkmenistanyň Orta Mekdepleriniň Uçurymlaryna, Mugallymlaryna we Ähli Bilim Işgärlerine

Mähriban uçurymlar!

Sizi ajaýyp bilim baýramçylygy – «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde giňden bellenýän «Soňky jaň» dabarasynyň belent maksatlary kalbynda besleýän uçurymlarymyzyň durmuşynda iň bagtyýar pursatlaryň biri hökmünde ýatda galjakdygyna berk ynanýaryn.
Şatlykly mekdep ýyllarynyň tamamlanmagy bilen, ýaşlarymyzyň durmuş ýolunyň täze menzillerine gadam goýýandyklaryny alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy süýji arzuwlara beslenen, ýakymly tolgunmalary başdan geçirýän ýaşlarymyzyň şatlykly baýramydyr. Mähriban uçurymlaryň durmuşynda ýatda galjak bu ajaýyp baýramyň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde baýramçylyk dabaralary, ýüreklere ylham, kalplara melhem berýän şirin owazlaryň, joşgunly sazlaryň astynda medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Bu dabaralar mähriban ýaşlarymyzyň kalbynda ýokary ruhubelentlik joşgunyny döredýär.

Eziz ýaşlar!

“Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilen we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýyly bolan 2017-nji ýyl Türkmenistan Watanymyz, merdana halkymyz üçin taryhy wakalaryň, uly üstünlikleriň ýylydyr. Bu ýyl ýurdumyz syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan uly ösüşlere eýe bolmak bilen, täze belent sepgitlere gadam goýýar.
Bagtyýar zamanada halal zähmet çekip, Watanyň gülläp ösmegine uly goşant goşup, onuň at-abraýyny belende göterip, halkyň söýgüsine, sylag-hormatyna mynasyp bolmak uly bagtdyr. Siz ata Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmelisiňiz, halkymyzyň sylag-hormatyna mynasyp bolmalysyňyz, döwletimiziň özüňiz hakda edýän atalyk aladalaryna gowy okamak, halal zähmet çekmek, gurmak, döretmek bilen jogap bermelisiňiz. Siz ylym-bilimiň ynsanyň bezegidigini, onuň hiç haçan egsilmejek hazynadygyny ýatdan çykarmaň! Hakyky bagtyň ylym-bilimdedigini, päk zähmetdedigini, örän yhlasly okamalydygyňyzy, ýadawsyz zähmet çekmelidigiňizi unutmaň!
Taryhyň bütin dowamynda parahatçylygy hem-de ynsanperwerligi ündäp gelýän halkymyzyň bagtyýar nesilleri watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, maksadaokgunlylygy, belent ahlaklylygy özlerine görelde edinmelidir. Halkymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, mertlik, ruhubelentlik, päk ahlaklylyk ýaly milli häsiýetleri bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuş şygaryna öwrülmelidir. Çünki ylym-bilim, belent ahlaklylyk siziň geljekki durmuş ýoluňyzda üstünlik, abraý-mertebe, sylag-hormat, bagtyýarlyk getirer.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň bu täze taryhy döwri, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlary bilen bir hatarda, bilim ulgamyny hem yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär. Biziň bu ugurda öňde goýýan esasy maksadymyz Türkmenistany syýasy, ykdysady we medeni taýdan berk binýatly, ylym we bilim mümkinçiliklerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda artdyrýan kuwwatly döwlete öwürmekden ybaratdyr.

Milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda baý tejribe toplandy. Ýurdumyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň döwrebap binalarynyň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň öwredilişiniň kämilleşdirilmegi milli bilim ulgamyny düýpli ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda işleriň giň gerimde, üstünlikli alnyp barylmagy, bilim ulgamynda täze belent sepgitlere ýetilmegi köp babatda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmetine baglydyr.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!

Sizi «Soňky jaň» dabarasy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda siziň her biriňiziň gujur-gaýratyňyzy, halal zähmetiňizi, zehin-ukybyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Degişli makalalar

Aşgabatda Türkmen-Owgan Işewürlik Maslahaty Geçirildi

Metbugat Üçin Habar

turkmenhabargullugy

Raýdaşlyk Çempionatynda Türkmen Agyr Atletikaçysynyň Üstünligi