26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ulag Ulgamyndaky Türkmen-Gazak Gatnaşyklary – Sebitleýin Ösüşiň Möhüm Görkezijisi

Ulag Ulgamyndaky Türkmen-Gazak Gatnaşyklary – Sebitleýin Ösüşiň Möhüm Görkezijisi

Astanada döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gazagystanyň sazlaşykly ykdysady ösüşinde, olaryň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulmakda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär.

Giňişleýin düzümdäki türkmen-gazak gepleşiklerinde çykyş etmek bilen, döwlet Baştutanymyz Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça demitr ýoluň gurluşygyny onuň aýdyň netijeleriniň biri hökmünde görkezdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ýol Merkezi Aziýa we goňşy sebitleriň ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, uzak geljek üçin sebitara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik döreder.

Ulag ulgamyndaky türkmen-gazak gatnaşyklary Merkezi Aziýanyň we goňşy sebitleriň ösüşiniň möhüm ugry, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça gatnaşyklary, ykdysady taýdan utgaşdyrmagyň baş şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Ýewraziýanyň yklymlaýyn ugurlarynyň çatrygynda geografiki taýdan amatly ýerleşmegi ulag ulgamyndaky taslamalarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de artdyrmagyň, sebitleýin we yklymlaýyn ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň gurluşygyna işjeň gatnaşmagyň zerurlygyny ýüze çykarýar.

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň Arasynda…

Futzal Boýunça Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Kubogy «Talyp Sporty» Toparynda

turkmenhabargullugy

Türkmenistanlylar 2019-njy Ýyly Gülläp Ösýän Watana Buýsanç Bilen Garşyladylar

turkmenhabargullugy